"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýaşaýşa ýaraşyk berýän tutumlar

Gurmak, döretmek, guran hem döreden mukaddesliklerine buýsanyp ýaşamak halkymyza mahsus häsiýetlerdir. Zähmetsöýer halkymyz bu gün öz parasatly döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri hem daşary syýasatyna tüýs ýürekden uýmak bilen, Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň bähbidine nusgalyk işleri amala aşyrmagy başarýar. Bu buýsançly hakykata «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak syýasatynda Balkan welaýatyna aýratyn orun degişlidir. Diňe tamamlanyp barýan ýylda sebitde öndürilen 20 milliard manatlyga barabar senagat önümleriniň deň ýaryndan gowragy, bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen 10 milliardlyga barabar işiň 90 göterimden gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Welaýatda elektrik energiýasyny öndürmekde, uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemekde, oba hojalyk önümlerini taýýarlamakda-da guwandyryjy netijeler gazanyldy. Geçen galla oragy möwsüminde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze

Döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalaryny özleşdirip

Ýurdumyzyň ösüş maksatnamalarynyň strategik ugurlarynyň hatarynda telekommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda ýetilýän sepgitler milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünlikleriniň, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň milli aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda telekommunikasiýalaryň köpşahaly ulgamy hereket edýär. Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň elýeterliligi ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrýar. Häzirki wagtda sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy serişdesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda elektron önümleri we aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary döreýär. Onuň ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri boljakdygyny häzirden ynamly aýdyp bileris. Bu bazaryň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, makroykdysady ýagdaýlara uly täsirini ýetirer.

Bir günde 16 Täze ýyl

Orbitada Täze ýyl baýramyny 16 gezek — dürli sagat guşaklyklarynyň deňinden geçilende belläp bolýar. Ýöne, adatça, ony 3-4 gezek, kosmonawtlaryň ýaşaýan ýurdunyň wagtyna görä belleýärler. Ýeriň golaý asman giňişliginde Roždestwo baýramyny ilkinji gezek 1968-nji ýylda Apollon-8-iň uçarmanlary baýram etdiler. Täze ýyly bolsa sowet kosmonawtlary G.Greçko bilen Ý.Romanenko 1978-nji ýylda «Salýut-6» stansiýasynda bellediler. Kosmonawtlar häzirki wagtda älem giňişliginden Ýeriň dürli şäherlerinde atylýan feýerwerkleri-de synlap bilýärler. 2000-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasyna uzak wagtlaýyn işlemäge baran birinji ekspedisiýanyň agzalary Täze ýyl baýramyny ilkinji bolup älemdäki iş ýerlerinde bellediler. Halkara älem stansiýasynda (MKC-30) şondan soň ilkinjileriň hatarynda Täze ýyly garşylanlaryň hatarynda ildeşimiz Oleg Kononenkonyň hem bardygy buýsançlydyr. Şondan bäri stansiýada kosmonawtlar hemişelik nobatçylyk edýärler, şonuň üçinem her Täze ýyl baýramynda Zemindäkileri älemden gutlamak ajaýyp dessura öwrüldi.

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi kanuny esaslarda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine bolan hukuklary kepillendirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara döwletiň ýa-da jemgyýetiň serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär. Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, döwletiň durmuş  syýasatynyň esasy ugry hasaplanylýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, gürrüňi edilýän çygryň hukuk kepillikleriniň kämilleşdirilmeginiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Baýramçylyk arzuwlary

Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara,Ilime berjegiň gowulyk bolsun.Ähli pasyllaryň bahara meňzäp,Her öýe aýdym-saz hem şatlyk dolsun. Zürýatsyz maşgalaň perzendi bolup,Ýatyrmasyn sallançagyň badyny.Ogul atasynyň yzyn göterip,Alawlatsyn ojagynyň oduny.

Täze ýylyň bosagasynda

Täze ýylyň has bagtly gelmegine garaşyp, biz süýjüden-süýji arzuw edýäris. Dünýäde adamlaryň iň köp arzuw edýän güni, megerem, Täze ýylyň baýramçylyk güni bolsa gerek. Täze ýylda arzuw etmek il içinde däbe öwrülipdir. Bu bagtly pursatlary paýlaşmak üçin biz biri-birimiziň öýlerimize myhmançylyga barýarys. Birek-biregi dürli sowgatlar bilen gutlaýarys. Eýsem, täze ýylda arzuw etmek däbi nirede, haçan döredikä? Ilkinji täze ýyly bellemek däbi nireden geldikä? Geliň,  taryha ýüzleneliň! Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň taryhy gadym döwürlerden başlaýar. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilendigi baradaky ilkinji tapylan subutnamalar miladydan öňki III müňýyllyga degişlidir. Ýöne taryhçylar bu baýramy ondan hem has irki baýram diýip hasaplaýarlar.

Nurana bezegli arçalar

Däp bolup gelýän Täze ýyl baýramçylygy bosagada. Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk toý arçasyny bezemekden we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekden başlanýar: — Täze ýyl arçasynyň hakyky ýa-da emeli arçadygyna garamazdan, agaçdan ýa-da demirden edilen esasyň üstünde berkidilip oturdylmalydyr;

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Geçmişiň buýsançly kelamy Ýakynda welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen dabara welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Täze ýyl baýramynyň dabaralary

Arzuwlaryň şowhunly toýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmen halky 2025-nji ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti we ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde “Tarypyň dillerde dessan, eziz Watanymyz jan Türkmenistan!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda medeniýet işgärleri aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Täze ýyl arçasyndaky şatlyk

Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgüniň öňündäki Täze ýyl arçasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan dabara bagtyýar çagalar gatnaşdy. Bezemen arçanyň töweregini şatlyk-şowhun gurşap aldy. Çagalar el tutuşyp aýdym aýtdylar, labyzly goşgy okadylar, şatlandylar. Ýaş nesliň kalbynyň joşgunynyň beýany bolup dabaralanan çykyşlar giň toý meýdançasyndaky ruhubelentligi belende göterdi. Şeýle şatlykly pursatlar eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygy bilen bagly hakykata göz ýetirmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Täze ýyl arçasyndaky dabara hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Türkmenistanyň Prezidentine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ka­ra­ry bi­len Pre­zi­dent Ser­dar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar top­lu­my bi­len

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne «Dus­lyk» or­de­ni gow­şu­ryl­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dün­ýä­niň 30-dan gow­rak ýur­dun­dan ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­ri, umu­my­lyk­da 20 müň­den gow­rak myh­ma­ny Ka­zan­da jem­län XVI BRICS sam­mi­ti iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek üçin hem ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. Sam­mi­tiň çä­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­now bi­len du­şuş­dy.

Tä­ze ýy­lyň şow­hu­ny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tä­ze ýyl baý­ra­my my­na­sy­bet­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de şow­hun­ly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de hem baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy uly şat­lyk-şow­hu­na bes­len­di. Da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­iň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, sport des­ga­la­ry­nyň we sport mek­dep­le­ri­niň jo­gap­kär iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň önüm­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de ha­sa­ba alyn­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýylyň 14-nji de­kabryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, bu ýer­de gu­rul­ma­gy, dur­ky tä­ze­len­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

Türgenleriň täze ýyl gutlaglary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Şah­zod­bek MAT­ÝA­KU­BOW,

Arkadag — ýaşlaryň şäheri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Gojaman Köpetdagyň eteginde, ýeriň ýüzüniň gaýmagy ýaly, zemini ýagtyldýan Güneşiň nury mysaly nuranalykdan görk alan, çuňňur zehinden kemal tapan Arkadag şäheriniň adyndan beýikligi görmek bolýar. Şäheriň gögi direýän binalary, synlanyňda gözýetimiň ýetmeýän şaýollary soňlanmajak ösüşleriň şaýady bolup dur. Bu ösüşlerde pederlerimiziň egsilmez yhlasynyň, dürdäne sözleriniň mazmunyny görmek bolýar. Elbetde, gurýan döwlet — gurply döwlet. Şu sözlerden ugur alan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň goşa ganatyny döretdi. Ganatyň biri paýtagtymyz Aşgabat bolsa, beýleki ganat Arkadag şäheridir.

Tür­kme­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 16-njy no­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­di­len gü­ni my­na­sy­bet­li bu gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­si di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan ýaş­la­ry sy­lag­la­mak da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Bu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­na ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne my­na­syp go­şant go­şan ýaş­la­ryň 135-si­ne gow­şu­ryl­dy. Bu­la­ryň için­de bi­ziň ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­zi oka­ýan we ta­mam­lan ta­lyp ýaş­la­ryň 4-si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­ny al­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di. Bu ýer­de ins­ti­tu­ty­my­zyň 1-nji ýyl ta­ly­by Pa­ra­hat Mäm­met­nu­row, 4-nji ýyl ta­ly­by Ser­dar­gel­di Nur­mu­ham­me­dow, 5-nji ýyl ta­ly­by Oraz­mu­ham­met Us­ta­ýew we ins­ti­tu­ty­my­zyň uçu­rym­la­ry bo­lan Da­ýanç Omi­row, La­çyn Gur­ba­no­wa (Ba­dag­ly­ýe­wa) da­gy­la­ra baý­ra­gyň gow­şu­ryl­ma­gy Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň bi­li­mi­ni alyp şu de­re­je­le­re my­na­syp bol­mak­la­ry hem­mä­mi­zi buý­san­dyr­dy. Da­ýanç Omi­row bi­len La­çyn Gur­ba­no­wa bu gün öz kesp­le­rin­den ke­mal tap­dy­lar.

Buýsançly bedewlerimiz ÝUNESKO-nyň sanawynda

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny dün­ýä ta­nat­mak­da BMG-niň Bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dy­ryp, türk­me­niň göz gu­wan­jy­na de­ňel­ýän ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak öň­de go­ýul­ýan we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan hem kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy özün­de sak­la­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz, asyl­ly he­re­ket­le­ri, ýyn­dam­ly­gy we gö­zel­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de taý tap­dyr­ma­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan­dy­gy üçin 2023-nji ýy­lyň 5-nji de­kabr­da Ka­sa­ne­de ge­çi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň 18-nji ses­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­sy­nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi yg­lan edil­di.

Ar­ka­da­gy­my­zyň eserlerinde be­dew was­py

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men hal­ky dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne özü­niň naý­ba­şy gym­mat­lyk­la­ry bi­len go­şan­dy­ny go­şup, hal­ka­ra are­na­syn­da­ky ab­ra­ýy­ny yzy­gi­der­li art­dy­ryp gel­ýän­di­gi­ni ta­ry­hyň gat­la­ry, şu gü­nüň ro­waç­lyk­ly ösüş men­zil­le­ri şöh­le­len­dir­ýär. Hal­ky­my­zyň ru­hu­na, hä­si­ýe­ti­ne ky­bap­daş gel­ýän, özü­niň gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy bi­len dün­ýä halk­la­ry­ny haý­ra­na goý­ýan be­hiş­di be­dew­ler hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň paý­has ele­gin­den ge­çen naý­ba­şy eser­le­rin­de gah­ry­man­la­ryň çe­per keşp­le­ri, dur­muş pel­se­pe­le­ri ar­ka­ly be­ýan edil­ýär. Türk­men hal­ky be­de­wi idet­mek, ony se­ýis­le­mek, şeý­le hem aty ta­na­mak işin­de asyr­lar­bo­ýy top­la­nan tej­ri­bä da­ýa­nyp­dyr. Bu ýö­rel­ge­le­riň türk­me­niň aňyn­da ga­dy­my dö­wür­ler­den kä­mil­le­şip sun­gat de­re­je­si­ne ýet­me­gi­niň özi hal­ky­my­zyň bu gym­mat­ly­ga goý­ýan sar­pa­syn­dan, sy­la­gyn­dan ny­şan.

Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy

Mary welaýaty, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda zerur işler amala aşyrylýar.