"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Il agzy

Könekileriň «Alla gözden salmasyn!» diýen sözleri, gepiň gerdişine görä, heniz-henizlerem ulanylagan. Ol-a, adama ilki buýrulan söz eken, sebäbi bolmasa çöp başy gymyldaýamy diýsene! Gelende aglap, ýöne begendirip, gidende agladyp gidýän adam oglunyň şu ikaradaky ömür diýlip goýberilen, kime näçeräkligi näbelli pursadynda bar zat sebäpli. Sen onuň şeýledigini inkär etjek bol, başartmaz, ykrar tarapyna geçeniňi, şonluk bolanyňy duýmanlar galarsyň. Döreýiş taryhy milliardlap, millionlap ýyllary hasyl eden zamanadyr eýýamlaryň içinden geçip gaýdan ummanlardyr deňizler öz-özünden dörändir öýdýäňizmi? Ýok-la. Munda bisebäp zat barmy? Heniz gaty gadymy, juda irki döwürden söz açylsa, ony Nuh eýýamyna, Nuhuň tupanyna deňelegen. Nuh ata halas bolmak üçin gämä münäýmänkä, ýokardan gelen buýruk bilen her jandardan bir jübütini ýanyna alýar. Gidip barşyna günleriň birinde gury ýere gözi düşmezmi? Munuň şeýle boljagyny heniz ýoldaka agzy guruja çöpli kepderiniň bolşundan-da oraşan aňan Nuh, aman-sag ýere düşýär. Dünýäniň süri-süri dowarynyň urbalygy Nuh atanyň gury ýere çykaran mallaryndan bolarly. Biziňkilerde «Dowar başy dörtden, düýe başy birden» diýen gürrüň bar. Ol goýun ýa düýe urbasyny tutunjagyň gürrüňi. Urba edinjek bolýan goýun bolsa Musasynda, düýe bolsa Weýis babasynda belli maly göz astyna alagan bolýar. Urbasy şeýde-şeýde tutulan mal, elbetde, orta mekdebiň matematikasyndaky

Pyragynyň arzuwlarynyň beýany

Parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk syýasatyny öňe sürýän Garaşsyz Diýarymyzda agzybirligi baýdak edinilip geçilýän ýollarda gazanylýan uly ösüşleriň, ýetilýän üstünlikli sepgitleriň dabarasy dag aşýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiliginde şu günümiziň bagtyýarlygy, geljegimiziň gülzarlygy nazara alnyp başy başlanan işleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň durmuşymyzda ýylsaýyn döredýän özgerişliklerine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlaýan günlerimizde hem şaýat bolýarys. Oguz han, Gorkut ata, Mälik şa, Soltan Sanjar, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleri dünýä beren, Hakyň nazary düşen Diýarymyzda bu gün ata-babalarymyzdan gelýän we asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Pederlerimiziň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Halk aýtsa, galp aýtmaz» ýaly nakyla öwrülen ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de umumylykda ykrar edilen demokratik, milli ýörelgelerimize esaslanylyp geçirilýän Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, halk häkimiýetliliginiň

Şygryýet

Gahrymanlar siz! Hak Howandarymyz — Arkadagymyz,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.Biziň Watan bilen herne barymyz,Hakyky halk Ogly — Gahrymanlar Siz,Ýüreklere ylham Mähribanlar Siz!

Dessanly dünýäniň düýbünde

«Miras» teleýaýlymynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Çary Ýakubowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dessan meni özüne kökerdi. Hakykatdan hem, ol öň meniň şindi eşitmedik sözlerimi joşup-joşup «güzlendirýärdi». ...Seredip otursam, bu döwrebap «Altynjan — Togrul beg» dessanyny halypamyz Osman Ödäniň «Altynjan hatyn» atly romany esasynda ýazan öz tanyşlarymdan bolup çykdy. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Baýram Akatow eken. Onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildim.

Hemaýat (Hekaýa)

Keýik owlajygy doglanda, howa çigrekdi. Enesi onuň endamyny ýalap-ýalap guratdy. Şondan soň onuň bedeni ýylamak bilen boluberdi. Wagt geçmän, owlajyk enesiniň yzyndan galman tibirdikläp ýören boldy. Ýaşaýşyň özi haýwana-ynsana gün görmäni, öz düzgünlerini öwredýär. Keýik bolsaň, ýagyň ýeterlik ekeni. Möjekdir adama gözüň düşdügi gaçybermelidigini ol gaty çalt öwrendi. Keýik sürüsi şol gün otlap-otlap, ahyry kert gaýaň üstündäki tekiz bir ýerde ýataklady. Gäwüş çalyp, kän ýatdylar. Ýöne gijäň birwagtlary, howpdan gutulmak üçin alabasgy bolup gaçmaly bolundy. Turdy bir tozan. Keýik sürüsi ýüzüni günbatar tarapa tutdy, sebäbi ýagy gündogardandy. Keýikler tüm garaňkyda-da edil ýoluny saýgarman duran haýwan däldir-le, ýöne iki jeren bilen birem owlak iteleşikde gaýadan taýyp gaçdy. Usurgan hem şahyny döwdüren jerenler-ä biraz soň zordan galyp, agsak-towsak halda gitdiler. Owlajygam aýagyny döwdürip, şol ýerde galmaly boldy. Bolsa-da gaýa edil diwar ýaly dikem däl, çala ýapgytlyk bardy. Sypjyryklar hiç zatdy.

Kitap hakda

Kitap okan gullar magnydan dokdur. Magtymguly PYRAGY.

Pursatlar

Belli aýdymçy Saparmyrat Babaýew bilen üç ýyl harby gullukda bile bolduk, dostlaşdyk. Gullukdan soň hem biz köp ýyllap baryş-gelişde bolduk. 1968-nji ýylyň güýzünde men Gökdepä Saparmyratlara bardym. Şonda ol goňşy obada bolýan toýa menem alyp gitdi. Toýa baranymyzda bizi öýlenýän ýigit Öwez Aşyrow garşy aldy we myhman jaýa alyp bardy. Otagda bäş-alty oglan oturan eken. Şolaryň biri zehinli aýdymçy Annaberdi Atdanow bolsa nätjek!

Şygryýet asmanynyň ülkeri

Buşluk habary näçe süýndürdigiňçe süýjüsi artarmyş. Ýöne biziň bu hoş habary tizden-tiz okyjylara ýetiresimiz gelýär. Gürrüň geçen asyrda edebiýat äleminde Ülker ýyldyzlar toplumy kimin jemlenip, ynsanlara şygryýetiň şirin şerbetini paýlan ussatlar hakda. Has takygy, olaryň täze neşir edilen ýygyndylary barada. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň päkize duýgulary söz gözelligine öwrüp döreden şygyrlar bossanlary gaýtadan neşir edildi. Ussatlaryň edebi arhiwlerinden alnan goşgularynyň hem girizilendigi bu şygyrlar hazynalarynyň gymmatyny has-da artdyrýar. Ajaýyp eserleri bilen halkymyzyň aňynda ýaşap ýören, türkmen edebiýatynyň läheňleri, sarsmaz sütünleri bolan uly söz ussatlary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlar bossanynyň hut şu ýyl — beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde gaýtadan neşir edilmeginde uly many bar. Bu buşluk habarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde ýaýramagynda özboluşly ýakym-ýalkym bar. Sebäbi bu kitaplaryň sahypalarynyň her birini ýüregiň içinden geçirip waraklap oturyşyňa, Magtymguly Pyragynyň doglan gününe şägirtleriniň şeýle ajaýyp serpaý ýapandygyna haýran galýarsyň. Kerim aganyň rubagylaryndaky şu setirlerini okanyňda-da, beýikleri

Ahunyň Magtymgulyşynas ogly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aňyrsy görünmeýän älem giňişligini ýada salýar. Edebiýatçy alymlaryň ussadyň şygyrlarynyň her biriniň many çuňňurlygyna aň ýetirmek üçin ýyllara barabar wagtyň gerekdigi barada aýdan sözleri muňa şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçinem akyldar şahyryň döredijiligine alymlar ömürleriniň uly bölegini bagyş edýärler. Şeýle ussatlaryň biri-de ýazyjy, şahyr, edebiýaty, mirasy öwreniji Ahmet Ahundow-Gürgenlidir. Ahmet Ahundow-Gürgenli 1909-njy ýylda Eýranyň Kümüşdepe şäherinde dünýä inýär. Ol başlangyç sowady dini ugurdan kämil bilimli, kakasy Rejep Ahundan alypdyr. Rejep ahunyň kakasy-da şahyr bolup, adyna Allaguly diýer ekenler. Ahmet özüne şahyrlyk zehininiň atasyndan miras galandygyny ýatlamagy gowy görüpdir.

Hodzko-Boreýko

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy — baky gymmatlyga öwrülen döredijiligi bilen dünýäniň çar künjüni ýagtyldýan beýik ynsan. Onuň şygyrlarynyň şirinligini baryp XIX asyrda daşary ýurtlaryň edebiýatçy alymlary duýup, olary öz halklaryna ýetirmegiň aladasynda bolupdyrlar. Pyragynyň şygyrlarynyň dünýä ýaýramagyna goşant goşan şeýle ynsanlaryň biri-de polýak jemgyýetçilik işgäri, gündogarşynas we şahyr Aleksandr Ýan Hodzko-Boreýkodyr. Hodzko-Boreýko Wilen guberniýasynyň Wileý uýezdinde (häzirki Belarus Respublikasynyň Minsk oblastynyň Mýadel raýony) dünýä inýär. Gimnaziýany tamamlandan soň Aleksandr 1820-nji ýylda Wilen uniwersitetiniň filologiýa bölümine okuwa girýär. Ýöne käbir sebäplere görä okuwyny doly tamamlaman, Sankt-Peterburga göçüp gitmeli bolýar. Ol ýerde Hodzko-Boreýko Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň ýanyndaky Gündogar dilleri okuw bölümine girýär. 1830-njy ýylda bolsa ony Eýrana, diplomatik gulluga belleýärler. Soňlugy bilen ol Eýranda konsul bolup işleýär.

Buýsançnama

Oguzkent — Yzgandyň ruhy, tutumlarna medetkärdir,Oguz bilen tanaýarys bu gadymy mekany biz!Merdanalyk, edeplilik emer-damarynda bardyr,Kalby gowy zady görýär, ýüregi-de ýagşa ýardyr,Watan — başlarmyzyň täji, milli mertebe — janymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz — şanymyz!Halkyň milli buýsançlaryn taryhy dördi, idedi,Gahryman Arkadagymyz — türkmeniň Milli Lideri,Asly merdiň — nesli kämil. Kämillik dünýäň küýsegi,Kämillikleň kuýaşyndan bagt nury çogýar didede.

«Köňül ýola rowandyr...»

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyny dünýä dillerine terjime eden daşary ýurtly şahyrlar, terjimeçiler barada gürrüň edilende, Hindistanyň Jemgyýetçilik ylymlary mekdebiniň dekany, professor Nasim Ahmad Şahyň ady biygtyýar seriňe dolýar. Nasim Ahmad Şah 2014 — 2017-nji ýyllarda Hindistanyň Kaşmir uniwersitetiniň Yslamy öwreniş institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi. Biz Nasim Ahmad Şah bilen iki gezek duşuşdyk. Birinji gezek 2014-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly maslahatyň çäginde onuň bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ol maslahatda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şu günki günde ähmiýeti» diýen temadan çykyş etdi. Sypaýylygy hem-de medeniýetliligi bilen biziň ünsümizi çeken alym maslahata akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň urdu dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny sowgat alyp gelendigini gürrüň berdi. Bu, sözüň doly manysynda, diňe maslahata gatnaşan ildeşlerimiz üçin däl-de, eýsem, dana Pyragynyň döredijiligini uludan sarpalaýan beýleki halklaryň wekilleri üçinem buýsançly waka bolupdy. 2014-nji ýylda Nasim Ahmad Şah türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyny urdu diline terjime etmekde bitiren hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragy

Adamzat ömrüniň manysy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan: — Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Türkmenim eşreti Sizden görendir,Erkana gezendir, daňlar örendir.Hak Hudaýdan berlen ömür önendir,Arkadagym, Arkadagly Serdarym! Her kim bir ýerlerden ýalkanmalydyr,Günleri bezenip galkynmalydyr.Döwletin, döwranyn ol almalydyr,Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly halk danasy Altyn çäji başda jyga,Şirin nygmat her dänesi.Akyl käni dilde doga,Kalp sözünde hak namasy,Magtymguly halk danasy.

Akyldaryň gymmatly edebi mirasy

Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynyň şanly ýylyň şygaryna öwrülmegi bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar, olary beýik üstünliklere, ösüşlere ruhlandyrýar. Milli edebiýatymyzda-da, dünýä edebiýatynda-da Magtymguly Pyraga bagyşlanylyp döredilen şygyrlaryň, kyssa eserleriniň ençemesi bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry beýik şahyrymyzyň edebi keşbini, eserlerindäki umman ýaly çuň, asman ýaly çäksiz pähim-paýhasy, pelsepäni çeper we doly beýan edýändigi bilen has ähmiýetlidir. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda Magtymguly Pyragynyň: «Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz, //Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen dürdäne setirlerini okamagy şahyryň eserlerinde ündelýän pikirleriň, beýan edilýän duýgularyň umumadamzat ähmiýetine eýedigini alamatlandyrdy.

Algyn pendim, jigerbendim!

«Ýagşy sözler jaý eýleýir dil içre» Halkyň hakydasyna ornan sözüň yrýasy ýok. Jüpüne düşen nakyllaryň manysyny, hikmetini tirdigiň saýy, maňzyňa batyp duran pikirler bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Pederlerimiziň «Ilki oýlan, soň gürle!» diýen pähimli sözi hem nesillere pent bolup galypdyr. Bu pikiriň hikmetine Ýunus Emräniň: «Söz kylar gaýgyny şat, söz kylar tanyş-bilşi ýat» diýen setirleriniň üsti bilen has aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Paýhas dürleri

Adam erbetlik etse-de, gowulyk etse-de, özi üçindir. Sagdy Şirazy.

Paýhas çeşmesinden

■ Güýç ýetmeze akyl ýeter. ■ Gepiň azy ýagşy, aşyň — duzy.

Beýiklige tagzym

Halkyň agyr ykbalynGöterip gerdeninde,Bagta umyt-hyýalynSaklapdyr ýüreginde. Pyragyň beýik adyÝüzläp dilde ýaňlanýar.Şygryndaky çuň manyUmman bilen deňlenýär.