"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ulgamyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň depgini ýokarlanýar. Täzeçil çemeleşmeler, awtomatlaşdyrylan gurluşlar, kämil innowasiýalar dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Türkmenistanda hem innowasion tehnologiýalar ulgamynda netijeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, robot, emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Tebigy ýerasty baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan hem-de daşky gurşawy goramaga aýawly çemeleşýän, bu ugurda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Täzeçil çemeleşmeler – döwrebap ösüşler

Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ulgamyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň depgini ýokarlanýar. Täzeçil çemeleşmeler, awtomatlaşdyrylan gurluşlar, kämil innowasiýalar dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Türkmenistanda hem innowasion tehnologiýalar ulgamynda netijeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, robot, emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Tebigy ýerasty baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan hem-de daşky gurşawy goramaga aýawly çemeleşýän, bu ugurda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwrebap tehnologiýalar we ýokary innowasiýalar durmuşymyza tiz aralaşýar. Bilim ulgamynda iň häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösüşiniň b

Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de sergi geçirildi

10-11-nji sentýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň («TIF — 2024») we ugurdaş serginiň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi geçirildi. Oňa dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary, türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti çykyş etdi. Ol, öz gezeginde, Türkmenistanyň maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtlaryň hatarynda öňe saýlanýandygy, ägirt uly uglewodorod gory, nebiti we gazy gaýtadan işleýän, eksporta niýetlenilen polietilen, polipropilen ýaly ýokary hilli önümleri öndürýän milli önümçilige eýedigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «RID Batteries» kompaniýasynyň baş direktorynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agza-habarçysy, tehniki ylymlarynyň doktory Rahmanguly Esedullaýewiň, Koreýa Respublikasynyň «BHI Co. Ltd» kompa

Her gün 7 müň 422 ulag satýar

«Changan Automobile» kompaniýasy şu ýylyň başynda uly meşhurlyk gazanyp ugrady. Has takygy, ol ýylyň başyndan bäri, 1,7 milliona golaý awtoulag satdy. Kompaniýanyň birinji ýarymýyllygynyň jemleri barada yglan eden hasabatynda onuň girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim artyp, 10,7 milliard amerikan dollaryna deň bolandygy nygtalýar. Hasabata laýyklykda, «Changan Automobile» şu ýyl her gün ortaça 7 müň 422 sany ulag satypdyr. Şol bir wagtyň özünde şu ýyl kompaniýanyň öndürýän ulaglarynyň ortaça bahasy hem 575 amerikan dollary möçberinde gymmatlap, bu görkeziji 8 müň 150 amerikan dollaryna deň bolupdyr.

420 million smartfon satdy

«Redmi» hytaý brendi şu wagta çenli «Redmi Note» seriýasyna degişli smartfonlaryň 420 milliondan gowragynyň satylandygyny mälim etdi. 13-nji sentýabrda özüniň on ýyllygyny bellän bu brend şu aýyň dowamynda täze önümi «Redmi Note 14» smartfonyny hem köpçülige tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Täze smartfonyň «Redmi Note 14», «Redmi Note 14 Pro» we «Redmi Note 14 Pro+» görnüşleri müşderilere hödürleniler.

Dünýä bazary üçin Hindistanda hem «iPhone 16» smartfony öndürilip başlanar

«Apple» kompaniýasy täze «iPhone 16» smartfonuny Hindistanda öndürmegi hem-de şol ýerden dünýä bazarlaryna ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada Hindistanyň elektronika we aragatnaşyk tehnologiýalary ministri Aşwini Waýşnaw mälim etdi. Mundan ozal, «Apple» Hindistanda diňe ýerli bazar üçin niýetlenilen smartfonlary öndürýärdi. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, «Apple» kompaniýasynyň «iPhone» smartfonlarynyň önümçiligini diwersifikasiýa etmekden esasy maksady üýtgeýän geosyýasy ýagdaýlar we üpjünçilik zynjyryndaky näbellilik sebäpli bir ýurda garaşlylygyny azaltmak bolup durýar.

Aşgabatda şäherara awtobuslaryň gatnaw petegini onlaýn satyn almak hyzmaty kämilleşdirildi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy («Awtomobil ulag hyzmaty» paýdarlar jemgyýeti) öz web saýtyny we mobil goşundysyny täzelemek bilen, ulanyjylyk tejribesini görnetin kämilleşdirdi we ýolagçylar üçin ýetirilýän mümkinçiliklerini giňeltdi. Ýolagçylar indi bir gezekde 10 sany gatnaw petegine çenli satyn alyp, dürli sebäbe görä, eger isleseler olary onlaýn görnüşde yzyna gaýtaryp bilerler. Petegiň resminamasynyň PDF görnüşinden QR kody skanirläp, gatnaw peteginiň ýagdaýyny barlamak funksiýasy hem goşuldy.

Innowasion şäher

«Akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň bina edilmegi döwrüň talaplaryndan ugur almak hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek maksady bilen amala aşyrylan iri taslamadyr. Bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe işleri durmuşa geçirmegi, onuň gurluşygy bilen ýygy-ýygydan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi şäheriň gurluşygynyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna şert döretdi. Arkadag şäherinde sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklaryndan biri, şäheriň dürli taraplaryna gözegçilik etmek üçin IoT tilsimçeleriniň ulanylmagydyr. Mysal üçin, şäher ulag akymyna gözegçilik etmek we ulag dolandyryşynyň gabyllygy üçin tilsimçeleri ulanýar. Şeýle hem tilsimçeler howanyň hiline we şertlerine gözegçilik edýärler. Bu şäherde howanyň hilini ýokarlandyrmaga we howa hadysalarynyň aşa bolan ýagdaýynda degişli çäre görmäge mümkinçilik berýär.

Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” forumy we sergi açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi öz işine başlady. Foruma Türkmenistandan, ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan, Beýik Britaniýadan 100-den gowrak kompaniýa gatnaşýar.

Kompýuter syçanjygynyň taryhyndan

Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy bilen kompýuteri ulanmak gündelik zerurlygymyza öwrüldi. Onda işlenilende ol ýa-da beýleki programmalara degişli işi amala aşyrmak üçin bolsa ýörite guralyň zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu gural amerikan oýlap tapyjysy Duglas Engelbart tarapyndan oýlanyp tapylyp,1968-nji ýylyň dekabrynda San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada görkezilipdir. Gural kompýuterden üzňe bolsa-da, ondaky işi bellibir aralykdan ýerine ýetirmäge uýgunlaşdyrylypdyr. Bu gural kompýuter syçanjygydyr. Ilkinji syçanjyk tagtadan ýasalyp, dörtburçluk şekilinde bolupdyr. Onuň üstünde bir düwmejik, aşagynda bolsa guraly herekete getirer ýaly iki tigirçek bolupdyr. Kompýuter bilen birleşdiriler ýaly onuň yz tarapyna sim dakylypdyr we şol görnüş oýlap tapyja guýruklyja syçanjygy ýatladypdyr. Şol sebäpden D.Engelbart syçana meňzeýändigi üçin gurala «syçanjyk» diýen ady beripdir.

Türkmenistanda ilkinji gezek “HI-TECH-2024” forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de “Oguzabat” hojalyk jemgyýetiniň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara forum hem-de sergi geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň edara binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän foruma we sergä gatnaşmaga häzirki wagtda dünýäniň dürli döwletlerinden onlarça   edara-kärhanalar, halkara we jemgyýetçilik guramalary hasaba alyndy.

Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy

Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi. Ýaponiýanyň Hökümetiniň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu başlangyç tejribeli hünärmenlerden peýdaly bilimleri we endikleri almaga mümkinçilik berer. Bilermenlerden tälim almaklary olara pikirleriň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi we hünär we şahsy ösüş ugrundaky maksatlara ýetmek üçin güýçli itergi berer. Gysgaça aýdylanda, ýaş nesle üstünlik ýolunda kömek etmek üçin meýdança döredildi.

Türkmenistanda “E-mekdep” bitewi elektron meýdança işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşant goşan mugallymlar, ene-atalar we mekdep okuwçylary üçin «E-mekdep», bitewi elektron meýdançany işe girizdi. Elektron ulgam ene-atalara çagalarynyň okuwa gatnaşygyna netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, olaryň gatnaşygy we ýetişigi, synpda öwrenilýän temalar, öý işleri, mugallymlaryň bellikleri, ol ýa-da beýleki derslere höwesi barada edil şol wagtda maglumat almaga mümkinçilik berýär. Maglumat islendik wagt, işde ýa-da öýde onlaýn bolsun, sms ýa-da «E-mekdep» ykjam goşundy arkaly sanly habar görnüşinde elýeterlidir.

Öý bikeleriniň ynamdar kömekçisi

2000-nji ýylyň başyndan bäri «Electrolux Trilobite», «Roomba», «Samsung NaviBot», «Xiaomi», «Okami» we şuňa meňzeş kompaniýalar tarapyndan öý işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen, tozan sorujy robotlar öndürilýär. Tozan sorujy robotlar otaglary adam gatyşmazdan, awtomatiki usulda arassalamak üçin döredilen enjamdyr. Ol tigir hereketlendirijileri, nawigasiýa datçikleri we dolandyryş mikrokontroly bilen enjamlaşdyrylyp, garaşsyz hereket etmäge we öz-özüni ugrukdyrmaga ukyply.

«maslahat.gov.tm» — döwrebap web sahypa

Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Şonuň netijesinde her bir ulgamyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň öz web saýtlary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «maslahat.gov.tm» web saýty hem şeýle döwrebap çözgütleriň biridir. «Maslahat.gov.tm» web saýty «Baş sahypa», «Habarlar», «Kanunlar» we «Arkadag» gazeti bölümlerinden ybarat. Onuň «Baş sahypa» bölümi «Baş sahypa», «Suratlar», «Halk Maslahaty hakynda» atly bölümçeleri öz içine alýar. Olarda bolsa degerli maglumatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýokary hilli ajaýyp suratlary görkezilýär, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wezipeleri, alyp barýan işleri we ähmiýeti dogrusynda habar berilýär.

«Toyota Motor» 925 müňe golaý ulag satdy

Ýaponiýanyň «Toyota Motor» awtokonserni ähli golçur kompaniýalaryny bilelikde hasaplanyňda Şu ýylyň iýul aýynda 924,9 müň awtoulag satdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,7 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa iýul aýynda ulaglaryň önümçiligini hem artdyryp, 923,6 müň sany ulag öndürdi. Hasabat döwründe Ýaponiýanyň beýleki awtoulag kompaniýalarynyň satuwy hem ýokarlandy. Hususan-da, «Honda Motor» kompaniýasy geçen aýda 295 müň (25,5 göterim ösüş), «Mazda Motor» 105,3 müň (3,4 göterim ösüş) awtoulag satdy.

Durmuş döwrebaplygy

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy işe girizildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýol yşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnaldy. Oturdylan hasaplaýjy enjamlary dolandyrmak işini amala aşyrýan tor ulgamlarynyň üsti bilen alynýan maglumatlar gurlan Wi-Fi zolagynyň, enjamlaryň serwerleriniň, serwer goşundylarynyň programma üpjünçiliginiň üsti bilen agyz suwuň, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň maglumat binýadyny toplap, degişli edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmäge ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherinde ornaşdyrylýan sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işleriň alnyp barylmagyna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugal

Awtoulaglar barada gyzykly maglumatlar

Gatnaw üçin iň amatly we elýeterli bolan awtoulaglar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Geliň, awtoulaglar barada birnäçe gyzykly maglumatlary okalyň! ■ 1886-njy ýylda iňlis oýlap tapyjysy Karl Benz ilkinji üç tekerli awtoulagy ýasaýar.