Baýramçylyk arzuwlary

21 sagat öň
30

Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara,
Ilime berjegiň gowulyk bolsun.
Ähli pasyllaryň bahara meňzäp,
Her öýe aýdym-saz hem şatlyk dolsun.

Zürýatsyz maşgalaň perzendi bolup,
Ýatyrmasyn sallançagyň badyny.
Ogul atasynyň yzyn göterip,
Alawlatsyn ojagynyň oduny.

Çerkez ESENOW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, polisiýanyň weterany.