"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Arzuwlary durmuş hakykatyna öwrülen seýis

Ahalteke bedewleriniň eýesine wepalylygy, garadangaýtmazlygy baradaky gürrüňler, pähim-paýhaslar Suhandurdy Kuljanowyň kalbynda hem ýaşlygyndan atbakarlyk, atlary idetmek baradaky arzuwlary oýaryp, ony ganatly hyýallara atarypdy. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan, «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen abraýly ady alan, «Gaýrat» medalynyň eýesi Suhandurdy Kuljanow «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi bolup zähmet çekýär. Bu ýerde ol halypa seýis hökmünde ýaş seýislere we atbakarlara baý tejribesine daýanyp, gymmatly maslahatlaryny berýär. Onuň ideden we seýislän bedewleriniň ençemesi ýurdumyzda geçirilýän möwsümleýin at çapyşyklarynda ençeme baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda hem Suhandurdy halypanyň yhlas siňdirip, ideden bedewleri ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen uly aýlawlary baglap, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Ylaýta-da, halypa atşynasyň ýetişdiren «Garaşsyz», «Garader», «Meleguş», «Kerwenbaşy» atly atlary ýyndamlygy, özboluşly gözelligi bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýarlar.

Maldarlar üçin gollanma

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alym, professor mugallymlarynyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Maldarçylygyň tohumçylyk işi we genofondy» atly okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynda ýurdumyzda, şeýle hem dünýäde maldarçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, maldarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, maldarçylygyň dürli görnüşlerinde we tohumlarynda seleksiýa-tohumçylyk işini alyp barmagyň genetiki esaslary, seleksiýanyň esasynda mallaryň önümlilik we tohumlylyk alamatlaryny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara degişli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Ýüpekçi zenan

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ýurdumyzyň ýüpekçileri hem öz zähmet üstünliklerini baýram edýärler. Şeýle ýüpekçileriň biri hem Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Ogulsabyr Pygamowadyr. Ol ýaşy segsenden geçen hem bolsa, zähmet çekmegini dowam edip, ýylyň-ýylyna ýüpek gurçugyny idedýär. Ogulsabyr daýza ýaşlykdan pagta ýygyp, suw tutup, her ýyl ýüpek gurçugyny idedip, Watan harmanyna welaýatda ilkinji bolup, bol pile hasylyny tabşyryp gelýär. Ol indi 65 ýyldan gowrak wagt bäri ýüpek gurçugyny idedip gelýär. Gaýratly zenan bol we ýokary hilli pile hasylyny almak üçin öz kärende ýeriniň gyrasyna tut nahallaryny ekip ýetişdirdi. Şeýle bolansoň, ýüpek gurçuklarynyň iýmit üpjünçiliginde bökdençlik döränok. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde baý tejribesi bolan Ogulsabyr ene bu ugurda öz bilýän zatlaryny ogly Hudaýnazara, özi bilen atdaş gelni Ogulsabyra öwredip, agtyklary Pygam, Döwlet, Leýla dagylary hem bu döwletli işe çekip, özi ýaly tejribeli ýüpekçi edip ýetişdirdi. 82 ýaşy arka atan, 18 agtygyň, 11 çowlugyň enesi Ogulsabyr Pygamowa ýaş daýhanlara we ýüpekçilere görelde bolup, halal zähmetiň bagt getirýändigi hakynda öwran-öwran nygtaýar.

Hatarara bejergi işleri geçirilýär

Şu günler pagtaçy kärendeçileriň iş aladalary özlerine ýetik. 1200 gektar meýdana gowaça eken etrabymyzyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň, 460 gektar meýdana gowaça eken «Döwletli» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri gowaçalarda ýekeleme we hatarara bejergi işlerini geçirmekde gaýratly zähmet çekýärler. Ady agzalan daýhan birleşikleri boýunça 13 sany kärendeçiler toparynda 980-den gowrak pagtaçy kärendeçi bolup, olar ýaşajyk gowaçalara ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirýärler. Häzirki wagtda hatarara bejergi işlerine 4 sany kuwwatly traktor gatnaşýar. Traktorlara Narbaý Begçäýew, Abat Nazarow, Agajan Amangeldiýew, Durdy Doňbaýew ýaly tejribeli mehanizatorlar erk edýärler. Gowaçalara ilkinji gezek hatarara bejergi işlerini geçirmek mehanizatorlardan örän seresaplylygy talap edýär. Ady agzalan mehanizatorlar özlerine berkidilen traktorlaryny saz işledip, her günde 15 – 20 gektar meýdanda gowaçalara ilkinji hatarara bejergi işlerini ýokary hilli geçirýärler. Şu günler bu agrotehniki çäre daýhan birleşiginiň Meýlis Geldiýew, Akmyrat Nazarow, Myratnepes Otuzow, Akmyrat Amaşow dagynyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparynyň gowaça meýdanlarynda has-da güýçli depginde dowam edýär.

Üstünligimize buýsanýarys

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinýän Tagtabazar etrabynyň edermen maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly alyp bardylar. Bu ugurda ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden geldiler. Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň başlygynyň orunbasary Penjaly Jumaýewiň aýtmagyna görä, 79681 baş goýundan 73869 baş guzy alyndy. Şeýlelikde, bellenilen meýilnama 100,8 göterim amal edildi. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagyna saldamly goşantlaryny goşan çopanlaryň arasynda Baýram Jumagulyýewi, Maksat Rozyýewi, Jumaberdi Suhanowy, Babajan Saparowy, Agamyrat Aganazarowy, Babageldi Babaýewi, Baýram Hanmämmedowy, Agajuma Maksudowy görkezmek bolar. bu öňdebaryjy maldarlar ýokary netijeleri gazanandyklary üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryna we Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Maldarlar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Ýeralma

Ýeralma tebigaty boýunça köpýyllyk ösümlik, emma medeni ekerançylykda birýyllyk ösümlik hökmünde ulanylýar. Ol klubenini ekmek bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Ony tohum arkaly ekmek usuly diňe seçgi işleri geçirilende ulanylýar. +30 derejeden ýokary, yssy howada ýeralmanyň ýapraklarynyň iýmit siňdirijilik işjeňligi peselýär. Onuň suwa bolan talaby ösüş döwürleri boýunça üýtgeýär. Ýeralma ýagtylyk söýüji ösümlik bolup, ýagtylygyň pes bolmagy onuň ýapraklarynyň saralmagyna, güllemesiniň gowşamagyna ýa-da doly togtamagyna we hasylyň peselmegine getirýär.

Ak kelleli kelem

Kelem ikiýyllyk gök ekin bolup, birinji ýylynda kelle emele getirýär, ikinji ýylynda gülläp, tohumlaýar. Daşky baldagy uzyn sortlar düýbüne toprak üýşürilmegini talap edýär we yzgarly topraklarda gowy ösýär. Daşky baldagy kelte sortlar bolsa, ýeňil topraklarda ösmäge ýaramly. Ýagtylygy we çyglylygy gowy görýän bu ösümlik organiki maddalara baý, aşgarlylygy pes bolan toýunsow topraklary halaýar. Kelem sowuga çydamly ösümlik we 3 derejedäki gysga wagtly aýazda oňa hiç zat bolmaýar. Şeýle-de bolsa, gowy hasyl almak üçin howanyň ýylylygy +15, +18 dereje kelem ekmek üçin iň amatly döwür hasaplanylýar.

Düýp sogan

Biziň ýurdumyzda, esasan, düýp soganyň ajy, ajymtyk we ajy däl görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Soganyň bu görnüşleri iki ýylda ösdürilip ýetişdirilýär. Sogan birinji ýyl düýp berip, ikinji ýyl gülläp, tohum berýär. Sogan sowuga çydamly ösümlikdir. Soganyň tohumlary +3, +5 dereje ýylylykda gögerip başlaýar. Ýapraklaryň ösmegi üçin +12, +25 dereje, düýbüniň emele gelmegi üçin +20, +30 dereje ýylylyk amatlydyr. Ondan ýokary ýylylykda soganyň düýbi ownuk bolýar. Soganyň tohumdan gögerip çykan ösüntgileri –2, – 3 dereje sowuk howa çydap bilýärler.

Gyzyl burç

Gyzyl burç idegi talap edýän ekin bolup, ideg işleri öz wagtynda dogry geçirilende onuň düzümindäki ähmiýetli maddalaryň, esasan, C witaminiň mukdary artýar. Gyzyl burç tohumyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ir, aralyk we giç ýetişýän sortlary bolýar. Şeýle-de miwesiniň ululygyna baglylykda iri miwelileri hem-de ownugrak miweli görnüşleri duş gelýär. Iri miweli gyzyl burçuň sortlaryna baglylykda, onuň her gektaryndan 200 – 230 kilograma çenli hasyl alyp bolýar. Ýaz pasly ýerler ekişe taýýarlanýar, tagt suwy tutulyp, ýerler taba gelenden soň dyrmyklanyp, 20 santimetr çuňlukda çizel geçirilýär. Soňra keşler çekilip, keşiň üstüne tohum ekilýär. Ekiş üçin dok we doýgun, şikeslenmedik tohumlar saýlanyp alynýar. Burç ýylylygy we ýagtylygy halaýan ekin. Onuň tohumlary howanyň +20, + 25 ýylylyk derejesinde kadaly gögerip çykýar. Ol kadaly howa we suw çalşygy bolan topraklarda gowy ösýär. Iýmit maddalaryna talapkär ekin bolany üçin ösüş döwründe 2 gezek iýmitlendirilýär. Birinji gezek goşmaça iýmitlendirmek gögeren ösümliklerde, hakyky ýapraklary emele gelende, 150 kilogram karbamid, 100 kilogram superfosfat, 50 kilogram hlorly kaliý, ikinji gezek köpçülikleýin güllände, 150 kilogram ammiak selitrasy, 150 kilogram superfosfat berilýär. Gyzyl burç yzygiderli hasyl berýär we köp hasyl getirýär, şonuň üçin ösüşiniň dürli döwürlerinde mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilme

Daýhan bazary (Goşgular toplumy)

Ýaşuly çopanlaryň biri ogullaryna her gezek bazara baranlarynda säher bilen goýun bazaryna aýlanyp görmegi, alsalar-almasalar, satsalar-satmasalar hem mal bahalatmagy sargapdyr. Ol: «Goýun bazar pirli bazardyr, ondan döwlet ýokar» diýer eken. Goýun bazarynda

Arassaçylykda tebigy serişdeleriň ähmiýeti

Parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini döreden pederlerimiz nesil terbiýesinde kämillige, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna uly ähmiýet beripdirler. Şu asylly ýörelgeleri durmuşda hemişelik nusga edinmek jemgyýetde kämil şahsyýetiň kemala gelmegine oňyn täsir edip, ýokary ahlak medeniýetliligiň esasyny düzüpdir. Medeniýetliligiň ilkinji basgançagy bolsa, beden arassalygy, kalp arassalygy hasaplanypdyr. Hawa, arassaçylyk, tämizlik, päkizelik düşünjelerine aýratyn üns beren ata-babalarymyz bu babatda has irki wagtlarda tebigy serişdelerden peýdalanypdyrlar. Şeýle tebigy serişdeleriň biri hem çogan ösümliginden taýýarlanypdyr. Munuň üçin ilki bilen, çogan ösümligini göklügine ýygyp, ony üsti-üstüne bassyrmanyň aşagynda goýupdyrlar. Soňra olary guraýança Güne seripdirler. Şondan soň çoganyň özboluşly ýakymly ysy daş-töwerege ýaýrapdyr. Onuň bir penjesini alyp, 1,5 litr suwa salyp gaýnadypdyrlar. Bu gaýnatma dura-bara köpürjikläp duran suwuk sabyna öwrülipdir. Ondan azragyny alyp, kir ýuwuljak suwa goşup, geýim-gejim ýuwmakda ulanypdyrlar. Çogandan alnan suwuk sabyn goşulyp, ýuwlan egin-eşiklerde ýakymly ys galypdyr.

Gelin kömeleginiň ösdürilip ýetişdirilişi

Tebigatyň datly tagamlarynyň biri bolan gelin kömelegini ýylyň islendik paslynda ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek mümkin. Gelin kömelegi köplenç, kömelekhanalarda üsti örtülgi çukurlarda, garaňkyladylan ýyladyşhanalarda we garaňky jaýlaryň tekjelerinde ýylyň dowamynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gelin kömeleginiň tohumy 1 gezek ekilenden soň, topragyň ýüzünden ýokarda gaýçy bilen kesilip ýygylsa, 2 – 3 gezek täzeden gögerip, hasyl bermek mümkinçilikleri bolýar. Gelin kömelegi ekilenden soň, garaňky ýerde +12, +14 gradus ýylylykda, howanyň 80 – 85 göterim we topragyň 74 – 76 göterim çyglylygynda 3 – 5 günden gögerip çykýar. Gögerip çykandan soň, 1 – 2 günden ýygyma taýýar bolýar. Gelin kömelekleri 8 santimetr galyňlykdaky çüýrüntgili toprakly tekjelerde ösdürilip ýetişdirilýär. Tekjeleriň beýikligi 6 – 8 santimetrde bir-biriniň üstünde çekip almak usulynda ýerleşdirilýär. Umumy tekjeleriň sany 15 – 20 sany bolup, kömelekhananyň ortasynda inli ýol goýulýar. Ýoluň iki gapdalynda tekjeler bir-biriniň üstüne örtülen görnüşde ýerleşdirilýär.

Iň uzyn palma agaçlary

Tebigatda duş gelýän geň-enaýy täsinlikleriň biri-de, Kolumbiýa döwletinde ýerleşýän Kokora jülgesiniň 1800 – 2400 metr beýiklikdäki daglyk ýerinde ösýän, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren palma (Ceroxylon quindiuense) agaçlarydyr. Bu palma agaçlary Kolumbiýa döwletiniň milliligi hasaplanylýar. Iň uzyn palma agajy başgaça «Kondioý mum örtülen palma» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi bu agajyň sütüni mum bölüp çykarýar we özüni zyýankeş mör-möjeklerden goraýar. Iň uzyn palma agaçlarynyň beýikligi 50 metre çenli ýetip, olar onlarça kilometr uzaklykdan hem görünýärler. Palmanyň sütüni silindr şekilli bolup, ýere golaý böleginiň göwrümi 50 santimetre ýetýär. Bu palma agaçlary tebigy şertlerde 120 ýyla çenli ýaşamaga ukyplydyrlar.

250 gektarlyk tokaý döretdi

Şahyr Gara Seýitliýew bir agaç eken adamyň adynyň dünýä kitabyna ýazylýandygyny şygyr bilen nygtapdy. Onda 11 müň düýp nahaly ösdürip-ýetişdirip, 250 gektar ýeri tokaýa öwren adamyň ady has-da uly hormata eýe bolsa gerek. Biz bolsa, häzirlikçe onuň adyny öz habarymyzda buýsanç bilen dile getirýäris. Indoneziýaly Alasan Sadiman atly adam 11 müň düýp nahal oturdyp, takyr depeleri tokaýa öwürdi. Şeýlelikde, Ýawa şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy 250 gektar meýdany agaçdan doldurdy. Elbetde, ol bu işe ömrüniň 24 ýylyny bagyş etdi.

Bir özi 100 işi eder

Öz işlerini Kanadada alyp barýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri tarapyndan işlenip düzülen täze oba hojalyk roboty şeýle bir ukyply welin, onuň başarmaýan işi ýok. Hawa, ol ekini ekibem, tohumlandyrybam, dökünläbem, hatda hasyl ýygybam başarýar. Mehanizatorsyz oba hojalyk tehnikalary — traktorlardyr kombaýnlar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne, ynha, DOT Power Platform diýlip atlandyrylýan robot tehnologiýasynyň bir özi ençeme işiň hötdesinden gelip bilýär. Adam däl diýäýmeseň, ol işine berlen «daýhan».

Äpet pomidorlar ýetişdiriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jorjiýa we Gresiýanyň Afina uniwersitetiniň alymlary görnüşi boýunça has uly we suwly pomidor ýetişdirmegiň usulyny tapdylar. Munuň üçin olar degişli geni işläp taýýarladylar. Ösümlikler dünýäsinde ýa-da gündelik durmuşymyzda bolsun, parhy ýok, pomidor gök-bakja önümleriniň arasynda iň zerurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýöne gök önümleriň beýleki görnüşleri ýaly, pomidor hem taryhyň dowamynda köp sanly özgerişlere sezewar bolupdyr. Gerek bolsa, pomidoryň «ata-babalary» hasaplanylýan ösümlikler oňa asla çalymdaş hem däl. Üstesine-de, bu özgerişlik henizem dowam edýär.

Togdary

Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň biri hem togdarydyr. Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişlidir. Bu guşlaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil-çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýärler. Togdary Türkmenistanyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çöl ýerlerinde, Bötendag çöketliginde, goraghanalaryň aýratyn goralýan ýerlerinde duş gelýär. Ýöne olar ilatly ýerlerden gür çöpli, urpak ýerlerden, daglyklardan, jarlyklardan gaça durýarlar. Tekiz, gyr ýerlerde, alatakyrly düzlüklerde, ýowşanly ýa-da ýumşak otly baýyrlyklarda gezmegi halaýarlar. Howlukman, örän ätiýaçly gezýärler. Howp abanan ýagdaýynda örän çalt ylgap gaçýarlar. Uly togdarylar dürli gökje otlar, ösümlikleriň däneleri, meýdan otlarynyň tohumlary, şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Mäkiýan togdarynyň kürk bolýan döwri aprel aýynyň başlarynda başlanýar. Tekiz meýdanlarda ýowşandyr titir ýaly ösümlikleriň arasynda on-on bäş santimetrlik çuňlukda çukur gazyp, içine gury çöp baldaklaryny düşeýär. Köplenç iki-üç ýumurtga goýýar we ony diňe ene togdarynyň özi basýar. Mäkiýan togdarylar he

Milli gymmatlyklaryň sazlaşmagy — toý şatlygynyň goşalanmagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ol baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany täze taryhymyzyň senenamasyny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Bu şanly waka biri-biriniň üstüni ýetirýän naýbaşy gymmatlyklaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň örän uludygyny, olara belent sarpa goýulýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Sazlaşykly utgaşýan baýram bagtyýar raýatlarymyzyň ýürek buýsanjyny, ylham çeşmesini, toý şatlygynyň dabarasyny goşalandyrýar. Çünki şol gymmatlyklarda türkmeniň milli ruhy, Watana bolan söýgüsi, kämillige we gözellige hyjuwy, güýç-gaýratlylyk, ar-namyslylyk, asyllylyk, dostluk, wepalylyk duýgulary, sagdynlyk, mertlik, edermenlik, üstünlige we ýeňşe okgunlylyk ýörelgeleri jemlenendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda asylly däplere eýerilip, halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň hem-de edermen alabaýlarymyzyň şanyna tutulan toýuň köpöwüşginli çäreleri biri-biri bilen ulaşyp, birnäçe gün dowam etdi.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Gahryman Arkadagymyz!

Ýurdumyzda ilkinji gezek goşa baýrama öwrülen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhynyň altyn sahypalaryna ýazylan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň şanyna geçirilen dabaralarda Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançly söhbetlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Wepaly dosta — belent hormat

Mary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Mary welaýatynda tutulan goşa baýramyň şatlyk-şowhuny ýene bir ýakymly waka bilen utgaşdy.