«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinýän Tagtabazar etrabynyň edermen maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly alyp bardylar.
Bu ugurda ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden geldiler. Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň başlygynyň orunbasary Penjaly Jumaýewiň aýtmagyna görä, 79681 baş goýundan 73869 baş guzy alyndy. Şeýlelikde, bellenilen meýilnama 100,8 göterim amal edildi. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagyna saldamly goşantlaryny goşan çopanlaryň arasynda Baýram Jumagulyýewi, Maksat Rozyýewi, Jumaberdi Suhanowy, Babajan Saparowy, Agamyrat Aganazarowy, Babageldi Babaýewi, Baýram Hanmämmedowy, Agajuma Maksudowy görkezmek bolar. bu öňdebaryjy maldarlar ýokary netijeleri gazanandyklary üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryna we Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Maldarlar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýarlar.