"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Daşky gurşawy goramagyň möhüm ugurlary

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy hakynda hasabat berdi.

Aşgabat

«Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň şanyna gurlup ulanylmaga berilýän täze desgalar paýtagtymyzyň diňe bir gözelliginiň üstüni ýetirmän, eýsem, Oguzhan zamanyndan bäri «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Agzybire Taňry biýr» ýaly nakyllara ygrarlydygymyzyň, Aşgabadyň ösüşi babatda hem «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýan edýär». * * *

«Türkmenistan – ýaşamak üçin ajaýyp ýurt!»

Bu sözleri dürli ýurtlaryň wekilleri guwanç bilen aýdýarlar Hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän her bir täze kitaby Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyz üçin gymmatly sowgada öwrülip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Gowaçanyň täze «AŞGABAT — 140» sorty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary hem täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryp, gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze sortlary döretmek we olaryň tohumçylygy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Biziň ýurdumyzda häzirki döwürde dürli toprak-howa şertlerinde ir ýetişýän we ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili I — V görnüşe degişli gowaça sortlarynyň seçgiçiligi boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde seçgiçi alymlar tarapyndan çugdam boýly, ir ýetişýän, ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kesellere we zyýankeşlere durnukly sortlar döredilip, önümçilige ornaşdyrylýar.

Aşgabat — köňülleriň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp bermeginde 400 sany «Hyundai ALL New Super Aero City» kysymly döwrebap awtobuslaryň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 25-nji maýdan ulanyşa goýberiljekdigini we şol gün paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna şäheriçi awtobus ugurlary boýunça tölegsiz hyzmat ediljekdigini bellemek örän buýsançly. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda döwrümiziň nyşanyna öwrülen Aşgabadyň häzirki zaman gözel keşbi giňişleýin beýan edilýär. Paýtagt şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günleriniň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň halkymyza peşgeş berilmegi özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Bu kitap döwlet Baştutanymyzyň öz eziz ýurduna, türkmen paýtagtyna, mähriban halkyna bolan söýgüsiniň özboluşly beýany bolup, kalplara ornaşýar.

Sende beýik döwrüň keşbi, ömrüň sazy-senasy bar, ak atynda Arkadagym — il-ulsumyň penasy bar

UÇAR MENZILI Göýä laçyn ak şähere, ýaýyp goşa ganatyny,Bagra basýar Aşgabadyň düre meňzeş halatyny,Al-asmandan düşen melek, säpjetmäge ak atyny, Bu bagtyýar illermize salyp mahmal saýasyny,Alyp dünýä ýaýjak ýaly, erkinligiň miwesini,Beýik-beýik binalaryň synlap pälwan göwresini,Gül-gülälek, bagy-bossan tutup ýatyr degresini,Dostlar görüň diýýän ýaly, halallygyň döwresini.Bagta sary ak ýollary açanlaryň menzili sen,Ak gülleri Ýer ýüzüne seçenleriň menzili sen.

Ýakymly pursatlar

Ak mermere beslenen, ýakyn-u daş ülkelerde «Aziýanyň merjeni» diýlip tanalýan paýtagt şäher Aşgabadyň 140 ýaş toýunyň dabaraly belleniljek güni ýakynlaşdygyça, ýürekler heýjanlanýar. Ýaşuludyr ýaşkiçiniň kalby ýakymly pursatlar bilen joşýar. Ýaşulular şu günki eşretli zamana ýetmek üçin bitirilen işler baradaky ýatlamalara berilseler, ýaşkiçiler hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen günde-günaşa bolup geçýän döwrebap durmuş özgertmelerine guwanýarlar. Gür baglyga bürenen serhowzudyr hoşroý ysly gülleri, towlanjyrap tolkun atýan suw çüwdürimleri, her dürli heýkelleri bilen gözüňi gandyrýan seýilgählere dynç günleri gezelenç etmegiň öz lezzeti bar. Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde bolsa, bu ýerleri has hem köp adamly. Aşgabat baradaky ýatdan çykmajak duýgulara gümra bolup otyrkam, Aşgabadyň şu günki ýeten derejesine gözli şaýat bolan käbir raýatlar bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Ýaşuly adamlarda gürrüň berere gyzykly wakalar köp. Ýöne şu ýerde Aşgabadyň taryhy hakynda-da söhbet etmegiň kalplary ýaşlyk ýyllaryna dolap, hyjuwlandyrýandygyny duýmak bolýar.

Awaza size garaşýar!

Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Awazada dynç almagyň tertibi barada aşakdakylary ýatladýarys:

Türkmenmetbugat: gündelik täzelikler bilen dessine tanyş!

Häzirki döwürde sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň her bir ilaty ýaşaýan ýa-da iş ýerlerinden belli bir ugra uçarda uçmak ýa-da otluda gitmek üçin degişli edara-kärhanalaryndan online, ýagny, internet arkaly gerekli möhletine petekleri sargyt edip, töleg işlerini geçirip bilýärler. Tehnikanyň we tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi netijesinde şular ýaly işleri el öýjükli smartfonlaryň üsti bilen ýörite ýüklenen programmalar arkaly ýerine ýetirip bolýar. Hawa, internet ulgamynyň has-da kämilleşmegi bilen, indi birnäçe ýyldan bäri watandaşlarymyz söwda işlerini-de online arkaly amala aşyrýarlar. Internet ulgamy şeýle-de programmalaryň hereket etmegi her bir alyjynyň wagtynyň tygşytlanmagyna hem-de günüň dowamyndaky beýleki berjaý edilmeli işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Adam — jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Baş kanunym — buýsanjym, baýdagymyz — guwanjym!

Türkmenistanyň Konstitusiýasy! Türkmenistanyň Döwlet baýdagy!

«Gujagyň ýaşyl bossan,Aşgabat!»

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem-de onuň paýtagty gözel Aşgabat hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ykdysady taýdan gülläp ösýän Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň biri-birinden gözel binalary, ajaýyp şaýollary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, täsin suw çüwdürimleri dürli görnüşli güller bilen sazlaşykly gözellikleri emele getirip, göwnüňi göterýär. 2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.

«Baýramaly» şypahanasynyň taryhy hem şu güni

Melhemler mekany bolan eziz ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup hyzmat edýär. Şeýle tebigy melhemlere baý şypahanalaryň biri hem «Baýramaly» şypahanasydyr. Şypahana Gün şöhlesi bilen bilelikde nerw ulgamy, ýürek, gan-damar kesellerine peýdaly bejergileri bilen, beýleki şypahanalardan tapawutlanýar. Bu şypahana tebigy, ýagny, yssylyk we guraklyk ýaly aýratynlyklary has çuň öwrenilen, böwrek kesellerini bejermek üçin dünýäde iň amatly ýer diýlip hasap edilýän şypahanadyr. Taryhy çeşmelere görä, «Baýramaly» şypahanasy Ýer şarynda Gün şöhlesiniň dik düşýän merkezinde ýerleşendir. Şonuň üçin hem Gün bejergisi şypahananyň iň netijeli emidir. Bu ýeriň howasy gurak bolup, çyglylygy Gara deňziň kenaryndaky çyglylykdan 20 esse azdyr. Gyş paslynda güýçli şemalyň bolmazlygy şypahanada ýylyň dowamynda bejergi almaga mümkinçilik berýär. Şeýle amatlyklar göz öňünde tutulyp, 1929-njy ýylyň 23-nji iýunynda Baýramaly klimatik melhemhana (kurort) diýlip yglan edilýär.

Ýaýlada täze ýer eýeleri

Kerki etrabynyň günorta-günbatar künjegindäki Garagum sährasynda ýerleşýän Hydyr çopan ýaýlasynda täze ýer eýeleri peýda boldy. 2018-nji ýylda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, 99 ýyllyk möhlet bilen ýer alýan daýhanlaryň sany barha köpelýär. Etrabyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigine degişli bolan Hydyr çopan ýaýlasynda hem jemi 913 gektar ýer 99 ýyllyk möhlet bilen 13 adama berkidildi. Bu täze ýaýladan ýer alan daýhanlar eýýäm alan ýerleriniň 60-70 göterimine gowaça ekip, ondan ýokary gögeriş almagy gazandylar. Galan ýerlerine bolsa gök-bakja, şaly, dary, ýer hozy ýaly ekinleri ekmek işlerini alyp barýarlar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasy bolsa, olaryň adyna ýörite hasaplary açmak bilen, karz pul serişdelerini goýberip başlady. Ýörite baglaşylan şertnama esasynda döwletden alynýan karzlaryň hasabyna daýhanlar dökünleri, oba hojalyk enjamlaryny, tehnikalaryny satyn alyp başladylar. Şeýlelikde, ýer bilen bagry badaşan daýhanlar eýýäm şu ýylyň aýagyna çenli ýerden alýan girdejileriniň hasabyna döwlet bilen doly üzlüşmegi maksat edinýärler.

Köpugurly süýüm

Ýurdumyzyň gözel künjeklerini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, ilat tarapyndan ulanylyp we zir-zibil bolup galýan plastik gaplar gaýtadan işlenilip, täze bir önümiň tehnologiýasy düzüldi. Bu tehnologiýanyň maksady zyňyndy plastik gaplary çig mal hökmünde ulanyp, ilata ýaramly harydy, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän egin-eşik dokma senagatyna ýa-da degişli kärhanalara gerekli çig mal bolan emeli süýümi (sintepon) hödürleýär. Izolýasiýa (daşyny örtme) üçin ulanylýan iň meşhur serişdeleriň biri hem emeli süýümdir. Onuň egin-eşik öndürmekde we gündelik durmuşda ulanylýandygyny köpler bilýär. Inçe poliester köplenç pagta ýa-da ýüň goşulan ýüplükleriň birnäçe gatlagynda durýar. Her aýratyn gatlakda süýümler bir tarapa gönükdirilendir we bir-birine baglydyr. Haçan-da termiki taýdan baglanyşdyrylanda, süýümler ýokary temperaturanyň täsiri astynda birleşip, sowukdan gowy goraýan we ýuwlanda deformasiýa etmeýän, ýagny, görnüşi üýtgemeýän dykyz matany emele getirýär. Bu süýüm adaty süýümlere garanda, ýeňil agramly hem-de ýuwlandan soňra çalt dikelýändigi bilen tapawutlanýar. Çyglylygy siňdirmeýär we saklamaýar. Taýýarlanylan süýüm käbir ýüňlerden tapawutlylykda, allergiýa täsirini döretmeýär. Doly işlenilip alynmagy göz öňünde tutulýan süýümiň ählitaraplaýyn amatly bolmagyna garaşylýar.

Arzyly pellehana

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda owlakguzy almak möwsümini hemmetaraplaýyn taýýarlykly garşylan Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk bilen geçirdiler. Şu möwsümde bar bolan 380 müň 526 baş ene goýundan 350 müň 533 sany guzy almagy öz öňlerinde baş maksat edip goýan maldarlaryň gazanan netijeleri köpleri guwandyrýar. Çünki häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklaryň birnäçesinde sagdyn guzularyň müňlerçesi alnyp, möwsüm ahyrlady.

«Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!»

Pähimdar pederlerimiz müňýyllyklardan aşyp gelýän milli ýörelgelere we däp-dessurlara, yrymlara berk ynanypdyrlar. Zerurlyk ýüze çykanda, olary ulanmagy hem başarypdyrlar. Şeýle däp-dessurlaryň, yrymlaryň biri-de, ygalyň az düşýän ýerlerinde ýagyn ýagmagy dileg edilip, Burkut babanyň ýoluna sadaka berilmegidir. 1965-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynyň başlarydy. Şol ýyl biziň sebitimize ygal az düşdi. Tomusda ýagan ýagyşlar siňňitli we dowamly bolmansoň, guýularyň suwy hem çekilip barýardy. Suw ýetmezçiligi düýeler, dowarlar suwa ýakylanda has-da ýiti duýulýardy. Gün ýaşyp örüden gelýän dowar sürülerini suwa ýakmak hyllallady. Käte guýularyň içine ýetginjek oglanlaryň birini sallap, jürdek bilen gowany doldurmaly bolýardy. Ir säherden Gün ýaşýança guýularyň başynda suwsan goýunlaryň mäleşýän, düýeleriň bozlaşýan sesleri çopanlaryň dowarlary suwdan gandyrmak üçin «gurryýt-gurryýt» diýip, telim gezek gaýtalanýan sesleri bilen gabatlaşyp, özboluşly ýaň berýärdi.

Bugdaýyň sortlaryny döreden alym

Bugdaýyň agrotehnikasy, ondan ýokary hasyl almak barada gürrüň edilende, ilkinjileriň hatarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Sapargeldi Annaýewiň adyny agzaýarlar. Hakykatdan hem, Sapargeldi aganyň uly tagallalary netijesinde bu merkeziň Ýolöten şäheriniň golaýynda ýerleşen Ylmy-önümçilik hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda üýtgewsiz ekilip gelinýän 123 gektar meýdandan ýylyň-ýylyna 50-55 sentner tohumlyk däne hasylyny almak adat bolup galdy. Emma Sapargeldi Annaýew bugdaý ekişine taýýarlyk işleri başlanandan özüniň bugdaýyň seleksiýasy we tohumçylygy boýunça ylmy işgär bolup işleýändigine garamazdan, meýdandan gaýtmaýar. Sürümiň, tekizlenişiň, mineral dökünler bilen dökünlemegiň, ekişiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini gazanýar. Ol tohumyň topraga endigan, bellenilen çuňluga düşmegine uly üns berýär. Şonuň üçin ekişi meýdanyň uzynlygyna, soňra keseligine geçirmek usulyna Sapargeldi aga kanun hökmünde garaýar. Çünki tohum bir hatar ugruna ekilende, ösümlik gögerenden bir-birini gysyp başlaýar, ýagny, iýmit meýdany darlyk edýär, şaha sany kem bolýar, ösümlik almaly boýuny alyp bilmeýär, şoňa görä-de, bugdaý başy kiçi, dänesi hem az bolýar. Tohumyň ýarysy dikligine, beýleki ýarysy keseligine ekilende, iýmit meýdany artyp, bugdaý ösümlikleriniň kadaly ösmegi üçin oňaýly şert döreýär.

Şygryýet älemi

Arkadagyň paýhasy Durşuň bilen meňzeş aýdym-mukama,Arkadagyň paýhasy sen, Aşgabat!Sen görk berýäň bu mukaddes mekana,Ylhamlaryň ýaýlasy sen, Aşgabat!

Geliň, örtük dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!