"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Goç berdaşly bolsa...

Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň arasynda toýlaryň bezegine öwrülen milli oýunlar, däpler, olarda ýerine ýetirilýän birnäçe aýratynlyklar bar. Şolaryň biri-de, toý-baýramlarda goç süsüşdirmekdir. Goç süsüşdirmek üçin idedilýän goçlar, esasan, garaköli tohumyndan saýlanyp alnypdyr. Munuň esasy sebäbi-de garaköli goçlar süsüşende çydamlylygy, berdaşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň gowy bakylanynyň agramy 100 – 120 kilograma çenli ýetýär. Goç süsüşen wagty şahyna şikes alsa, tä bitýänçä süsüşdirmändirler. Süsüşdirmek üçin idegi ýetirilen goçlara hökman at goýupdyrlar. Süsmek, süsüşmek goçlaryň zandynda, ganynda bar. Süsüşende agyrlygyň ähmiýetlidigine garamazdan, agramy ýeňilräk goçlaryň özünden 20 kilogram agyrlykdaky goçlary ýeňýän pursatlaryna-da duşmak bolýar. Süsüşdirmek üçin niýetlenilen goçlar bir ýaşandan ýüpe öwrenişdirilip, üç ýaşdan süsüşdirilip başlanýar. Ýaş taýdan kiçi goçlara goçgar diýlipdir. Süňňi sagat goçlary 7-8 ýaşa çenli, kähalatlarda bolsa 9 ýaşa çenli süsüşdiripdirler. Ýöne bu seýrek gabat gelýän ýagdaý. Toý-baýramlarda süsüşdirmek üçin idediljek goçlary saýlanlarynda, ilki olaryň 5-6-syny bir ýerde saklap, bir-biri bilen süsüşdirip, içinden has çydamlysyny alypdyrlar.

Şygryýet älemi

Ak mermerli Aşgabat Ak zat ýagşy alnyňa,Ak mermerli Aşgabat.Şuglasyň ykbalyma.Ak mermerli Aşgabat.

Piramida ýyladyşhanalary

Soňky ýyllarda ýüze çykan piramida şekilli ýyladyşhanalar oba hojalykçylaryň ünsüni barha özüne çekýär. Ýyladyşhanalaryň bu görnüşi gözbaşyny geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Olary amerikaly oba hojalykçy Bill Warren oýlap tapypdyr. Müsür piramidalaryny ýadyňa salýan ýyladyşhanalaryň ilkinji nusgalary 24 inedördül metr meýdanda ýerleşýärdi. Bill Warren onda pomidor, kädi, noýba, burç ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirdi.

400 ýaşly kompaniýa

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu Hempşir Ştatynda ýerleşýän «Tuttle’s Red Barn» kompaniýasy häzirki wagtda iň irki kompaniýalaryň biridigine garamazdan, mekgejöwenden we miweleriň dürli görnüşlerinden önüm öndürmegini ýokary depgin bilen dowam etdirýär. Kompaniýa ýene 11 ýyldan 400-nji ýaşyny bellär. Ol häzir Ýer ýüzünde hereket edýän iň irki bäş kompaniýanyň biridir.

Ösümlikler

Atdamak — selmeler maşgalasyna degişli birýyllyk dermanlyk ot. Türkmenistanda onuň 1 görnüşi duş gelýär. Aýgül — myhaklar maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. Ýurdumyzda onuň 24 görnüşi duş gelýär. Dünýäde 500 görnüşi bolan dag derman ösümligi.

Görüjiligiň, ýatkeşligiň çeşmesi

Gadym wagtlardan bäri bedeneler aw guşlary hökmünde awlanypdyr. Olar täsin saýraýandygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekipdirler. Bu guşlar öý şertlerinde saklananda hem tiz öwrenişmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar. Bedeneleri awlamak üçin adatça, torlardan we tüýdüklerden peýdalanylýar. Bedeneleri eldekileşdirmek işleri bilen ýaponlar meşgullanypdyr. Ilki olary bezeg maksady bilen idedipdirler. XVI asyrdan soňra olar berhizlik ýumurtgalary we et önümlerini almak maksady bilen, idedilip başlanypdyr. Häzirki wagtda ýaponiýaly okuwçylar sapaklaryna başlamazdan öň iki sany bedene ýumurtgasyny iýýärler. Lukmanlar onuň görüş agzalarynyň işjeňligine, ýatkeşligiň ýokarlanmagyna ýardam edýändigini belleýärler.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

1400 ýaşly agaç

Her ýyl oktýabr aýynyň ahyrynda on müňlerçe adam Hytaýyň Gu Guanýin ybadathanasyna ajaýyp gingko biloba bagynyň ýapraklaryny döküşini we ybadathana toplumynyň ýaşyldan altyna «boýalyşyny» synlamak üçin gelýär. Hytaýyň Şensi welaýatynyň Žunnan (Zhongnan) daglaryndaky Gu Guanýin ybadathanasynda Hytaýyň taryhyndaky beýik hökümdarlaryň biri bolan Tan dinastiýasynyň (618 – 907) imperatory Li Şiminýa üçin ekilen 1400 ýaşly gingko biloba bagy ösýär.

Pakistanda «Miýawiki» tokaýlary döreýär

Pakistanda ýapon ekerançy alymlary tarapyndan işlenip düzülen «Miýawiki» usuly boýunça ýöriteleşdirilen Tokaý maksatnamasyna badalga berildi. Bu usul bilen ozalkylaryndan 10 esse çalt we 30 esse gür agaçlygy ýetişdirmek mümkindir. Taslamanyň başynda ýurduň premýer-ministri, kriket boýunça öz döwründe dünýäniň iň güýçli türgenleriniň hatarynda tanalan Imran Han dur. Hatda täze taslama hakynda onuň özi şeýle düşündiriş berdi: «Ýaponiýada şeýle gysga döwürde gür tokaýlygy emele getirip bolýandygyna hut özüm şaýat boldum. Bu ýagdaý howanyň hapalanmagynyň garşysyna hem çalt we netijeli göreş bolar. Munuň üçin Lahorda 1 –2 gektara barabar bolan 50 sany ýeri saýlap aldyk. Ilkinji synaglar örän üstünlikli geçdi».

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy (2021-nji ýylyň 12-nji fewraly)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar! Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek isleýärin. Geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl boldy.

Göreldeli etrap

12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekmegi ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň bagtyýar ýaşaýjylaryny has-da buýsandyrdy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýörite topar bu bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemekde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Harytlara isleg uly

Eziz Watanymyzda täze döredilen we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan dokma kärhanalarynyň sanlylaşdyrylmagy dokma önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Aşgabadyň dokma toplumyny, Türkmenbaşy dokma toplumyny, Jinsi toplumyny, Ruhabat we Gökdepe dokma toplumlaryny, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigini görkezmek bolar. Bu günki gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän täze haryt nyşanly önümlere halkymyz we daşary ýurtly alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Muňa halk arasynda uly meşhurlygy gazanan «Bedew» haryt nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» we «Gala» haryt nyşanly sport egin-eşikleri hem-de tikin-örme önümleri, şeýle hem «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Kämil tehnikalara daýanylýar

Ýurdumyzda ýyladyşhana toplumlaryny ösdürmekde, önümleri öndürmekde ýerli telekeçiler, daýhanlar mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Muňa mysal hökmünde Balkanabat şäheriniň golaýynda, «Düzmergen» ýaýlasynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanany görkezmek bolar. Ýyladyşhananyň ähli işleriniň döwrebap tehnologiýalara, kämil kompýuterlere daýanmagy ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany dört gektara barabar bolan ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidor şitilleriniň ilkinji hasyly geçen ýylyň noýabr aýynyň soňky günlerinden başlap, ak bazarlara çykaryldy.

Gyş suwy tutulýar

Bäherden etrabynyň tejribeli gallaçylary geçen ýylyň güýzünde ekerançylyk meýdanlarynyň 21 müň 100 gektaryna däne ekişini geçirdiler. Häzirki günlerde ekerançylyk meýdanlaryndaky ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Boý alýan maýsalara 3-nji ösüş suwy tutulýar. Bu işde gallaçy kärendeçiler daýhançylykda giňden ulanylýan suw tutmagyň ders-şerbet usulyndan peýdalanýarlar. Şeýle hem olar ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy witaminler bilen hem iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerinde hem-de «Zähmet» daýhan birleşiginde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Käşiriň damjalaýyn usulda suwarylyşy

Käşir sowuga durnukly ekindir. Medeni käşir sary we ak hem-de mämişi-gyzyl reňkli sortlary öz içine alýar. Ösümlik birinji ýylynda ýapraklaýar we etlek düýp miweli kök emele getirýär. Ösümlik ikinji ýylynda ilki bilen ýapraklaýar, soňra baldak, gül we tohum emele getirýär. Dökünli ýerde käşir düýpleri has iri, gabarasy we agramy boýunça birmeňzeş bolýar. Mundan başga-da, kadaly dökünlenen käşiriň düzüminde witaminleriň möçberi artýar.

Eşretli döwrüň eýeleri

Ýaňy dogup gelýän Günüň tyllaýy şöhlesine öwşün atýan meýdanlarda ýerleri ekişe taýýarlaýan ýokary derejeli tehnikalar hereket edýärler. Olar altyn reňkli deňizde asuda ýüzüşip ýören gämilere çalym edýärler. Säheriň sergin howasynda özüniň tutuş maşgalasy bilen çeken zähmetiniň netijesini synlap duran, bu ajaýyp görnüşden tükeniksiz lezzet alýan ýaşuly içki pikirini daşyna çykaranyny-da duýmady:

«Dokuzyň üçe ýetýärmi?!»

Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde dowarlaryň ot-iýme bolan islegi hem artýar. Türkmen çarwadarlarynyň «Dokuzyň üçe ýetýärmi?!» diýen sowalynyň manysy «Dokuz aýda toplanan goruň üç aý dowam edýän gyşdan dowarlary abat alyp çykmaga ýeterlikmi» diýen sowaly aňladýar. Dowardarçylykda dowarlary dok gyşlatmak, gyşdan başbitin alyp çykmak her bir mal eýesinden ýa-da çopandan iň bir tutanýerliligi talap edýän möwsümdir. Dowarlary dok gyşlatmakda milli we ygtybarly tejribelere daýanylyp, dogry we doly ýerine ýetirilmegi bolsa, öňdäki owlak-guzy möwsüminde alynjak ýaş owlakdyr guzularyň sagdyn bolmagyna oňyn şert döredýär. Dowardarçylykda alnyp barylýan her bir möwsümleýin işlerde milli tejribelere daýanmak örän ygtybarlydyr. Sebäbi ol ygtybarly tejribeler birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda durmuş tejribesinden saýlanylyp alnan işlerdir.

Jana melhem tebigat (çagalyk döwrümiň ýatlamalaryndan)

Eger-de suratkeş bolan bolsadym, onda reňkli galamlary elim bilen herekete getirip, kyblam atamyň tomus gününiň yssysynda derman otlary ýygnaýan keşbini çekerdim... Hemişe kakamyň gapymyzda ösüp oturan garry şatudyň saýasynda, käte-de gaýramyzdaky meýdandan ýygyp gelen buýan, narpyz, ýandak, üzärlik, düýedaban ýaly ösümlikleri guratmak üçin taýýarlap oturyşy, köplenç bolsa ulag ussaçylygyna mübtela bolup oturan keşbi hyýalymda janlanýar. Heniz 6 — 7 ýaşly oglankam, oba adamlarynyň öýmüze gelip, «Çary aga, dermanlyk otlaryňdan bir gysym-ýarym gysym berip bilmezmiň?» diýýänleri ýadyma düşýär. Ol mähir bilen ýylgyryp: «Em bolsun, iliň derdine ýaramakdan zyýat zat barmy näme?!» diýip, geleniň möhümini bitirip, derdine em boljak hemaýaty edenine ak göwünden begenerdi.

Arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Kak suwuny durlajak bolsaň...

Baharyň hoştap howaly günleriniň birinde, Garagum ýaýlasyna üç-dört bolup, ýeňil ulagda gezelenje çykdyk. Täzelikde çabga ýagyp, sährany suw-sil eden ekeni. Kaklar suwdan dolup, töweregindäki takyrlar köl bolup ýatyrdy. Birden uzakdan salgym göründi. Ýöne bizi gözümiz aldaman ekeni. Golaý barsak, salgymdyr öýdenimiz suw basan takyr bolup çykdy. Giň giden takyr köl bolup çaýkanyp ýatyrdy. Onuň ortasynda bolsa, bir süri ördekdir gaz ýüzüp ýördi.