Kärendeçi daýhan, gujurly zenan (oçerk)

20 Iýun 2021
972

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Akgözel Hojalyýewa bilen duşuşdyk. Şonda öňdebaryjy daýhan zenan Jeren Akjanowa hakynda ýazmagy ýüregimize düwendigimizi aýdanymyzda, ol:

— Jeren Akjanowany öňdebaryjy kärendeçi hökmünde diňe bir Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde däl, eýsem, tutuş Ahal welaýatynda-da tanamaýan azdyr. Çünki zähmete berlen bu zenan diňe ýere yhlas edip, bol hasyl almak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Zenanlar guramasynyň bilelikde geçirýän wagyz-nesihat çärelerine hem işjeň gatnaşyp, ýaşuly zenan, ene hökmünde şu günki kemala gelýän ýaş nesilleriň öňünde öwüt-ündew bilen çykyş edýär.

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».