Sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar

27 Iýun 2021
1103

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylýan sanly we telematik ulgamlary, olaryň gurluşy, netijeli ulanylyşy içgin öwrenilýär. Institutymyzyň mugallymlary we degişli kompaniýalaryň wekilleri tarapyndan bu tehnikalaryň her bir kysymyna bagyşlanan ýörite okuw sapaklary geçirilýär.

Ýöriteleşdirilen «John Deere» okuw otagynda «IPC Agri» bilelikdäki kompaniýasynyň tehniki hyzmat we okuwlar boýunça menejeri, tehniki ylymlaryň kandidaty Öwezgeldi Kakabaýew tarapyndan oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünärleriniň 4-nji ýyl talyplary üçin geçirilen okuw sapaklary örän täsirli boldy. Üç günläp geçirilen okuwyň dowamynda 6M seriýaly «John Deere» traktorlarynyň gurluşy we işleýşi, traktoryň transmissiýasynyň gurluşy, ýaglanyş, sowadyş ulgamlarynyň aýratynlyklary, sanly telematika ulgamynyň ähmiýeti we artykmaçlyklary öwrenildi.

Timur ELTEZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.