Uzak ýaşaň, Arkadagymyz!

27 Iýun 2021
920

Her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýuna zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Bu şanly senäni mynasyp sowgatlar bilen garşylamak üçin ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýan merdana halkymyz tutanýerli zähmet çekýär.

Hawa, iýun aýynyň ahyry gallaçy daýhanlardyr mülkdarlar üçin yhlasly çekilen zähmetiň bol hasylynyň Watan harmanyna tabşyrylýan gyzgalaňly döwri. Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly ýagdaýda, uly toý-baýrama utgaşyp, bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda hepdeläp toý tutulýar. Ynha, şu gezek hem bu baýramçylygy giňden bellemek üçin Lebap welaýaty myhmanlara gujagyny giňden açdy. Hepdeligiň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda welaýatda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň bolmagy-da, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.