"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Milli Liderimiziň be­ýik baş­lan­gy­jy:

Ta­ry­hyň sa­ra­lan sa­hy­pa­la­ryn­dan bil­şi­miz ýa­ly, ata Wa­ta­ny­myz ga­dy­my eke­ran­çy­ly­gyň dö­rän me­ka­ny­dyr. Bu gün bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gy­jy bi­len bol­çu­ly­gyň, be­re­ke­diň ýur­du­dyr. Eke­ran­çy­ly­gyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri suw bol­çu­ly­gy­dyr. Dün­ýä­de uzyn we süý­ji suw­ly der­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan Amy­der­ýa­nyň ha­na­sy­nyň köp bö­le­gi döw­le­ti­mi­ziň çä­gin­den akyp geç­ýär. Ýur­duň äh­li eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň 95 gö­te­ri­me go­la­ýy şu der­ýa­nyň kö­me­gi bi­len su­wa­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly we re­je­li peý­da­lan­ma­gyň, ony eg­sil­mek­den we ha­pa­lan­mak­dan go­ra­ma­gyň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan has ne­ti­je­li usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny düz­gün­leş­dir­mek ba­bat­da hem yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak hem-de arassa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek üçin 2010-njy ýy­lyň 4-nji okt­ýab­ryn­da «Agyz su­wy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny güý­je gir­di. 2011-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ilat­ly ýer­le­ri­ni aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­me­giň Baş mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Bu mak­sat­na­ma­da ila­ty­my­zy, şeý­le hem uzak­da­ky şä­her­çe­le­

Ýaşa, Arkadagly paýtagtym ýaşa!

Watanyň ýüregi, ýurduň baş kendi,Aşgabadym, gutly bolsun, ýaş toýuň!Eneleň dogasy, atalaň pendiBilen ýüze sylýas röwşen, gül roýuň! Hatar-hatar mermer ymaratlaryň,Al asmana uzap gidýän merdiwan.Okadym taryhyň dörüp gatlaryn,Kökleriň geçmişde, özüň nowjuwan.

Dünýä rekordyny täzelän Ýulduz

Üstünliklere ýetmek, ýeňiş gazanmak her bir adamyň kämillik basgançagynda esasy orny eýeleýär. Başarjaňlyk, yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bilen gazanylýan uly ýeňişler, üstünlikler bolsa, ynsan ömürlerini nurlandyrýar. Ol nuruň ýalkymy ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyşlap, göwünleri ganatlandyrýar. Ýulduzyň mährem käbesi, kyblasy ene toprakdan bagtyny, rysgyny tapan kärendeçiler. Mele topraga bagry badaşan şeýle maşgaladan bolan sadaja oba gyzynyň megerem, geljekde dünýä çempiony bolar diýip, hiç kim güman hem eden däldir. Ýöne, Ýulduzyň dünýä rekordyny täzeläp, çempion bolmak arzuwy durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu başgaça bolup hem bilmezdi. Sebäbi, geçmişde Harmandäli ýaly pälwan gyzlary bolan bu topragyň suwundan ganyp, behişdi miwelerinden iýip, jana tenekar howasyndan dem alyp, ese-boýa galan perzentleri Watanyň adyny belende göteräýmeli hem.

Sanly ulgam — täze ösüşleriň açary

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanmak boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi iş öndürijiligini artdyrmaga, wagty tygşytlamaga, işiň hilini gowulandyrmaga we depginini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda sanly ykdysadyýete geçmekde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň degişli üç tapgyryny öz içine alýar. Sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy islendik adam üçin öýde oturan ýerinden, öz möhümine we islegine görä saýlap, döwlet ulaglaryna ýol peteklerini satyn almaga, dükanlardan söwda etmäge, jemagat töleglerini tölemäge, bilim ulgamynda geçilýän okuw sapaklaryna onlaýn usulda goşulmaga, özleşdirilmän galan sapaklary ýörite portalda goýlan wideogörnüşli sapak ýazgysynyň üsti bilen gaýtadan özleşdirmäge we beýlekilere uly ýeňillikleri döredip, ýörite ýola çykyp barmak, nobata durup garaşmak ýaly birnäçe wagt sarp etmeleri, saglyk ýagdaýy sebäpli okuwa baryp bilmedik talybyň ýa okuwçynyň okuw prosesiniň gidişinde deň-duşlaryndan yza galmak meselesini aradan aýyrýar.

Nar we injir baglarynyň idegi

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky subtropiki ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem nar, injir, alma we beýleki gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Geçen ýyl daýhan birleşiginde 270 gektar meýdany tutýan nar agaçlaryndan, 12 gektar meýdany tutýan injir agaçlaryndan ýokary hilli önüm alyndy. Has takygy, geçen ýyl daýhan birleşigi boýunça naryň we injiriň bol hasyly ýetişdirildi. Bu bolsa daýhan birleşigiň kärendeçileri tarapyndan bellenilen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigini aňladýar. Şeýle hem daýhan birleşigiň 15 gektar meýdanynda ýaş alma nahallary oturdylyp, olara ýokary derejede ideg edilýär. Tejribeli kärendeçiler Döwletýar Berkeliýew, Oguldursun Gaýypowa, Maýa Şapoladowa, Gubadan Berdiýewa daýhan birleşikde gazanylan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Birleşigiň ussat kärendeçi bagbanlary baglara yhlasly hyzmat etmek bilen, miwe berýän agaçlaryň ýokary hasyl bermegi we ýaňy oturdylan nahallaryň kadaly boý almagy üçin agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda iş alyp barýarlar. Şu günler kärendeçi bagbanlar baglaryň ak güllere bürenen meýdanlarynda möhüm çäreleri amala aşyrýarlar. Miweli agaçlara ideg işlerini ýokarlandyryp, olardan bol hasyl almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Kiwi agajyny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watanymyzda dürli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge, olardan datly miwedir ir-iýmişleri we gök-bakja ekin önümlerini almaga uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, biziň tebigatymyzyň ýabany ösümlik dünýäsi hem örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ygally ýyllarda bahar aýlary dagetek düzlüklerinde, çöllük we sähra meýdanlarynda ýuwa ösümliginiň agdyklyk etmegi soganyň mekanydygyny aňlatsa, türşegiň bolmagy gawunyň, garpyzyň, ýabany sülebaşyň bolmagy süläniň, arpagan bolsa arpanyň, bugdaýyň ýabany görnüşleriniň bolmagy ak bugdaýyň watanydygyny ýene bir gezek subut edýär. Şeýle hem eziz Diýarymyz özge ýerlerde gaýtalanmaýan dürli görnüşdäki ir-iýmişleriň, şirinden-şeker miweleriň watanydyr. Mähriban ene topragymyzda öz Watanymyza mahsus bolan ekinlerden başga-da, gaýry ýurtlardan getirilip ekilýän, asla toprak-howa şertleri düýbünden başga bolan pürli agaçlar — eldar sosnasyny, možžewelnik, kiparis we tuýa arçasy ýaly agaçlaryň tohumyny ýygnamak, olary ösdürip ýetişdirmek tärlerini işläp düzmek ýa-da ozal ýabany ösýän meýdan ekinleri bolan türkmen arçasyny, ak sazagy, gyzyl gülälegi, üzärligi, göýüli ekerançylyk medeniýetine salmakda uly işler geçirilýär. Lebap welaýatynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän, watany Gündogar Aziýa bolan Pawloniýa agajyny muňa mysal getirmek bolar. Bu agaç köp kislorod bölüp çykarmak bilen, howany arassalaýar we ýeňil gurluşyk senagaty üçin çig m

Sakarçägäniň banany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän diýseň amatly şertlerinden peýdalanyp, ene topraga yhlasly ýapyşmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan önümleriň bolçulygyny döretmäge isleg bildirýän işeňňir adamlaryň, telekeçileriň, hususyýetçileriňdir hojalyk jemgyýetiniň sany üzül-kesil artdy. Üç-dört ýyllykda Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşen «Ferhar» hojalyk jemgyýeti hem şeýle asylly işe uly höwes bilen goşuldy. 2017-nji ýylda bu ýerde gurlan ýyladyşhanada oturdylan 2 müň düýp «Grantnina» görnüşli banan nahallarynyň biziň toprak-howa şertlerimize çalt uýgunlaşmagy, kesele durnuklylygy, öz-özünden köpelýändigi bilen ony ekip ýetişdirenleriň göwünlerini galkyndyrdy, bu ekine bolan höweslerini has hem artdyrdy. Sebäbi boýy 6 metre, esasy köküniň uzynlygy bolsa, 4 metre ýetýän banan agajynyň iň söýgüli iýmitiniň goýun, sygyr dersi ýaly ýerli dökünlerdigi, goşmaça-da möwsümine görä, azot, fosfor, kaliý ýaly mineral dökünleriň hem ýeterlik mukdaryny peýdalansaň, ýyladyşhanany daşky howa ýagdaýyna laýyklykda 24 — 30 gradus gyzgynlykda, 60 — 70 göterim derejedäki çyglylykda saklasaň, onda bu ekiniň eýesini dilgir etmejekdigine hojalyk jemgyýetiniň işewürleri ilkinji ýylda ymykly göz ýetirdiler. Şeýlelikde, jemi 1,32 gektar meýdany tutýan banan ýyladyşhanasyndan 2019-njy ýylda 49 tonna

«Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmen oba hojalyk instituty 2021 — 2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 20-nji martynda, 17-nji aprelinde we 15-nji maýynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara instituta girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

«Açyk gapylar» gününe çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti2021 — 2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 20-nji martynda, 17-nji aprelinde we 15-nji maýynda «açyk gapylar» gününe çagyrýar Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

Milli gymmatlygymyzyň şanyna uly toý tutular

Halkymyzyň arasynda aýdylýan «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum» diýen jümleler türkmenleriň alabaý itlerini durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrendiklerini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen döredilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýoluny dowam etdirip, nesilden-nesle geçirmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen aýdym-saz eserlerinde «ak altynyň» waspy

Türkmen topragynda ýetişdirilýän «ak altynymyzyň» waspyny edýän türkmen aýdym-sazlaryny diňläniňde, pagtaly meýdanlar göz öňünde janlanýar. Aýdym-saz halkymyzyň ruhy ganatydyr. Bu sungat tutuş asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mukaddes umydynyň hökmürowan syrdaşy bolup gelýär. Aýdym-saz tebigaty, durmuşy, söýgini gürrüň berýän sungatdyr. Türkmen saz sungaty halkyň geçmiş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Aýdymçy-bagşylarymyz ak pagtamyz hakynda kompozitorlarymyzyň döreden eserlerini halkyň arasynda uly joşgun, ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Kiçi ýaşly çagalarymyza çenli belli bolan Kerim Gurbannepesowyň sözlerine döredilen «Ak pagtam, gülleriňi aç, Ak pagtam dünýä nuruň saç» diýen aýdym setirleri her birimiz üçin ýakymly ýaşlygymyzy ýatladýan şirin aýdym bolup ýaňlanýar. Şeýle-de, Öwezgeldi Tekäýewiň ýerine ýetiren «Ak pagta – altyn pagta», Magtymguly Myşşyýewiň sözlerine Nury Muhadowyň döreden «Ak pagtaň ak bagtyňdyr», Ata Abdyrahmanowyň sözlerine Mämi Çaryýewiň ýerine ýetirmeginde «Pagta ýygýan maşynlar» ýaly aýdymlar öz döwründe we häzirki günlere çenli halkyň söýgüsini gazanan eserlerdir. Bulardan başga-da, Rehmet Seýidowyň goşgusyna, Weli Ahmedowyň sazyna döredilen «Pagta ýygymçy», kompozitor Rejep Gutlyýewiň sazyna Saparmyrat Babaýewiň ýerine ýetirmegindäki «Pagta hakynda aýdymy» örän täsirlidir.

Guşlara mahsus häsiýetler

Eziz Diýarymyzyň biologik dürlüliginiň baýlygy onuň geografiýa taýdan ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, haýwanat dünýäsiniň ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde oňurgaly haýwanlaryň 704 görnüşi hasaba alnyp, olaryň aglaba bölegi guşlardyr. Ýurdumyzda guşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda olaryň 255 görnüşi hasaba alyndy. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä, olaryň käbirleri oturymly ýaşaýyş keşbini alyp barýarlar, käbirleri höwürtgeleýärler, beýlekileri bolsa bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler. Suwly ýere mahsus guşlar Tejen derýasynyň kenarlarynda we Ýeroýulanduzuň köllerinde gyşlaýarlar. Ýyrtyjy guşlaryň Bathyzdaky sany 39 görnüşden ybaratdyr. Ýylançy gyrgy, sähra göwenegi, sykylykçy gyrgy ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtgelemäge gelseler, gulatylar, sähra garaguşy, tüýlek aýakly syçançy ýaly guşlar uçup geçýärler we gyşlaýarlar. Goraghananyň pisse tokaýlyklary, Gyzyljaryň, Ýeroýulanduzuň kert gaýalary bu guşlara höwürtge ýasamaga oňaýly şertleri döredýär.

«Bir ýyl tut ekseň...»

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň dürli ir-iýmişler, daragtlar, ekinlerdir ot-çöpler hakynda döreden gysgadan anyk sözleri olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna düşünmäge ýardam edýär. Biz hem şolaryň käbiri dogrusynda beýan etmegi makul bildik. «Buýanly topragyň berekedi egsilmez»

Tebigy dermanhananyň melhemleri «Türkmen sährasynyň ösümlik dünýäsi» atly goşgular toplumyndan

Alym Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplaryny okap, sere gelen setirler Ak sazak hakynda aýdym

Çarwa nowruzy

Çarwa nowruzy — alabahar. Bu 22-nji fewraldan 20-nji mart aralygyndaky döwür. Döwrüň başynda gündiziň dowamlylygy 11 sagat 2 minuta barabardyr, döwrüň ahyrynda bolsa, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolýar. Türkmen halk senenamasy boýunça 21-nji fewral gyşyň iň soňky güni hasaplanýar, 22-nji fewraldan bolsa bahar pasly başlanýar. Ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «Togsan doldy» diýip baýram edip belläpdirler.

Taryhy Karara gol çekildi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada, şeýle hem oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri dabaralanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanunçylygy we hukuk tertibini, dolandyryşy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä götermek döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek wezipesini öň hatara çykardy. Döwrüň talabyna görä, Baş Kanun hem, onuň esasynda kabul edilýän kanunlar hem kämilleşdirilýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar.

Ýaz bakyşly Mähribanlarymyza tagzym!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr.

Owadan dünýäme ýaň sen, baharym!

— Bahar geldi! Bahar geldi, näzenin gyz ýaly, enaýylyk bilen her wagt bir damja bolup çisňeýän ýaz ýagşyny görsene! Ýaz ýagşyndan soň mele topragyň özboluşly ysyndan doýar ýaly däl, demiňe dartdygyňça dartasyň gelýär — diýip, ýaşlaryň şadyýan sesleri gül-gülüstan bolan meýdanda ýaňlanýar. — Ynha, sähel salymdan meýdan kömelekleri hem gabarlyp çykar, narpyz, ysmanak, baý-bow, olardan ýygyp, tagam taýýarlasaň, gör, nähili lezzetli bolar, hany geliň, gyzyl güläleklerden çemen bogup, mähribanlarymyza sowgat edeliň — diýip, ýene biri seslenýär.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Arkadagymyz!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýlaryna barylýan günlerinde 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli körpeje gyzjagazlardan başlap, gelin-gyzlarymyzyň ählisine hem-de kümüş saçly mährem enelerimize hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy ýapyldy. Bahar paslynyň buşlukçysy bolup gelen bu baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň birnäçesiniň buýsançdan doly alkyşly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Gunça Allanazarowa «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Şeýle-de 8 çagaly bu bagtly zenanyň maşgalasy döwrebap, kaşaň täze jaýa göçüp bardy. Olaryň bu günki gün buýsançdyr begençleriniň çägi ýok. Bizem olaryň şatlygyna goşulyp, bu döwletli maşgala «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris.