Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Arkadagymyz!

7 Mart 2021
866

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýlaryna barylýan günlerinde 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli körpeje gyzjagazlardan başlap, gelin-gyzlarymyzyň ählisine hem-de kümüş saçly mährem enelerimize hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy ýapyldy. Bahar paslynyň buşlukçysy bolup gelen bu baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň birnäçesiniň buýsançdan doly alkyşly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Gunça Allanazarowa «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Şeýle-de 8 çagaly bu bagtly zenanyň maşgalasy döwrebap, kaşaň täze jaýa göçüp bardy. Olaryň bu günki gün buýsançdyr begençleriniň çägi ýok. Bizem olaryň şatlygyna goşulyp, bu döwletli maşgala «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris.