"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Iň uly mango

Biz mango ösümliginiň miwesini iň agyr bolanda 1-2 kilogramdan aňry geçmez diýip pikir edýäris. Ýöne kolumbiýaly fermerleriň ýetişdiren mangosy 4,25 kilograma ýetdi. Bu mango Kolumbiýanyň oba hojalyk toplumlarynyň birinde – Guaýata şäheriniň German Orlando we Reýna Mariya degişli San-Martin fermasynda ýetişdirildi. Täsin miwe Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.

Ary ýokanjy kesgitlär

Wageningen uniwersitetiniň Entomologiýa barlaghanasynyň we «lnsectSense» startapynyň alymlary Tuluzadaky (Fransiýa) Pol Sabatier uniwersitetinde işleýän kärdeşleriniň goldawy bilen, arylara koronowirus ýokanjyny ys arkaly saýgarmagy öwretdiler. Bu barada «agroxxi.ru» habar berýär. Tejribe işleri Pawlow usuly boýunça geçirildi. Onuň dowamynda her gezek ýokanjyň ysyny saýgaranda, arylar şeker bilen sylaglanyldy.

Hem bezeg, hem saglyk çeşmesi

Otag ösümlikleriniň öýüň howasyna oňyn täsir edýändigi ozaldan hem mälim. Ýöne otag ösümlikleriniň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, öýüň kislorod çeşmesi bolmakdan başga-da haýry kän eken. Biologiýa ylymlarynyň doktory, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynyň müdiri Wladimir Çub «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda otag gülleriniň öýüň ýyladyş ulgamyna hem uly täsiriniň bardygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde mirt we bibariýa ýaly otag gülleri hoşboý ysy hem-de fitonsid täsiri bilen öýdäki bakteriýalary ýok edip bilýär.

Dronlar ýagyş ýagdyrmakda ulanylar

Iňlis alymlary ekinleri ýagyş suwy bilen suwarmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar uçarmansyz uçýan enjamlaryň (dronlaryň) kömegi bilen ýagyş ýagdyryp boljakdygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Olaryň oýlap tapan täze tehnologiýasy ygal ýetmezçiligi meselesini çözüp biler diýlip çaklanylýar. Bu oýlap tapyş, esasan, howa şertleri gurak bolan ýurtlar üçin peýdalydyr. Çünki Ýer ýüzünde birnäçe aýlap nem dammaýan ýurtlar diýseň kän.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Döwletimiziň oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynda himiýa serişdeleri, mineral dökünleri ýylsaýyn köp mukdarda ulanylýar. Olar öndürilende, daşalanda we saklanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berilse, ýangynlaryň ýüze çykmagyna getirip biljek howply ýagdaýlary döredýär. Şoňa görä-de, döwletimiziň çäginde ýerleşýän himiýa önümlerini we mineral dökünlerini ulanýan hem-de obasenagat toplumy üçin mineral dökünleridir himiýa serişdeleri saklanýan edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlygy boýunça talap edilýän düzgünleriň berjaý edilmegi zerurdyr. Täze işe kabul edilýän işçi-gullukçylar, inžener-tehniki işgärler üçin ammar jaýlaryndaky saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň häsiýetlerini düşündirýän maglumat beriji, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwrediji gözükdiriş işleri geçirilmeli. Iş güni gutarandan soň, himiýa önümleri, mineral dökünleri saklanýan ammar jaýlary ýapylmazdan öň, hemme ýerlerini ünsli gözden geçirip, ýangyn howpsuzlyk düzgün bozmalary bar bolan halatynda, olaryň doly düzedilmegini gazanmaly. Ammar jaýlarynyň müdirleri saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň esasy fiziki-himiki häsiýetlerini, ýangyn dörän halatynda oňa garşy göreşmegiň çärelerini, Ýangyn howpsuzlygy gullugyny öz wagtynda çagyrmagy, meýletin ýangyn söndüriji topar agzalary bilen bilelikde ýangyna garşy göreşmegiň düzgünlerini bilmäge borç

«Galkyp ganat gerdigim, sap söýgüden gurdugym...»

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat — Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

Ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat barada söhbet edilende, ynsanyň ömürboýy hemra edinýän ak arzuwlary ýadyňa düşýär. Şeýle bolmazça-da däl. Çünki ak arzuwlara meňzeş paýtagtymyzyň ähli künjegi ak mermere beslenip oturan belent binalary, suw çüwdürimleri, döwrebap desgalary bilen görenleri haýrana goýýar. Ylaýta-da, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Aşgabat şäheriniň arhitektura — binagärlik gurluşy düýbünden diýen ýaly özgerdildi. Şoňa görä-de, mermer paýtagtymyz dünýäde iň owadan, arassa, ak mermerden bina bolan şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Biz hem 140 ýaşy toýlanýan paýtagt şäherimiziň toýly günleriniň öň ýanynda onuň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren binalarynyň käbirleri dogrusynda gysgaça durup geçmegi makul bildik.

Watan gahrymanlary ýüreklerde ebedidir

Öz döwründe arzuw bilen ýetilen Beýik Ýeňiş akly-gyzylly bägüller bilen garşylanýar. Watançylyk urşunda türkmenistanlylar ynsan erkiniň, güýjüniň ýanbermezligini çydamlylygy, mertligi, gaýduwsyzlygy bilen subut etdiler. Türkmenistandan urşa çagyrylanlaryň ençemesi «Gahryman» diýen belent ada, onlarçasy «Şöhrat» ordenine eýe boldy. Mähriban Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew gahrymançylykly we edermenlikli söweş ýoluny geçdi. Berdimuhamet Annaýewiň türkmen ýigitlerine mahsus beýik adamkärçiligi, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýol-ýörelgelerine eýeren söweş we zähmet ýoly gahrymançylygyň beýik mekdebidir. 2018-nji ýylda Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen, «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagy hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda mertlik görkezen ildeşlerimize, uruş weteranlarymyza goýlan beýik sarpadan nyşandyr. 2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty we söweş ýoluny külterlän 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweş baýdagy ýurdumyza getirildi. Ýeňiş gününe bagyşlanan harby ýörişde baýdagyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ilhalar ynsanyň durmuş hem-de zähmet ýoly biziň her birimiz, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň, maksadaokgunlylygyň, pederleriň ýol-ýörelgelerine ygrarlylyg

Bereketli hasyla garaşylýar

Şu günler Saýat etrabynyň oba zähmetkeşleri 16 müň gektar meýdandaky maýsalaryň kadaly boý alyp, bol hasyla beslenmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bugdaý ekilen meýdanlary mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak häzirki döwürde gallaçy daýhanlaryň öňünde durýan möhüm çäreleriň biridir. Şeýle çäreleriň ylmy esasda, göwnejaý alnyp barylmagyny gazanýan etrabyň zähmetsöýer gallaçylary wagtyň her pursadyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Ösüş suwuny tutmagyň däneçilikde esasy çäreleriň biridigine gowy düşünýän edermen kärendeçiler ýaşyl maýsalara ikinji ösüş suwuny tutmagy tamamladylar. Ösüş suwunyň degişli ideg işleri bilen sazlaşykly ýola goýulmagy maýsalaryň bol hasyla durmagynda uly ähmiýeti bardyr. Öňlerinde goýan aýdyň maksatlaryna ýetmegi, ýokary hilli galla hasylyny kemala getirmegi maksat edinýän edermen kärendeçiler maýsalaryň idegine yhlasly zähmetini siňdirýärler.

Berkarar döwletiň bagtyýar gerçegi

Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýigitleriň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyp ýigitleriň 25-si gatnaşdy. Bäsleşige ýokary derejede taýýarlykly gelen talyp ýigitlerden ýeňijini kesgitlemek eminler toparyna ýeňil düşmedi. Netijede, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Ýazdurdyýew bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Oňa bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Diplomdyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz Merdany gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi.

Talyplar gowaça ekişine gatnaşdylar

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin alynýan dünýä belli «John Deere», «Claas» kompaniýalarynyň tehnikalaryna we oba hojalyk enjamlaryna erk etmek, olary öwrenmek maksady bilen, oba hojalyk uniwersitetimiziň 5-nji ýyl talyp ýaşlary ýurdumyzda gowaça ekişiniň geçirilen günlerinde ýörite düzülen maksatnama boýunça Gökdepe etrabynyň, Ak bugdaý etrabynyň «Tehniki hyzmat ediş» kärhanalarynda, şonuň ýaly-da, uniwersitetimiziň okuw-tejribe hojalygynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Uniwersitetimiziň okuw-tejribe hojalygynda gowaça ekişi üstünlikli alnyp baryldy. Bu ýerde talyplar tehnikalaryň, ekijileriň, sürüm agregatynyň işlerine doly gatnaşyp, gowaça ekmek üçin niýetlenen 200 gektara golaý ýerde «Ýolöten-7» we «TOHU-17» ýaly gowaça çigidini ekmek işleri bilen ýakyndan tanşyp, nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik tejribeliginde berkitdiler. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň Arkadag Prezidentimiziň özleri hakda edýän taýsyz tagallalaryna begençleriniň we hoşallyklarynyň çägi ýok.

Saglyk iň uly baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Böwürslen azyklyk we dermanlyk ösümlikdir

Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi duş gelýär. Türkmenistanda tebigy şertlerde böwürsleniň birnäçe görnüşi bar, olar, esasan hem gülgüne we Garrygala böwürslenleridir. Olar Köpetdagda we Balkan daglarynda tebigy şertlerde ösýärler. Miwesi gaýtadan işlenilip, şire, mürepbe taýýarlanylýar. Böwürsleniň ýapragy, baldagy, miwesi, köki halk lukmançylygynda iýmit hem-de dermanlyk üçin ulanylýar.

Kömelekli tagamlar

Bahar geldigi ak çabgalar şabyrdap inende giň sähralardaky selmeler birenaýy ýuwlup, kümüşsöw ýapraklaryny güjeňlärler. Asmanda müň öwüşginli älemgoşar peýda bolup, ýazyň ýakymly nygmatlaryny wada berýäne meňzär. Ana, şol günden soň, oba çagalary gaty uzaklaşdyrman ellerine taýajykdyr sebetjik alyp, gidibererler toparlanyşypjyk kömelek gözlemäge. Ene toprak inine siňen behişdi nemiň güýjüne posurdap özi diýip gelene «aýasyny açar-da» sahylyk görkezer. Mährem topragyň ynsan saglygy üçin bahasyz derman hasaplanýan şeýle tagamly nygmatlarynyň biri-de kömelekdir. Olaryň arasynda «gelin kömelek» adyny alan görnüşi has hem bereketli we peýdalydyr. Eneler aýtmyşlaýyn, «Höwür-höwür» diýip, kömelek gözläp ugrasaň, olar biri-biriniň syryny açarmyşlar. Topragy çalaja galdyryp, güberlipjik duran kömelejigi tapan ugruňa syn etseň, töweregindäkilere hem bada-bat gözüň düşer. Şeýdip, oglanjyklar nädip sebetjiklerini dolduranlaryny duýman galarlar. Olar çaltrak öýe ýetmäge howlugarlar.

Takyk ekijiler

Gowaçadan ýokary hilli pagta hasylyny almak üçin ýerler öz wagtynda kada laýyk agrotehniki talaplar boýunça taýýarlanmaly. Ýerleri gowaça ekişine göwnejaý taýýarlap, ekişi öz wagtynda geçirip, ýokary hilli gögeriş almagyň ähmiýeti uludyr. Gowaça ekişine howanyň gije-gündizdäki ortaça temperaturasy durnukly 12 – 14 derejä ýetende başlamak maslahat berilýär. Ekişiň möhletini her bir hojalykda topragyň mehaniki düzümine görä geçirmeli. Mehaniki düzümi boýunça ýeňil, çägesöw toprakly ýerlerde gowaça ekişini ir geçirmeli. Her bir hojalygyň toprak şertlerine baglylykda, ekiş geçirmegiň senenama meýilnamasy bolmaly. Gowaça ekişinde ulanyljak çigitler kök çüýreme we gommoz kesellerine garşy dermanlanan bolmaly. Gowaça tohumlaryndan tiz we kadaly gögeriş almak üçin tohumlar ezilýär. Gowaça çigitleri howanyň salkyn wagtlary 4–6 sagat, howa gyzanda bolsa 12–16 sagadyň dowamynda basyrylyp çyglandyrylýar.

Dowardarçylykda seçgiçilik işiniň ähmiýeti

Goýunlardan tebigy taýdan ekiz guzy almagy ýokarlandyrmak — olary höwre taýýarlamak, höwür möwsümini talabalaýyk geçirmek we ene goýunlary idetmek işlerini öz içine alýar. Möwsüme taýýarlyk görmek üçin, ilki bilen toklulary öz wagtynda enesinden seçip aýyrmaly hem-de höwre goýuljak sürini düzmeli. Bu çäräni höwür möwsümine 2-2,5 aý çemesi wagt galanda (iýul aýynda) amala aşyrmaly. Goýunlary «Ýaldyrak» dogandan soň, mal gezmedik, ot-çöpe baý, sonarly, şoraly, başlary dänelän ösümlikleri bolan öri meýdanlarynda gijelerine bakmak, arassa we süýji suwly guýularda suwa ýakmak tejribesiniň ulanylmagy diňe bir goýunlaryň guratlygyna däl, eýsem, olaryň işjeňligine, ýagny, tebigy ekiz guzy berijiligine oňaýly täsir edýär. Höwür möwsümi başlamanka, ene goýunlaryň orta we ortadan ýokary semizlikde bolmagyny gazanmaly. Şonuň üçin höwür möwsümine taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän döwürlerinde sürini ussat çopanlaryň hut özleri bakmaly. Munuň esasy sebäbi ýylyň şol döwürleri goýun malynyň duýgurlygy has ýokary bolýar. Şol döwürde süriniň örüsi, suwy, çopany üýtgese, mallar öňki durkuny tapyp bilmeýärler.

Umyt guşy (Hekaýa)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: «Durnalary tüýs ýürekden söýýärin,Olar oýa batyp uçanda des-deň.Günlerem ötüp dur nobatma-nobat,Biz saňa henizem garaşýas, esger!»

Şygryýet älemi

Ýeňiş Baýdagmyzy buýsanç bilen parladan —Ýeňiş.Hoş habary bütin dünýä ýaýradan — Ýeňiş.

Goňşy — goňşynyň aýnasy

Biziň halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Pederlerimiz goňşy halklara, olaryň däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen, goňşuçylyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdüripdirler. Şeýle ynsanperwer ýörelgelere eýermek bilen, öz nobatynda halkymyz hem uly abraý-mertebä eýe bolupdyr. Çünki sylag-hormatyň, dost-doganlygyň bar ýerinde agzybirlik, ynanyşmak ýaly, adamzady bezeýän asylly häsiýetler bar. Muňa aňryýany bilen düşünýän şahandaz halkymyz «Goňşy – goňşynyň aýnasy», «Kyýamat güni goňşudan», «Ýer alma, goňşy al», «Goňşy goňşa hemsaýa» ýaly birnäçe pähim-parasatlary döredipdirler. Hoşniýetli gatnaşyklar dost-doganlygyň barha güýjemegine, agzybirligiň berkemegine itergi berýär. Dostlugyň we dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde uly ösüşlere ýetip bolýandygy barada hem ençeme pähimler bar. Il içinde kimdir biriniň öz dosty bilen agzybirlikli, ýakyn we berk gatnaşygy häsiýetlendirilende, «Içen suwlary aýry gitmeýän dostlar» diýlip, ýüregiňe jüňk bolýan jümleleri dile alýarlar. Bu babatda bir derýadan – Amyderýadan suw içýän türkmen halky bilen doganlyk özbek halkynyň dostana gatnaşyklary dogrusynda söhbet etmezlik asla mümkin däl.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa — daşky gurşawyň goragy

Ýurdumyzyň energetika gorlary, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri halkymyzyň umumymilli baýlygydyr. Energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak üçin hem ähli zerur şertler bar. Gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden peýdalanmagy hem-de önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde gymmatly serişdeler diňe bir ýangyç bolman, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Türkmenistan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýilnama esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzda ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.