Takyk ekijiler

9 Maý 2021
1027

Gowaçadan ýokary hilli pagta hasylyny almak üçin ýerler öz wagtynda kada laýyk agrotehniki talaplar boýunça taýýarlanmaly. Ýerleri gowaça ekişine göwnejaý taýýarlap, ekişi öz wagtynda geçirip, ýokary hilli gögeriş almagyň ähmiýeti uludyr. Gowaça ekişine howanyň gije-gündizdäki ortaça temperaturasy durnukly 12 – 14 derejä ýetende başlamak maslahat berilýär. Ekişiň möhletini her bir hojalykda topragyň mehaniki düzümine görä geçirmeli. Mehaniki düzümi boýunça ýeňil, çägesöw toprakly ýerlerde gowaça ekişini ir geçirmeli. Her bir hojalygyň toprak şertlerine baglylykda, ekiş geçirmegiň senenama meýilnamasy bolmaly. Gowaça ekişinde ulanyljak çigitler kök çüýreme we gommoz kesellerine garşy dermanlanan bolmaly.

Gowaça tohumlaryndan tiz we kadaly gögeriş almak üçin tohumlar ezilýär. Gowaça çigitleri howanyň salkyn wagtlary 4–6 sagat, howa gyzanda bolsa 12–16 sagadyň dowamynda basyrylyp çyglandyrylýar.

Muhammetrahym MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň kiçi ylmy işgäri.