Berkarar döwletiň bagtyýar gerçegi

9 Maý 2021
1223

Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýigitleriň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyp ýigitleriň 25-si gatnaşdy.

Bäsleşige ýokary derejede taýýarlykly gelen talyp ýigitlerden ýeňijini kesgitlemek eminler toparyna ýeňil düşmedi. Netijede, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Ýazdurdyýew bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Oňa bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Diplomdyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz Merdany gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi.

Mahym KULBAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň hünärmeni.