Öz döwründe arzuw bilen ýetilen Beýik Ýeňiş akly-gyzylly bägüller bilen garşylanýar. Watançylyk urşunda türkmenistanlylar ynsan erkiniň, güýjüniň ýanbermezligini çydamlylygy, mertligi, gaýduwsyzlygy bilen subut etdiler. Türkmenistandan urşa çagyrylanlaryň ençemesi «Gahryman» diýen belent ada, onlarçasy «Şöhrat» ordenine eýe boldy.
Mähriban Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew gahrymançylykly we edermenlikli söweş ýoluny geçdi. Berdimuhamet Annaýewiň türkmen ýigitlerine mahsus beýik adamkärçiligi, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýol-ýörelgelerine eýeren söweş we zähmet ýoly gahrymançylygyň beýik mekdebidir. 2018-nji ýylda Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen, «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagy hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda mertlik görkezen ildeşlerimize, uruş weteranlarymyza goýlan beýik sarpadan nyşandyr. 2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty we söweş ýoluny külterlän 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweş baýdagy ýurdumyza getirildi. Ýeňiş gününe bagyşlanan harby ýörişde baýdagyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ilhalar ynsanyň durmuş hem-de zähmet ýoly biziň her birimiz, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň, maksadaokgunlylygyň, pederleriň ýol-ýörelgelerine ygrarlylygyň ajaýyp nusgasydyr. Mähriban Prezidentimiziň enesi Ogulbäbek eje, kakasy Mälikguly aga uruş ýyllarynda tylda janaýaman zähmet çekip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular.