Ýüpekçilikden kämil hünärmenler taýýarlanylýar
Ýurdumyzda ýüpekçiligi mundan beýläk-de ösdürmekde, ondan ýokary görkezijileri gazanmakda hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, 2007-nji ýyldan bäri uniwersitetimizde okaýan ýüpekçi hünärmenleri taýýarlamak üçin ýörite ýüpekçilik tejribehanasy hereket edýär. Ýüpekçilik hünäriniň talyplary kafedranyň ýaş mugallymlary bilen bilelikde «Türkmenistanyň şertlerinde ýüpek gurçugyndan iki hasyl almagyň tehnologiýasyny işläp düzmek» diýen ylmy işiň çäginde ilkinji bolup, ýüpek gurçugynyň beden gurluşyny öwrenmekden başlap, tä piläniň ilkinji işlenip, fabriklere tabşyrylýança edilýän işleriň geçirilişi barada nazary okuwlary, amaly sapaklary geçýärler. Ylmy işiň çäginde talyplar her ýyl ýüpek gurçuklaryndan iki hasyl almagyň tärini öwrenýärler. Şeýle hem talyplara ýüpek gurçugyny idetmegiň düzgünleri hytaý tehnologiýasyna laýyklykda öwredilýär.