Pagta hasyly we süýümiň çykymy

20 Iýun 2021
899

Dünýäde gowaçanyň 4 sany biologiki görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan iň köp ekilýäni gowaçanyň «G.hirsutum L.» görnüşine degişli orta süýümli sortlarydyr. Olar Ýer ýüzünde ekilýän gowaçanyň ekin meýdanynyň 90 göterimini eýeleýän bolsa, gowaçanyň «G.barbadense L.» görnüşine degişli inçe süýümli sortlar 8 göterimini tutýar.

Gowaça, esasan, pagta süýümini almak üçin ekilip, onuň hasyly iki görnüşde hasaplanýar, ýagny, köp ýurtlarda onuň süýüm hasyly hasaba alynýan bolsa, beýleki ýurtlarda pagta hasyly hasapda durýar.

Rejepmyrat BERDIMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.