Berjaý edilmeli düzgünler

20 Iýun 2021
803

Mallary ýangyn howpundan goramak her bir maldaryň borjy. Mallardyr guşlar üçin taýýarlanan ot-iýmleri olaryň daşyna çykarylýan ýollaryň ugurlarynda ýa-da päsgel berip biljek ýerlerde ýerleşdirip goýmak gadagan. Mallaryň, guşlaryň saklanýan desgalarynyň gapylary, derwezeleri diňe daş tarapa, desgadan çykylýan ugur boýunça açylmaly. Desgalaryň ätiýaçlyk gapylaryny islendik wagtda açmaga mümkinçilik bolmaly. Mallaryň, guşlaryň gapylarynyň öňünde basgançak ýa-da pyrlanýan gapylar ýaly mallaryň çykmagyna päsgel berijileriň goýulmagy talabalaýyk däl. Mallaryň, guşlaryň saklanýan ýataklarynda ýeňil ýanyjy suwuklyklaryň, maddalardyr jisimleriň saklanmagy gadagan edilýär.

Ýangyn ýüze çykan ýagdaýynda mallaryň tiz wagtda boşadylmagyny we ýatakdan çykarylmagyny üpjün etmek üçin süýt önümleri fermalarynda mallary toparlaýyn daňmak usulyny ulanmak zerurdyr. Mallaryň, guşlaryň saklanýan ýataklarynda elektrik geçirijileri polat turbalaryň içinden geçirilen we ýagtylandyryjy çyralarynyň daşlary gorag aýna örtükleri bilen ýapylan ýagdaýda bolmaly.

Maksat ORAZOW,
TIIM-niň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiriniň orunbasary.