Suw hojalyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär

13 Iýun 2021
1126

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Bereketli toprak».