Ynsan saglygy daşky gurşawyň ýagdaýyna örän bagly bolup durýar. Adam öz saglygyny goramak üçin tomus paslynda Gün şöhlesinden goranyp gezmeli bolýar. Ata Watanymyzda tomus pasly jokrama yssy howasy bilen hasda tapawutlanýar. Gyzgynlygyň ýokarlanmagy adam bedeninde myşsalaryň işjeňligini peseldýär. Gün şöhleleriniň täsiri esasynda adam bedeniniň bolmalysyndan aşa köp gyzmagy beden agramynyň azalmagyna, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we ýürekdamar ulgamlaryndaky bozulmalara, ganyň goýalmagyna, bedeniň kesele garşy göreşijiliginiň peselmegine getirip bilýär. Gün urmasyna sezewar bolan adamyň özüni duýşy we işdäsi peselýär, beden gyzgynlygy peýda bolýar, ukusynyň we içegeleriň işleýşiniň bozulmagy, akyl we fiziki işjeňliginiň peselmegi ýüze çykýar. Esasanda, Gün şöhlesiniň täsirinden kiçi ýaşly çagalary we gartaşan adamlary gorap saklamalydyr.
Tomus günleri Gün urmasyna köp duş gelinýär. Çagalar howanyň ýagdaýyna seretmezden, daşarda oýnamagy halaýarlar. Çagalara gereginden artyk Günüň aşagynda oýnamak zyýanlydyr. Gün urmasy — bu lukmanlaryň aýtmagy boýunça aşa yssy howada Gün şöhlesiniň täsir etmegi netijesinde kellebeýnä zeper ýetmegidir. Şeýlelikde, Günüň aşagynda bedeniň öte gyzmagy netijesinde merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär. Munuň sebäbi bedeniň öz düzüminde bar bolan suwy, mineral duzlary ýitirmegi bilen baglydyr. Gün şöhlesi adamyň jan saglygy üçin peýdaly hem bolsa, ony ýerlikli ulanmagy başarmaly. Daşarda we çagalar baglarynda çagalar kölegelerde oýnamaly. Olara geýdirilýän eşikler nah matalardan bolmaly we Günüň astynda çagalary kelle açyk gezdirmeli däl. Şeýlede, köpçülik ýerlerinde, awtobuslarda beýleki adamlar bilen 2 metr howpsuz aralygy saklamaly, agyzburun örtüklerini dakynmaly. Elleri ýygyýygydan sabyn bilen ýuwup durmaly. Hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň hemde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirmegiň saglyk üçin örän ähmiýeti uludyr.