Garaköli goýunlarynyň önümliligi hem-de hili

20 Iýun 2021
1037

Häzirki wagtda dünýäde goýunlaryň 1200-den gowrak dürli ugurly tohumy örňedilýär. Olaryň sany häzirki günde ortaça 1,081 milliarda ýetýär. Dünýäde bar bolan goýunlaryň içinde ýeke-täk garaköli tohumly goýunlar çöllük we ýarym çöllük şertde uýgunlaşyp, dürli öwüşginli bagana we et-ýag, ýüň bermäge ukyply hasaplanylýan görnüşidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda mallaryň hemme görnüşinde bolşy ýaly, dowardarçylykda goýunlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça Mary welaýatynda önjeýli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Döwlet maldarçylyk birleşiginde bar bolan dowarlaryň düzüminiň 80 – 85 göterimi gara reňkli galamgül bagana görnüşli goýunlardan ybarat bolup, bu welaýatda şol ugur boýunça ýörite tohum mallaryny ösdürýän hojalygyň ýokdugy nazara alnyp, Ýolöten etrabynyň «Garaköl» dowardarçylyk hojalygynda dowarlaryň agramyny ýokarlandyrmak we galamgül bagana görnüşli garaköli goýunlarynyň ene sürülerini döretmek maksat edinildi.

Jumageldi AÝTMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.