"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Şalyçylykda adygan

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby pagta, bugdaý, gök we bakja önümleri bilen bir hatarda şalynyň hem bol hasylyny ýetişdirýär. Şaly ösdürip ýetişdirmek boýunça etrabymyzyň «27-nji oktýabr», S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar. Bu hojalyklar ýylyň-ýylyna şalynyň bol hasylyny öndürip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şaly öndürmek boýunça baý tejribe toplan ussat kärendeçiler etrabymyzda barmak büküp sanardan kän. Olaryň hatarynda «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Toýly Halmyradowy aýtmak bolar. Bu kärendeçi özüniň 26 gektar kärende ýerinde 16 ýyldan bäri şalyçylyk işi bilen meşgullanýar. Ol özüniň baý iş tejribesi bilen ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý edýär. Geçen ýyl ol özüniň kärende ýerinde şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan «Elenga», «Müňbaş» sortlaryny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekip, ekilen şaly meýdanynda tekiz, oňat gögeriş gazanmagy başardy. Elbetde, şaly ösdürip ýetişdirmek, ýokary netijeleri gazanmak aňsat iş däl. Bu ugurda kärendeçiniň maşgala agzalary ýakyndan ýardam berýärler. Esasan hem, körpe ogly Ahmet hemişe kakasynyň ýanynda bolup, iş tejribesini artdyryp, kakasy ýaly ezber şalyçy bolup ýetişmek üçin ekişe taýýarlykdan başlap, hasyl ýygymyna çenli aralykda ähli zerur

Saglyk hemmämiz üçin zerur!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Milli itşynaslyk sungaty rowaçlanýar

Häzirki wagtda gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu babatda ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Munuň özi milli itşynaslyk sungatynyň ylmy esasda düýpli öwrenilmegine, onuň iň oňat däpleriniň ösdürilmegine, seçgi-tohumçylyk usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaý itlerimiziň nesil şejeresini ýöredip, olary köpeltmäge, türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen kinologlaryny taýýarlamak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň düzüminde kinologiýa bakalawr taýýarlyk ugry boýunça hünär açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eseri ýaş kinologlaryň ýankitabyna öwrüldi. Milli buýsanjymyzy beýan edýän kitapda türkmen alabaý itleriniň taryhy gelip çykyşyny, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän, ata-babalarymyzyň it hakda döreden nakyllary, rowaýatlary, pähim-paýhaslary, alabaýyň daşky görnüşiniň aýratynlyklary, gylyk-häsiýetleri, güjüklik döwrüniň döwürlere bölünişi we olara seredilişi, saklanylyşy, iýmitlendirilişi, ösdürilip ýetişdirilişi we seçgi-t

Ýuwuş suwunyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary

Şorlaşan toprakda ýuwuş suwuny ýeriň gowy tekizlenen ýagdaýynda geçirmek akar suwlary tygşytly ulanmagyň we ýuwuş suwunyň hiliniň ýokary bolmagynyň esasy şertleridir. Gowy tekizlenen ýerde ýuwuş suwy geçirilende, ekinler üçin zyýanly duzlaryň ýuwulmagy 1,5-2 esse çaltlanýar we berilmeli suwuň möçberi hem tygşytlanýar. Şonuň bilen birlikde ýerleri gurplandyrmak üçin organiki hem-de mineral dökünleri ýeterlik derejede bermeli. Organiki we fosfor, kaliý dökünleriniň bir bölegi ýuwuş suwunyň öňüsyrasynda sürümiň aşagyna berlende, gowy netije berýär. Sürümiň aşagyna özünde çig tebigy fosfory, kükürdi we köp mukdarda mikroelementleri saklaýan dökünleýji meliorantlar berlende, ýuwuş suwunyň hiline oňaýly täsir edýär.

Saryja goýnuň ýüňi

Biziň ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan el halylaryny dokamak üçin, esasan, saryja goýnuň ýüňi ulanylýar. Ýarym irimçik, ak reňkli, uzyn sütükli, ýumşak, çeýeligi ýeterlik bolan saryja goýunlaryň ýüňi haly dokamak üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Dünýä belli türkmen halylarynyň berkligi, reňk aýratynlyklary, nagyşlarynyň aýdyňlygy gös-göni saryja tohumly goýunlaryň ýüňüniň hiline baglydyr. Türkmen halylary saryja goýnuň ýazky ýüňünden dokalýar. Uzak ýyllaryň dowamynda halk seçgiçiliginiň netijesinde döredilen saryja tohumly goýunlar özünde gymmatly biologiki hem hojalyk ähmiýetli aýratynlyklary jemleýär.

Gök ekinleriň ýaprak köwüjisi

Ýokary hilli hasyl almak üçin ekinleri zyýanberijilerden gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gök ekinleriň ýaprak köwüjisi hem zyýanberijileriň biri bolup, ol ösümlikleriň 50 görnüşine, esasan, ot-iýmlik ösümliklere, aýratyn hem ýorunja, gawuna zyýan ýetirýär. Siňegi ownuk garamtyl sary bolup, ol 1,3 – 2,3 millimetr uzynlykda bolýar. Bu zyýanberijiniň bir ýaşyndaky gurçugy ilkibaşda reňksiz bolup, soňra ol açyk sary reňkden mämişi reňke geçýär. Gundak döwründe gyşlaýar.

Melhemler hazynasynyň düri

Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürden bäri bellidir. Muhammet Gaýmaz Türkmen özüniň «Pygamber tebipçiligi» atly meşhur eserinde öt haltasynyň keselleriniň üzüm bilen bejerilişi barada gürrüň berýär. Meşhur tebip Muhammet Huseýiniň «Melhemler hazynasynda» ýazylyşyna görä, üzüm peýdaly miweleriň biri. Halk lukmançylygynda ösümligiň iýmişi gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy), ganazlygyň, bronhial demgysmanyň, öýken inçekeseliniň, aterosklerozyň, babasylyň, dowamly nefritiň, daşly keselleriň başlangyç döwründe, şeýle hem bagyr kesellerinde, nerw ulgamynyň gowşaklygynda, bedende ýaglaryň we minerallaryň alyş-çalşy bozulanda ulanylýar. Onuň öt çykaryjy, gakylyk gopduryjy täsiri bolan melhemlikleri dürli kesellerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýapraklarynyň jöwheri basykda (anginada) bokurdak çaýkamak üçin, başly ýaralarda ýaralary bitirmek üçin peýdalanylýar, ownuk kerçelen ter ýapraklary ýaralara, çybana ýapylýar.

Şäher tokaýa öwrüler

Häzirki wagtda Hytaý hökümeti mekgejöwen, apelsin we mangony ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär. Özem geň ýeri, şäher içinde. Bu oba hojalyk önümlerini, esasan, şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde we gatlarynda ösdürip ýetişdirmek örän amatlydyr. Geçen ýyl Hytaý hökümeti meşhur italýan binagäri Stefano Boeri bilen gepleşiklere başlady. Bu binagäriň iň meşhur işi bolan «Dik tokaý» (Bosco Verticale) — Milanda baglar bilen örtülen gök binalaryň toplumyny emele getirdi. Hytaý tarapy şuňa meňzeş toplumyň Nanjingdäki (Hytaýyň Jiangsu welaýaty) binalarda köpeldilmegini isleýär. Taslama şäherdäki ulaglardan bölünip çykýan gazlaryň howasyny özüne siňdirip, arassa howany emele getirer. Hytaý halky şäher içindäki dik binalarda gök we miwe önümleri hem-de 2,5 müňe golaý gyrymsy agaçlary ekmegi maksat edinýär. Olaryň maksatlary ýerine gowuşsa, geljekde Nanjing şäheri «Tokaý şäherine» öwrüler.

«Allak kaka, alsana meni!» (Gülküli kyssa)

Arada Allak kakanyň doglan gününiň şanyna çagalary üýşüp, el telefonyny sowgat etdiler. Allak kakanyň şondaky begenäýşini bir görsediňiz! Otursa-tursa el telefonyny ýanyndan aýyrmady. Ýogsam, oňa gün içinde bir gezek jaň edýänem ýokdy. Onda-da, telefonyny ile-güne güjeňläp, daşyndan guwanmasy näme degmeýär?! Bir gün welin telefon bilen bagly bir waka boldy. Allak kaka aram-aram el telefonyny ýitirip, goýan ýerini unutmany çykardy. Onsoň ony tapyp bermek ululara-da, kiçilere-de iş boldy. Hernä agtyklaryndan biri wagtynda bu ýagdaýyň çäresini tapdy oturyberdi. Ol atasynyň telefonyna jaň edilende: «Allak kaka, alsana meni!» diýen sesli ýazgyny oturtdy. Şeýdibem, ýiten telefony gözlemekden dynaýdylar. Hezil bolaýdy, Allak kaka: «Telefonymy tapamok» diýdigi, oňa başga bir telefondan til kakýaň welin, ol nirede bolsa-da: «Allak kaka, alsana meni!» diýip, jogap berip dur.

Saman bäsleşigi

Ýaponiýa diňe bir tehnologiýa taýdan ösen ýurt bolup, onuň ilaty dürli görnüşli robotlary ýasamak bilen çäklenmän, eýsem, olar döredijilik bilenem meşgullanýarlar. Her ýyl Niigatanyň we Kagawanyň meýdançalarynda saman heýkelleriniň bäsleşigi geçirilýär. Ýaponiýanyň oba ýerlerinde şaly hasyly ýygnalandan soň, galan sypallar maldarçylyk hojalyklaryna ugradylýar. Birnäçe wagtdan soňra ugurtapyjy maldarlaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli ägirt uly haýwanlaryň heýkelleri ýasalýar. Ýapon daýhanlary bu pikiri şeýle bir goldadylar welin, döredijilik eserlerini görkezmek üçin tutuş bir baýramçylyk bäsleşigini guradylar. Bu bäsleşige ýylsaýyn Ýaponiýanyň dürli künjeginiň wekilleri öz eserlerini görkezmek üçin gatnaşýarlar. Munuň netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinden jahankeşdeler döredilen ajaýyp heýkelleri görmek üçin bäsleşige gelýärler.

Sarymsak — serim sag

Adam saglygyna peýdaly ekinleriň biri sarymsakdyr. Halk lukmançylygynda boz toprakly, döküni ýeten, bol suwly ýerde ekilip, alnan sarymsagyň adamyň ýüzüniň durkuny gowulandyrmakda, gözüniň görejini ýiteltmekde, gulagyň gowy eşitmeginde peýdasynyň köpdügi bellenilýär. Hatda ir döwürlerde-de saçyň düşmeginiň öňüni almak üçin hem sarymsagy saç düýbüne çalypdyrlar. Bu bolsa saç düşmeginiň öňüni alypdyr. Orta ýaşan adamlar sarymsagyň dişini ikä bölüp, dişiň etine çalypdyrlar. Şeýdip dişleriniň berkemegine şypa beripdirler. Adamyň bedenine düşen ýaralary-da sarymsak suwy bilen bejeripdirler.

Goýun guzusyny almasa...

Dowardarçylyk bilen meşgullanýan adamlara körpejiň nämedigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Körpeç — gyşyň ahyrynda, ýazyň başynda doglan owlak-guzulary sowukdan goramak üçin agylyň içinden gazylýan döle şekilli çukur. Onuň içine gijelerine ýaşajyk owlak-guzular salnyp goýulýar. Ýöne agylyň içinde körpeçden başga diňe bir goýun sygar ýaly gazylýan çukurlar hem bolýar. Oňa goýun körpeç ýa-da almazak çukur diýilýär. Käbir ýerlerde oňa egele, öwser, tüm hem diýilmesi bar. Almazak çukura guzusyny almaýan goýun guzusy bilen bile salynýar. Goýun dar ýerde guzusyny mejbury emdirmeli bolýar. Bir gije-gündiz çemesi wagt bile duransoňlar guzy bilen goýnuň ysy gatyşýar. Köplenç şondan soňra goýun guzusyny tanaýar we alýar.

Bürgüt täzeden dogulýar

Bürgüt – uzak ýaşaýan guşlaryň biri bolup, ol 70 ýyla çenli ýaşap bilýär. 40 ýaşaýança, onuň uzyn dyrnaklary kütelýär. Uzyn çüňkleri bolsa gaňrylýar. Bu ýaşdan soňra onuň uly ganatlary agyrlaşýar. Bu ýagdaýda bürgüt 150 günüň dowamynda transformasiýa, ýagny täzeleniş döwrüni başdan geçirmeli bolýar. Bürgüt dagyň iň belent ýerinde höwürtge gurup ýaşaýar. Şondan soňra ol gaňrylan çüňkleri döwülýänçä daşa urýar. Döwülen çüňkleriniň deregine täzesi çykýança garaşýar. Täzelenen çüňki bilen kütelen dyrnaklaryny aýyrýar. Dyrnaklary täzelenenden soňra, köne ýeleklerini ýolýar. Aradan bäş aý geçenden soň, bürgüt täze görnüşe girýär. Şeýlelik bilen ol ýene-de 30 ýyl ýaşamak mümkinçiligine eýe bolýar.

Türkmen gawuny

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty äleme meşhur. Olaryň halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda ençeme ýokary sylaglara mynasyp bolmagy bu gadymy nygmatyň bakja ekin ýerlerinde dowamat dowam bolup gelýändigine aýdyň subutnamadyr. Güneşli Diýarymyzda suwarymly, sürümli, ýarym düme, düme, oýtak we sowma usullarda ýetişdirilýän türkmen gawunlary özleriniň hoştap tagamy bilen tapawutlanýarlar.

Süýt ba­ra­da

Ýer ýüzüniň ilatynyň her gün 1,5 million litr, ýylda bolsa 580 million litr süýt sarp edýändikleri halkara bilermenleriň geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy. Düzümi boýunça sygyr süýdi saglyga has peýdalydyr. Onda ynsan bedenine zerur bolan aminokislotalar bilen üpjün edýän üç ýüz esse çylşyrymly belok kazein bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry

2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Arkalydyr, goldawlydyr daýhanlar

Täze ýylyň ilkinji, ak gara bürenen günleri!«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly!Arkadag Prezidentimiziň döwranly eýýamy, taryhy zamanasy!Uly maksatlarymyz, giň gerimli tutumlarymyz bilen Täze ýyla gadam basdyk. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň ilkinji duşenbesi. Iş stolumda ýurdumyzyň ösüşini dabaralandyrýan täze-täze makalalary ýazaýyn diýip, pikire çümüp otyryn. Milli Liderimiziň halkymyz üçin amala aşyrýan beýik işleri göz öňümde birin-birin janlanýar...

Plastik önümlerden döredilen sungat

Türkmen oba hojalyk institutynda el işleriniň sungaty boýunça plastik önümlerden dürli görnüşli bezeg we beýleki işleri ýasamakda talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Onda talyp ýaşlaryň ençemesi biri-birinden täsirli işlerini hödürlemek bilen, özleriniň döredijilik ukyplaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlarda daşky gurşawy arassa we aýawly saklamak babatdaky garaýşy, düşünjäni kemala getirmekden ybarat boldy. Gündelik durmuşymyzda ulanylan plastik gaplardan we beýleki önümlerden şeýle özboluşly hem-de täsirli el sungatynyň ajaýyp nusgasynyň döremegi belli bir derejede gurşawa düşýän zibilleriň azalmagyna itergi berýär. Elbetde, şeýle gyzykly hem-de täsirli bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy şu günki ýaşlarda ekologiýa babatdaky düşünjäni kemala getirmäge ýardam edýär.

Işeňňirler işde belli

Murgap etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasy welaýatdaky ugurdaş kärhanalaryň arasynda öz işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmagy başarmakda, öwgä mynasypdyr. Onuň bir ýylda jemi 90 müň tonna — 60 müň tonna orta süýümli, 30 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Şonuň üçin häzir bu ýerde her günde 60 — 70 tonna pagta gaýtadan işlenilýär. Özara bäsleşikde kärhahanyň ussalary Azat Allakowyň, Güýç Akyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary aýratyn tapawutlanýarlar.