"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Şirin tilli söwdügim ýa-da Magtymgulynyň goşgularynda türkmen tebigatynyň waspy

Söz äleminiň ussady, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy barada söz açylanda, ilki bilen, pederlerimiziň ilhalar, ylymly-bilimli, asylzada, akylly nesilleri terbiýelemekde, abraýy arşa galan berkarar döwleti gurmakda, ynsanperwer ýol-ýörelgeleri dowam etdirmekde salgylanan nusgalyk mekdebiniň düýbüni tutujy akyldaryň, edebiýat ägirdiniň merdana keşbi göz öňünde janlanýar. Pasyllaryň soltany bolan ýaz paslynyň türkmen tebigatyna gadam basmagy bilen baglaryň pyntyk ýaryp, maýsalaryň garyş-garyş ösmegi, daş-töweregimiziň ýaşyl dona bürenip, köz ýaly gyrmyzy güllere bezenmegi, şeýda bilbilleriň kah-kah urýan nagmasy kalbyňda heýjanalyk duýgusyny döredýär. Uly bol, kiçi bol, parhy ýok, näçe ýaşdadygyňa garamazdan, tebigatyň bu jadylaýjy keşbi biziň her birimizi özüne bendi edýär. Megerem, bahar-ýazyň maýyl ediji şeýle täsiri döredijilik bilen senetçiligi bir galyba salyp bilen ussat şahyryň joşgunly köňlüne hem ylahy ylhamy bagyş edip, şirinden labyzly şygyrlary ýazdyran bolmaly. Munuň şeýledigi Magtymgulynyň ýazan, döreden, dilden-dile geçip, nesillere miras galan goşgularynda hem öz beýanyny tapýar.

Şalgam

Şalgam diýlende, rus halk ertekisindäki ýerden gögerip çykan reňki gyzylymtyl-sary äpet şugundyr pisint ösümligi babadyr mamanyň dürli haýwanlar bilen çekip çykarjak boluşlary hemişe biziň göz öňümizde janlanýar. Şalgam atanakgüllüler maşgalasynyň kelemler urugyna degişli köki miweli ikiýyllyk gök ekindir. Ol ekilen ýylynda ýapraklap, düýp emele getirýär. Ikinji ýylynda baldak çykaryp gülleýär. Onuň gök miwesiniň düzüminde 8,5 – 16,9 göterim gurak maddalar, B1, B2 witaminleri, karotin, gorçisa ýagy bolýar. Ol iýmit hökmünde terligine, gaýnadylan we gowrulan görnüşlerinde iýilýär.

Agaçlaryň täsin dünýäsi

Kaliforniýanyň Milli sekwoýa parkynda ýerleşýän «General Şerman» agajy dünýäniň iň giň göwrümli agajydyr. Ýaşy 2300 — 2700 ýyl hasaplanylýan bu agajyň beýikligi 83,8 metre, tutýan meýdany bolsa 1487 metre barabardyr. * * *

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Ýazky ekişe taýýarlyk

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak we ýuwuş suwuny tutmak hem-de pagta öndürijiler üçin zerur bolan gowaça tohumlaryny taýýar etmek işleriniň dowam etdirilýändigi bellenildi.

«Ýaşyl diplomatiýa» :Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirilen başlangyçlary

Bütin adamzadyň üns merkezinde bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde howanyň, ygallaryň düşýän ýygylygynyň we mukdarynyň üýtgemegi duýulýar. Munuň özi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde sebitiň döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny aňladýar. Bu babatda Türkmenistanda uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellemek zerur. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän oňyn başlangyçlary bolsa, halkara ähmiýetine eýedir.

«Takyk ekerançylyk»

«Takyk ekerançylyk» ulgamynyň düýp manysy — oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegi pudaga hil taýdan täze önümçilik derejesine ýetmäge, oba hojalygynyň öndürijilerine daşary ýurt kärhanalary bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň esasy elementlerinden biri «takyk ekerançylyk» ýa-da takyk oba hojalygydyr. «Takyk ekerançylyk» medeni ekinleriň ösýän ýerleriniň meýdan üýtgeýşini göz öňünde tutup, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Munuň esasy maksady oba hojalygynyň önümçiligini kadalaşdyrmak, ykdysady we tebigy baýlyklary tygşytlamak bilen, girdejileri köpeltmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa ýokary hilli önüm öndürmek we daşky gurşawy goramak üçin giň mümkinçilikleri berýär.

Altynsow pagta

Ýurdumyzyň pagtaçylyk pudagyny ösdürmekde gowaçanyň täze sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrmak biz — seçgiçi alymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Pagta diňe bir görnüşleri bilen, ýagny orta we inçe süýümliligi bilen däl, eýsem, reňkleri boýunça hem tapawutlanýarlar. Häzirki döwürde ekilýän gowaçanyň pagta hasyly, esasan, ak reňkli. Emma gowaça hasylynyň birnäçe reňkli görnüşleri hem bar. Olar goýy mele, ýaşyl we açyk ýaşyl, goňur reňkli pagtalardyr. Alymlarymyz ösümligiň tebigy polifenol himiki birleşmesiniň pagta süýümine tegmil (pigment) ýaly reňk berýändigini we bakterisid häsiýetiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygyny anykladylar.

Ýuwuş suwy tutulýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatynda hem gowaça ekişine ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyna degişli bolan S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde şu ýyl 7300 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy pagtaçylyk hojalygy hökmünde tanalýan paýdarlar jemgyýetinde gowaça ekiljek ýerlere ýuwuş suwuny tutmak işi gyzgalaňly dowam edýär.

3 müň tonnalyk sowadyjy ammar

Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök-bakja önümleri, miweler bilen üpjün etmek ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalar, ýöriteleşdirilen ammarlar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň biri-de, biziň welaýatymyzdaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmäge we saklamaga niýetlenen ammarydyr. Umumy göwrümi 3 müň tonna barabar bolan bu ammar 2016-njy ýylda işe girizildi. Bu ýerde her möwsüme laýyklykda, öňde goýlan wezipeler berjaý edilip, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy, olardan dürli gök önümleri we miweler satyn alnyp, ammarda ýerleşdirildi. Döwrebap, kämil enjamlar ornaşdyrylan bu ammarda önümi kabul etmek, saklamak we bellenilen ýerlere ugratmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada 10-a golaý ýük awtoulagy önümleri getirmäge we bellenilen ýere eltip bermäge hyzmat edýär. Daşoguz «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi geçen ýyl daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ençemesi bilen, şeýle-de aýry-aýry kärendeçi ýer eýeleri bilen özara şertnama baglaşyp, olaryň ýetişdiren önümlerinden birnäçe tonna ýeralmany, sogany, käşiri, kelemi, pomidory, almany, üzümi şeýle hem dürli görnüşli bakja önümleriniň 232 tonnasyny satyn aldy. Satyn alnan önümleriň hasaplaşyklary öz wagtynda doly geçirildi.

Mallar weterinar gözegçiliginde

Tagtabazar etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda hem mallaryň gyşdan abat we sagdyn alnyp çykarylmagy dogrusynda günübirin alada edilýär, maldarlaryň durmuşy we ýaşaýşy bilen içgin gyzyklanyp, olaryň mal bakýan öri meýdanlaryna barylýar. Ýakynda biz etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynda bolduk. Gyş üçin iri baldakly otlaryň we dürli görnüşdäki samanlaryň, küde, bedeleriň boýy asmana ýetýär. Bu ýerde depe-depe otlary göreniňde, gözüň dokunýar. Mallary abat we dok saklamak üçin 7793 tonna arassa ot, 568,8 tonnadan gowrak arpa taýýarlanyp, mallaryň gyşladylýan kaşarlaryna eltilipdir. bu bolsa owlak-guzy möwsüminiň hem talabalaýyk geçiriljekdiginiň alamatydyr.

Elguşum — akguşum

Türkmen topragy berekede baý toprak. Bu topragyň geçmişi-de, häzirki günü-de egsilmez mirasa, hazyna eýedir. Haýwanat dünýäsine mahsus bolan elguş hakynda aýdylanda bolsa, onda biziň geçmiş mirasymyz, baý taryhymyz jemlenendir. Türkmen halky öňki döwürlerde elguşuň, aw tazysynyň kömegi bilen awçylyk kärini amala aşyrypdyr. Olar ýyrtyjy guşlary eldekileşdirip, olaryň birnäçe görnüşlerinden peýdalanypdyrlar. Bu guşlara ütelgi, gök bahry, çyparbaş laçyn, bürgüt, hindi laçyny ýaly guşlar degişli. Ütelginiň kömegi bilen irki döwürlerde dürli guşlara, hatda jerenlere hem aw salnypdyr. Alymlaryň berýän ylmy maglumatlaryna görä, awçylar bu guşy maý aýlarynda höwürtgelerinden alyp, eldekileşdiripdirler. Olaryň awuny alyşy boýunça urup alýan we basyp alýan görnüşleri bar. Ütelgiler awuny 4-5 kilometrden görýär, 2 kilometrden doly saýgaryp, sagatda 140 kilometr tizlik bilen awlaýarlar. Bu aw guşlarynyň ählisi hem öz awunyň hiç birini elden gidermändir. Ütelgiler daşky sypaty boýunça iki görnüşde bolup, onuň açyk reňklilerini açykguş, akguş hem diýip atlandyrypdyrlar. Bu hili atlandyrylmalar, şeýle hem elguşlaryň algyr häsiýetleri, ýyndamlygy diňe bir tebigatymyzy öwrenmekde däl, eýsem, mirasymyzy öwrenmekde hem baý maglumatlary özünde jemleýär.

Şanly ýylda söwda merkezimize 10 ýyl dolýar

Türkmen halky myhmansöýer millet, şonuň üçin «Myhman — ataňdan uly» diýilýän pähime eýerýän halkymyz bu däbi dowam etdirýär. Öý eýesine myhmana saçagy giňden ýazyp, hezzet-hormat etmekde ýakyn ýardamçylaryň biri-de ýurdumyzyň her bir künjeginde açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap söwda merkezleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir welaýatynda ululy-kiçili söwda merkezleri hereket edýär. Olaryň arasynda ir bilen sagat 8:00-da açylyp, gije sagat tä 23:00-a çenli işleýänleri-de bar. Bu söwda merkezlerinden bolsa, göwün islän azyklyk harydyňy elýeterli bahadan satyn alyp, gelen myhmany-da, maşgala agzalaryny-da naz-u-nygmata baý desterhan bilen hezzetläp bolýar. Berkarar döwletimiziň gözel paýtagtynda şeýle söwda merkezleriniň ençemesi halkyň hyzmatynda. Hatda olar halka döwrebap hyzmat etmekde öz aralarynda bäsleşikleri-de yglan edýärler. Ynha, ýakynda biz hem söwdanyň gidişinden fotoreportaž taýýarlamak maksady bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan «Milli market» söwda merkezine bardyk. Alyjylara medeniýetli hyzmaty, harytlarynyň köp görnüşliligi we ýokary hilliligi bilen adygan bu söwda merkezi depesinde, uly harplar bilen «Söwda merkezi» diýlen ýazgy oturdylan köp gatly binanyň birinji gatynda ýerleşýär. Biz bu ýerde pomidoryň, hyýaryň, kelemiň, soganyň, süýji burçuň, badamjanyň aýnaly

Goç berdaşly bolsa...

Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň arasynda toýlaryň bezegine öwrülen milli oýunlar, däpler, olarda ýerine ýetirilýän birnäçe aýratynlyklar bar. Şolaryň biri-de, toý-baýramlarda goç süsüşdirmekdir. Goç süsüşdirmek üçin idedilýän goçlar, esasan, garaköli tohumyndan saýlanyp alnypdyr. Munuň esasy sebäbi-de garaköli goçlar süsüşende çydamlylygy, berdaşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň gowy bakylanynyň agramy 100 – 120 kilograma çenli ýetýär. Goç süsüşen wagty şahyna şikes alsa, tä bitýänçä süsüşdirmändirler. Süsüşdirmek üçin idegi ýetirilen goçlara hökman at goýupdyrlar. Süsmek, süsüşmek goçlaryň zandynda, ganynda bar. Süsüşende agyrlygyň ähmiýetlidigine garamazdan, agramy ýeňilräk goçlaryň özünden 20 kilogram agyrlykdaky goçlary ýeňýän pursatlaryna-da duşmak bolýar. Süsüşdirmek üçin niýetlenilen goçlar bir ýaşandan ýüpe öwrenişdirilip, üç ýaşdan süsüşdirilip başlanýar. Ýaş taýdan kiçi goçlara goçgar diýlipdir. Süňňi sagat goçlary 7-8 ýaşa çenli, kähalatlarda bolsa 9 ýaşa çenli süsüşdiripdirler. Ýöne bu seýrek gabat gelýän ýagdaý. Toý-baýramlarda süsüşdirmek üçin idediljek goçlary saýlanlarynda, ilki olaryň 5-6-syny bir ýerde saklap, bir-biri bilen süsüşdirip, içinden has çydamlysyny alypdyrlar.

Şygryýet älemi

Ak mermerli Aşgabat Ak zat ýagşy alnyňa,Ak mermerli Aşgabat.Şuglasyň ykbalyma.Ak mermerli Aşgabat.

Piramida ýyladyşhanalary

Soňky ýyllarda ýüze çykan piramida şekilli ýyladyşhanalar oba hojalykçylaryň ünsüni barha özüne çekýär. Ýyladyşhanalaryň bu görnüşi gözbaşyny geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Olary amerikaly oba hojalykçy Bill Warren oýlap tapypdyr. Müsür piramidalaryny ýadyňa salýan ýyladyşhanalaryň ilkinji nusgalary 24 inedördül metr meýdanda ýerleşýärdi. Bill Warren onda pomidor, kädi, noýba, burç ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirdi.

400 ýaşly kompaniýa

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu Hempşir Ştatynda ýerleşýän «Tuttle’s Red Barn» kompaniýasy häzirki wagtda iň irki kompaniýalaryň biridigine garamazdan, mekgejöwenden we miweleriň dürli görnüşlerinden önüm öndürmegini ýokary depgin bilen dowam etdirýär. Kompaniýa ýene 11 ýyldan 400-nji ýaşyny bellär. Ol häzir Ýer ýüzünde hereket edýän iň irki bäş kompaniýanyň biridir.

Ösümlikler

Atdamak — selmeler maşgalasyna degişli birýyllyk dermanlyk ot. Türkmenistanda onuň 1 görnüşi duş gelýär. Aýgül — myhaklar maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. Ýurdumyzda onuň 24 görnüşi duş gelýär. Dünýäde 500 görnüşi bolan dag derman ösümligi.

Görüjiligiň, ýatkeşligiň çeşmesi

Gadym wagtlardan bäri bedeneler aw guşlary hökmünde awlanypdyr. Olar täsin saýraýandygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekipdirler. Bu guşlar öý şertlerinde saklananda hem tiz öwrenişmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar. Bedeneleri awlamak üçin adatça, torlardan we tüýdüklerden peýdalanylýar. Bedeneleri eldekileşdirmek işleri bilen ýaponlar meşgullanypdyr. Ilki olary bezeg maksady bilen idedipdirler. XVI asyrdan soňra olar berhizlik ýumurtgalary we et önümlerini almak maksady bilen, idedilip başlanypdyr. Häzirki wagtda ýaponiýaly okuwçylar sapaklaryna başlamazdan öň iki sany bedene ýumurtgasyny iýýärler. Lukmanlar onuň görüş agzalarynyň işjeňligine, ýatkeşligiň ýokarlanmagyna ýardam edýändigini belleýärler.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!