"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Nebit berýän daragt

Dünýädäki iň täsin ösümlikleriň biri hem Braziliýanyň tropiki tokaýlarynda ösýän kopaifera ösümligi bolsa gerek. Bu ösümligiň baldagyndan akýan şire himiki düzümi boýunça dizel ýangyjyndan tapawutly däldir. Uly ýaşly kopaifera agajy bir gije-gündiziň dowamynda 20 litr «ösümlik ýangyjyny» öndürýär. Kopaiferanyň bir gektaryndan ýylyň dowamynda 12 müň litr ýangyç almak mümkindir. Bu ösümligiň şiresi terpenlerden ybaratdyr. Agaç terpenleri adaty skipidardan emele gelýär. Skipidar agajyň sütüniniň içinde gyzyp, metanola we beýleki ýangyç uglewodorodlaryna öwrülýär.

Ýaz öwüşginli halylarymyz

Nepisligi, owadanlygy bilen görenleri özüne maýyl edýän haly we haly önümleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hala salynýan nagyşlary ene-mamalarymyz nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Gelin-gyzlarymyz sähramyzyň gözelligini, tebigatymyzyň owadanlygyny haly nagyşlaryna siňdiripdirler. Her bir çitimini yhlasly zähmet bilen çitip, çeperligiň, sungatyň ajaýyp nusgasyny dünýä getiripdirler. Şeýdibem, halyçylyk sungatyny kämillik derejesine ýetiripdirler. Halylaryň gözelliginiň özünde jemlenmeginde tebigy boýaglara möhüm orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, tebigy boýagdan dokalan haly we haly önümleri hiç wagt öz reňkini ýitirmeýär. Olar ýyllar geçse-de, edil täze ýaly lowurdap, öwşün atýar. Şonuň üçin türkmen halylary dünýäde gadymy hem müdimi sungat hökmünde tanalýar.

Tebigat täsinlikleri

Ýer ýüzündäki almazlaryň köp böleginiň ýaşy üç milliard ýyldan geçýär. Indoneziýadaky Krakatau wulkany 1883-nji ýylda adamzada belli bolan iň batly sesi çykarypdyr. Bu ses Mawrikiýada hem eşidilipdir. Bu bolsa, wulkandan 4828 kilometr daşlykdadyr.

Dostluk barada

Dost — bu biziň deň ölçegli bolup düşünişmekde, ýagşylykda ynanyp biljek we adalatlylykda, päkýüreklilikde hormat goýýan kişimiz bolmalydyr. Robert Holli.

Täze traktorlar: üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň miwesi

Gazagystan döwletinde ýakyn geljekde täsin oba hojalyk taslamasynyň amala aşyrylmagy mümkin we Gazagystan Hytaýyň «YTO» kysymly oba hojalyk tehnikalaryny — traktorlary öndüriji döwletleriň hataryna goşular. Bu taslama üçin maýa goýumy Gruziýanyň «Georgian Industrial Group» maýadarlyk kompaniýasy goýar. Şeýlelikde, täze öndüriljek traktorlar üç döwletiň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesine öwrüler. Ýakynda Gazagystanyň Senagat we ösüş ministrliginde bu baradaky ýörite Ähtnama gol çekildi. Ýöne täze taslamanyň gruzin maýadarlarynyň Gazagystanda amala aşyrýan ilkinji taslamasy däldigini hem aýtmak gerek. Olaryň hyzmatdaşlygy bilen ozal Gazagystanda «Acros» we «Vector» kombaýnlarynyň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Ýene bäş kompaniýa rugsat berildi

Rus fermerleri tarapyndan öndürilen süýt we süýt önümleri Hytaý bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, Hytaý hökümeti süýt önümçiligi bilen meşgullanýan rus kompaniýalarynyň ýene-de bäşisine öz önümlerini öz döwletine eksport etmäge rugsat berdi. «Milknews» saýtynyň rus we hytaý çeşmelerine salgylanyp berýän habarynda Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň ýurda öz önümlerini getirip biljek kompaniýalaryň sanawyny täzeländigini, täze sanawyň oba hojalyk ugry boýunça Russiýadan ýene-de bäş kompaniýanyň Hytaýa süýt we süýt önümlerini getirip biljekdigini ýazdy.

Jöwene isleg uly

Geçirilen statistiki barlaglar soňky bir ýylyň içinde dünýäde jöwene bolan islegiň 4 göterim artandygyny görkezýär. «Sorghum Id» internet portalynyň çap eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde jöwen önümçiligi ozalkysyndan 6 göterim ösdi. Şeýlelikde, dünýä boýunça öndürilen jöweniň mukdary 60 million tonnadan hem geçdi. Ýetilen sepgitde Ýewropanyň käbir döwletleriniň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Awstraliýanyň we Argentinanyň paýy örän uludyr.

Ene toprak — rysgal-berekediň çeşmesi

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni,Ak şäherim Aşgabat!Dost-doganlyk merkezi,Ak şäherim Aşgabat! Köpetdagyň çeşmesi,Garagumuň keşdesi,Göýä ak gül dessesi,Ak şäherim Aşgabat!

Ajaýyp eseriň dil baýlygy

Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlary barada gymmatly maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby türkmen diliniň gadymy sözleriniň işjeň ulanylandygy bilen tapawutlanýar. Eserdäki getirilýän maglumatlar özüniň akgynlylygy, sadadan çuň beýan edilmegi bilen kitabyň täsirini has-da artdyrýar. Şeýle-de, ajaýyp eser ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüji, zähmetsöýer ruhda terbiýelemekde we milli gymmatlyklarymyzy hem-de ene dilimiziň gadymylygyny içgin öwretmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Parahatçylyk ýörelgelerimiziň waspy

Asudalyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ykrar edilen ajaýyp ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ata Watanymyzyň halkara abraýy Ýer ýüzüne ýaň salýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde parahatçylygyň berkarar edilmegini goldaýar. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen gazanýan üstünliklerimiziň, halkara derejesindäki at-abraýymyzyň, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygyny subut edýär. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, şu güni we geljegi bolsa eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda has aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, her bir meseläni ylalaşyk arkaly çözmek biziň ata-babalarymyza mahsus ajaýyp häsiýetlerdir. Türkmen bitaraplygynyň taryhy kökleri hem şu ýörelgeleriň asyrlar aşyp, has-da kämilleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzyň parahatçylyk taglymatlary, adalatly jemgyýeti döretmek pikirleri hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiligi

Gowaçanyň gowy gögerişini gazanmak çäreleri (Hünärmeniň maslahaty)

Ýaz paslynda ygalyň köp ýagmagy köplenç, gowaçanyň ekiş geçirilýän günlerine gabat gelýär. Ekişden soň ýagan ygal gämigiň üstki gatlagyny gapakladyp, tohumyň wagtynda gögerip çykmagyny kynlaşdyrýar. Bu ýagdaýda gämigiň üstki gatlagy galňap gatamanka, ýumşatmak üçin traktorlara dakylan «MBX – 4» kysymly dişli toprak ýumşadyjy guraly ulanylýar. Traktor işe başlanda, gowaça ekişini geçiren ekijiniň ýörän hatararasyndan ýöremeli we onuň iş öndürijiligi sagatda 0,86 gektardan geçmeli däl. Gowaça ekilen meýdanlarda yzgar ýetmezçiligi sebäpli kadaly gögeriş alynmadyk ýagdaýynda yzgar suwy tutulýar. Toýun toprakly ýerlerde joýalar gowy yzgarlar ýaly suw başaşa keşlerden haýal akdyrylýar. Eňňit we çägesöw toprakly atyzlarda bolsa, suw hemme keşlerden akdyrylýar. Gögeriş suwy berlende, suw gerişleri basmaly däldir. Ýerler taba gelen badyna hatararalar talabalaýyk ýumşadylýar. Doly gögeriş alnan meýdanlarda hem ýekeleme işlerinden öň haýal etmän, 1-nji hatarara bejergini geçirmek gerek.

Daşky gurşawda durnuklylygy döredýän başlangyçlar

Türkmenistan daşky gurşawy goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, bu ugurda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Dürli ýurtlardan esasy hünärmenleri — ekologlary, tokaýçylary, bilermenleri we alymlary Aşgabada yzygiderli ýygnaýan maslahatlar ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamak, adamlaryň saglygyny üpjün etmek babatdaky hyzmatdaşlygyň anyk mysaly bolup durýar. Hakykatda Aşgabat şäheri halkara derejesinde ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda ekologiýa boýunça halkara ylmy maslahatlardyr, duşuşyklar we sergiler yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda hem şeýle maslahatlaryň ençemesi geçirildi. Olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, milli seýilgähleri döretmegiň mümkinçilikleri, tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, energiýanyň alternatiw ornuny tutýan çeşmelerini peýdalanmak meseleleri we beýleki ençeme möhüm meseleler gozgaldy. Şeýle hyzmatdaşlyklar öz gözbaşyny milli Liderimiziň taryhy işlerinden alyp gaýdýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parasatly başlangyçlary daşky gurşawyň elmydama durnukly ýagdaýda bolmagyny döredýär.

«Bagtyň baky mekanydyr Watanym!»

Hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasy bilen şygryýet älemine altyn harplar bilen sünnälenen bu setirleriň many-mazmunynda jemlenen jümleleri durmuş hakykatynda ebedileşdirdi. Sözbaşydan hem görnüşi ýaly, bu günki gün bagt gämisinde erkana, parahat, asuda ýüzýän mähriban halkymyzyň milli Liderimiziň adyna aýdýan alkyşly sözleri bimöçberdir. Şeýle buýsançnamalary biz geçen hepdäniň içinde hem birnäçe gezek eşitdik. Asman atlaryna deňelýän arassa ganly ahalteke bedewleriniň dowamata dowam bolmagy, «ak altynyň» bol hasylynyň düýbüniň tutulmagy, bereket çeşmesiniň ýene-de täze gözbaşynyň döredilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şöhratly sahypalaryna täze öwüşgin, nur çaýdy. Muňa şular subutnama!

Şygryýet bossany

GÖRKANA DIÝAR Beslenip gelen taryhyň,Eýe şöhrat-şana Diýar!Aýtsam gutarmaz tarypyň,Gözel sen, görkana Diýar!

Gökli somsa

Türk­men top­ra­gynyň nygmaty Tebigat ynsanyň öz elleri bilen ýetişdirýän gök-bakjasyndan başga-da, nygmat eçilibilýär. «Ekme ysmanakdan ýadan bolsaňyz» diýip, ýaprajyklary naşyja dag ysmanagyny, teresini, narpyzyny, ak selmäni derrew ýetişdirer. Çarwa nowruzda — alabaharda ata-babalarymyz ýorunjadan taýýarlanan nygmatlar bilen bedenlerini gurplandyrypdyrlar. Özem täze ýorunjanyň ýokuma has baýdygyna göz ýetiripdirler. Ýorunjadan türkmen zenanlary gutap, somsa, gökli aş, gökli çorba, jazly gök, tereli gök, gazanlama, gaplama... ýaly dürli görnüşli tagamlary bişiripdirler. Olaryň arasynda tamdyra ýapylyp taýýarlanýan gökli somsanyň tagamynyň aýratyn lezzeti bar.

Türkmen selmelegi

Türkmen selmelegi köpýyllyk ösümlik. Amatly şertlerde onuň kökýany, ýapraklary iri bolýar. Ýapraklaryň uzynlygynyň bir ýarym metre çenli ýetýäni-de bar. Türkmen selmelegi — Diýarymyzyň özboluşly ösümligidir. Oňa günbatar Köpetdagda duş gelmek bolýar. Bu ösümlige golaý görnüşler Orta ýer deňzine ýakyn ýurtlarda gögerýärler. Türkmen selmelegi şeýle-de Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinde gögerýär. Ýyl geldigiçe, bu dermanlyk ösümliginiň sany oba ilaty tarapyndan artdyrylýar. Selmelek toprakda çyglylyk ýeterlik bolanda gögerýär, gülleýär we miwe berýär, tomus paslynyň jokrama yssysynda bolsa, ol uka gidýär. Selmelegiň ýapraklarynda ýara bitiriji, beden gurplandyryjy häsiýetler bar. Ösümligiň köki hakynda halk arasynda dürli rowaýatlar hem aýdylýar.

Saglyk — baş baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçylar!

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň gün tertibinde ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Tebigatyň abadançylygy — sagdynlygyň baş şerti

Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar. Dünýä derejesinde öň hatara çykýan ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize eýerilip, ýaşlara janly tebigat, gigiýena hakdaky ylymlaryň çuňňur öwredilmegine, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetliliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.