Gowaçanyň gowy gögerişini gazanmak çäreleri (Hünärmeniň maslahaty)

29 Mart 2021
1018

Ýaz paslynda ygalyň köp ýagmagy köplenç, gowaçanyň ekiş geçirilýän günlerine gabat gelýär. Ekişden soň ýagan ygal gämigiň üstki gatlagyny gapakladyp, tohumyň wagtynda gögerip çykmagyny kynlaşdyrýar. Bu ýagdaýda gämigiň üstki gatlagy galňap gatamanka, ýumşatmak üçin traktorlara dakylan «MBX – 4» kysymly dişli toprak ýumşadyjy guraly ulanylýar. Traktor işe başlanda, gowaça ekişini geçiren ekijiniň ýörän hatararasyndan ýöremeli we onuň iş öndürijiligi sagatda 0,86 gektardan geçmeli däl.

Gowaça ekilen meýdanlarda yzgar ýetmezçiligi sebäpli kadaly gögeriş alynmadyk ýagdaýynda yzgar suwy tutulýar. Toýun toprakly ýerlerde joýalar gowy yzgarlar ýaly suw başaşa keşlerden haýal akdyrylýar. Eňňit we çägesöw toprakly atyzlarda bolsa, suw hemme keşlerden akdyrylýar. Gögeriş suwy berlende, suw gerişleri basmaly däldir. Ýerler taba gelen badyna hatararalar talabalaýyk ýumşadylýar. Doly gögeriş alnan meýdanlarda hem ýekeleme işlerinden öň haýal etmän, 1-nji hatarara bejergini geçirmek gerek.

Myrat ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.