Görüjiligiň, ýatkeşligiň çeşmesi

21 Fewral 2021
3564

Gadym wagtlardan bäri bedeneler aw guşlary hökmünde awlanypdyr. Olar täsin saýraýandygy bilen adamlaryň ünsüni özüne çekipdirler. Bu guşlar öý şertlerinde saklananda hem tiz öwrenişmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar. Bedeneleri awlamak üçin adatça, torlardan we tüýdüklerden peýdalanylýar.

Bedeneleri eldekileşdirmek işleri bilen ýaponlar meşgullanypdyr. Ilki olary bezeg maksady bilen idedipdirler. XVI asyrdan soňra olar berhizlik ýumurtgalary we et önümlerini almak maksady bilen, idedilip başlanypdyr. Häzirki wagtda ýaponiýaly okuwçylar sapaklaryna başlamazdan öň iki sany bedene ýumurtgasyny iýýärler. Lukmanlar onuň görüş agzalarynyň işjeňligine, ýatkeşligiň ýokarlanmagyna ýardam edýändigini belleýärler.

Selbi MEREDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.