"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

1400 ýaşly agaç

Her ýyl oktýabr aýynyň ahyrynda on müňlerçe adam Hytaýyň Gu Guanýin ybadathanasyna ajaýyp gingko biloba bagynyň ýapraklaryny döküşini we ybadathana toplumynyň ýaşyldan altyna «boýalyşyny» synlamak üçin gelýär. Hytaýyň Şensi welaýatynyň Žunnan (Zhongnan) daglaryndaky Gu Guanýin ybadathanasynda Hytaýyň taryhyndaky beýik hökümdarlaryň biri bolan Tan dinastiýasynyň (618 – 907) imperatory Li Şiminýa üçin ekilen 1400 ýaşly gingko biloba bagy ösýär.

Pakistanda «Miýawiki» tokaýlary döreýär

Pakistanda ýapon ekerançy alymlary tarapyndan işlenip düzülen «Miýawiki» usuly boýunça ýöriteleşdirilen Tokaý maksatnamasyna badalga berildi. Bu usul bilen ozalkylaryndan 10 esse çalt we 30 esse gür agaçlygy ýetişdirmek mümkindir. Taslamanyň başynda ýurduň premýer-ministri, kriket boýunça öz döwründe dünýäniň iň güýçli türgenleriniň hatarynda tanalan Imran Han dur. Hatda täze taslama hakynda onuň özi şeýle düşündiriş berdi: «Ýaponiýada şeýle gysga döwürde gür tokaýlygy emele getirip bolýandygyna hut özüm şaýat boldum. Bu ýagdaý howanyň hapalanmagynyň garşysyna hem çalt we netijeli göreş bolar. Munuň üçin Lahorda 1 –2 gektara barabar bolan 50 sany ýeri saýlap aldyk. Ilkinji synaglar örän üstünlikli geçdi».

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy (2021-nji ýylyň 12-nji fewraly)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar! Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek isleýärin. Geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl boldy.

Göreldeli etrap

12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekmegi ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň bagtyýar ýaşaýjylaryny has-da buýsandyrdy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýörite topar bu bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemekde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Harytlara isleg uly

Eziz Watanymyzda täze döredilen we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan dokma kärhanalarynyň sanlylaşdyrylmagy dokma önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Aşgabadyň dokma toplumyny, Türkmenbaşy dokma toplumyny, Jinsi toplumyny, Ruhabat we Gökdepe dokma toplumlaryny, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigini görkezmek bolar. Bu günki gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän täze haryt nyşanly önümlere halkymyz we daşary ýurtly alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Muňa halk arasynda uly meşhurlygy gazanan «Bedew» haryt nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» we «Gala» haryt nyşanly sport egin-eşikleri hem-de tikin-örme önümleri, şeýle hem «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Kämil tehnikalara daýanylýar

Ýurdumyzda ýyladyşhana toplumlaryny ösdürmekde, önümleri öndürmekde ýerli telekeçiler, daýhanlar mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Muňa mysal hökmünde Balkanabat şäheriniň golaýynda, «Düzmergen» ýaýlasynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanany görkezmek bolar. Ýyladyşhananyň ähli işleriniň döwrebap tehnologiýalara, kämil kompýuterlere daýanmagy ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany dört gektara barabar bolan ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidor şitilleriniň ilkinji hasyly geçen ýylyň noýabr aýynyň soňky günlerinden başlap, ak bazarlara çykaryldy.

Gyş suwy tutulýar

Bäherden etrabynyň tejribeli gallaçylary geçen ýylyň güýzünde ekerançylyk meýdanlarynyň 21 müň 100 gektaryna däne ekişini geçirdiler. Häzirki günlerde ekerançylyk meýdanlaryndaky ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Boý alýan maýsalara 3-nji ösüş suwy tutulýar. Bu işde gallaçy kärendeçiler daýhançylykda giňden ulanylýan suw tutmagyň ders-şerbet usulyndan peýdalanýarlar. Şeýle hem olar ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy witaminler bilen hem iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerinde hem-de «Zähmet» daýhan birleşiginde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Käşiriň damjalaýyn usulda suwarylyşy

Käşir sowuga durnukly ekindir. Medeni käşir sary we ak hem-de mämişi-gyzyl reňkli sortlary öz içine alýar. Ösümlik birinji ýylynda ýapraklaýar we etlek düýp miweli kök emele getirýär. Ösümlik ikinji ýylynda ilki bilen ýapraklaýar, soňra baldak, gül we tohum emele getirýär. Dökünli ýerde käşir düýpleri has iri, gabarasy we agramy boýunça birmeňzeş bolýar. Mundan başga-da, kadaly dökünlenen käşiriň düzüminde witaminleriň möçberi artýar.

Eşretli döwrüň eýeleri

Ýaňy dogup gelýän Günüň tyllaýy şöhlesine öwşün atýan meýdanlarda ýerleri ekişe taýýarlaýan ýokary derejeli tehnikalar hereket edýärler. Olar altyn reňkli deňizde asuda ýüzüşip ýören gämilere çalym edýärler. Säheriň sergin howasynda özüniň tutuş maşgalasy bilen çeken zähmetiniň netijesini synlap duran, bu ajaýyp görnüşden tükeniksiz lezzet alýan ýaşuly içki pikirini daşyna çykaranyny-da duýmady:

«Dokuzyň üçe ýetýärmi?!»

Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde dowarlaryň ot-iýme bolan islegi hem artýar. Türkmen çarwadarlarynyň «Dokuzyň üçe ýetýärmi?!» diýen sowalynyň manysy «Dokuz aýda toplanan goruň üç aý dowam edýän gyşdan dowarlary abat alyp çykmaga ýeterlikmi» diýen sowaly aňladýar. Dowardarçylykda dowarlary dok gyşlatmak, gyşdan başbitin alyp çykmak her bir mal eýesinden ýa-da çopandan iň bir tutanýerliligi talap edýän möwsümdir. Dowarlary dok gyşlatmakda milli we ygtybarly tejribelere daýanylyp, dogry we doly ýerine ýetirilmegi bolsa, öňdäki owlak-guzy möwsüminde alynjak ýaş owlakdyr guzularyň sagdyn bolmagyna oňyn şert döredýär. Dowardarçylykda alnyp barylýan her bir möwsümleýin işlerde milli tejribelere daýanmak örän ygtybarlydyr. Sebäbi ol ygtybarly tejribeler birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda durmuş tejribesinden saýlanylyp alnan işlerdir.

Jana melhem tebigat (çagalyk döwrümiň ýatlamalaryndan)

Eger-de suratkeş bolan bolsadym, onda reňkli galamlary elim bilen herekete getirip, kyblam atamyň tomus gününiň yssysynda derman otlary ýygnaýan keşbini çekerdim... Hemişe kakamyň gapymyzda ösüp oturan garry şatudyň saýasynda, käte-de gaýramyzdaky meýdandan ýygyp gelen buýan, narpyz, ýandak, üzärlik, düýedaban ýaly ösümlikleri guratmak üçin taýýarlap oturyşy, köplenç bolsa ulag ussaçylygyna mübtela bolup oturan keşbi hyýalymda janlanýar. Heniz 6 — 7 ýaşly oglankam, oba adamlarynyň öýmüze gelip, «Çary aga, dermanlyk otlaryňdan bir gysym-ýarym gysym berip bilmezmiň?» diýýänleri ýadyma düşýär. Ol mähir bilen ýylgyryp: «Em bolsun, iliň derdine ýaramakdan zyýat zat barmy näme?!» diýip, geleniň möhümini bitirip, derdine em boljak hemaýaty edenine ak göwünden begenerdi.

Arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Kak suwuny durlajak bolsaň...

Baharyň hoştap howaly günleriniň birinde, Garagum ýaýlasyna üç-dört bolup, ýeňil ulagda gezelenje çykdyk. Täzelikde çabga ýagyp, sährany suw-sil eden ekeni. Kaklar suwdan dolup, töweregindäki takyrlar köl bolup ýatyrdy. Birden uzakdan salgym göründi. Ýöne bizi gözümiz aldaman ekeni. Golaý barsak, salgymdyr öýdenimiz suw basan takyr bolup çykdy. Giň giden takyr köl bolup çaýkanyp ýatyrdy. Onuň ortasynda bolsa, bir süri ördekdir gaz ýüzüp ýördi.

Ahyrky garagyş

Ahyrky garagyş — bu 6 — 21-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 15 gün bolan döwürdir. Türkmen halk senenamasy boýunça Ahyrky garagyş gyş paslynyň ahyrky günleridir. Ata-babalarymyz gyş paslynyň tamamlanmagyny 22-nji fewralda «Togsan doldy» diýip, belläpdirler. Ahyrky garagyş döwri başlananda, ýurdumyzda gündiziň dowamlylygy 1 sagat töweregi uzalyp, ol ýurt boýunça ortaça 10 sagat 29 minuta barabar bolýar. Gijeler gysgalyp, gündizler uzalsa-da, bu döwürde-de howa sowuk bolup, käte ýerde garyň ýatýan halatlary hem bolýar.

Anyk wezipeler kesgitlenildi

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Parahatçylygyň gözbaşy birek-birege bolan ynamdadyr

Ynamyň bar ýerinde dostlugyň, agzybirligiň, parahatçylygyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Bize çagalykdan edep-terbiýe berleninde-de: «Bir işe başlamakçy bolsaň, hökman özüňe ynamyň bolsun, diňe şonda sen şol işi soňuna çenli ýokary derejede ýerine ýetirmegi başararsyň» diýip, öwüt-ündew ederdiler. Hawa, her bir işde ilki bilen özüňe ynamyň bolmaly, ondan soňra ýakynlaryňa, dost-ýarlaryňa, daş-töweregiňi gurşap alýan tebigata ynanmaly. Birek-birege bolan ynam hem iki taraply bolmalydyr. Ynamyň we ynanjyň bar ýerinde üstünlikleriň açary eliňde bolýar. Mälim bolşy ýaly, bütin Ýer ýüzüniň halklary üstünliklere, özgerişlere bolan umyt hem-de ynam bilen 2021-nji ýyla gadam basdy. Şonuň bilen bilelikde Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz hem täze ýyly şanly wakalar hem-de ösüşler bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen çuňňur manyny aňladýan şygar berildi. Hakykatdan hem, bu şygarda uly many-mazmun bar. Çünki birek-birege bolan ynanyşmagyň bar ýerinde parahatçylyk höküm sürýär. Parahatçylyk barada Gahryman

Ösüşde okgunly ädimler ädilýär

Bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň daýhanlary hem ýere hyzmat etmäge, ondan has ýokary hasyl almaga ruhlandyrýan özgertmeleri üçin ýurt Baştutanymyza tüýs ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny salgy beren teklipleri we şolaryň esasynda Halk Maslahatynyň çykaran Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilip ugramagy daýhanlaryň durmuşyny bütinleýin özgertdi. Toprakdan önüm öndürýän daýhanlaryň ruhlary belende göterilip, zähmet gadamlary has batlandy. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak üçin has-da gujur-gaýrata galýarlar. Welaýatyň oba hojalyk pudagyndaky oňyn özgerişlikler, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, daşary ýurtlaryň kämil tehnikalarynyň satyn alnyp berilmegi ýokary netijeleri gazanmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Has dogrusy, daýhanlaryň zähmet çekmäge, ýokary netijeleri gazanmaga bolan isleglerini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýyldan başlap, azyklyk bugdaýyň we pagtanyň, piläniň döwlet satyn alnyş nyrhlaryna täzeden seredilmegi, ýok

Emeli kölüň ýeriň duzlulygyna garşy täsiri

Türkmen topragynda suw ulgamynda gazanylan bu üstünlik öz köklerini halkymyzyň ata-baba suwa mukaddeslik derejesinde garamagyndan, oňa uly sarpa goýmak bilen, dürli suw desgalaryny gurmakda baý tejribesiniň bolmagyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyzda geçirilen arheologiýa barlaglary suwarymly ekerançylygyň mundan 8-9 müň ýyl öň dörändigini we dünýäniň suwarymly ekerançylygynyň esasy gözbaşlarynyň biri bolandygyny subut edýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly, taryhyň ajaýyp ýagdygärlikleri hökmünde bentlere, sardobalara, howuzlara, kärizlere, gatlalara, nowhanalara, arnalara, howuzlara, kaklara we oýtaklara gabat gelmek bolýar. Türkmen halky köp asyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşyň gözbaşy hökmünde garap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli hem suw ulgamyndaky asyrlara barabar işleriň netijesidir. Ylmy maglumatlara görä, toprakda erginleriň saklanylyşy 0,01-0,05 göterim bolanda, ekinler ondan iýmit maddalaryny örän gowy özleşdirýärler. Tebigy ýagdaýlarda diňe şorlaşmadyk topraklardaky erginler 0,02-0,2 göterim bolýar. Ösümlikler bu erginlerden hem kadaly iýmitlenip, ýokary hasyl berip bilýärler. Eger-de toprak erginleri 0,3 göterim we ondan hem ýokary bolsa, onda iýmit maddalarynyň özleşdirilişi peselip, ösümliklere zyýanly duzlaryň birleşmeleri artyk toplanýar. Ol zyýanly duzlar t

Öňde möhüm möwsüm

Gyş pasly öz ornuny mylaýym ýaz paslyna berip, ýere ýyly girenden soňra ýurdumyzyň daýhanlarynyň ýaz aladalary başlanýar. Olaryň hatarynda ýazky gowaça ekiş möwsümine aýratyn orun degişlidir. Gymmaty altyna deňelýän pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerine ýurdumyz boýunça döwlet derejesinde örän jogapkärli çemeleşilýär. Çünki pagta hasyly Berkarar döwletimiziň aýratyn baýlyklarynyň biridir. Muňa Ahal welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan etrap tehnikalara hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjylary-da oňat düşünmek bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky ekiş möwsümine gurat tehnikalar bilen doly taýýarlykly barmak ugrunda özleriniň yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Ak bugdaý etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasydyr.

«Halk market» halkyň hyzmatynda

Eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün etmekde ýurdumyzyň hususyýetçi ekerançylarynyň, telekeçileriň mynasyp paýy bar. Diýarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän ak bazarlardyr söwda merkezleri söwda-satyk bilen meşgullanýan telekeçilerimiziň işleriniň ilerlemegine, halkymyzyň göwün islän harytlaryny we önümlerini uzakly günüň dowamynda elýeterli bahalardan satyn almagyna mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda biz hem paýtagtymyzyň 12-nji tapgyrynyň ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Halk market» söwda merkeziniň 2-nji şahamçasynda söwdanyň gidişi bilen gyzyklanyp, bu ýere bardyk. Bu söwda merkeziniň girelgesinden girenimizden tekjeleri dolduryp duran haryt bolçulygyna gözümiz düşdi. Harytlaryň aglaba böleginiň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümler bolmagy bizi has-da guwandyrdy. Dükanyň içine aýlanyp ýörkäk, gök-bakja önümleri bölüminiň deňine gelenimizde, bu bölümiň satyjysy, güler ýüzli Bägül Nurýagdyýewa bize söwdanyň gidişi, gelýän önümleriň saklanylyşy barada gürrüň berdi.