"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Öýde «ýaşyl» sütün

Montreal şäheriniň ýaşaýjysy Bris Negelsiň ilkibaşdaky maksady öýüň bir böleginde miwedir gök önüm ýetişdirmekdi. Şu maksat bilen öýüň içinde giden bir gözellik emele geldi. Şeýlelikde, ol öýünde «Iýmit sütünini» döretdi. Şäherdäki ýaşaýyş ekerançylyk baradaky hyýallary çäklendirýär. Öýde ekin ýetişdirmek üçin azda-kände mümkinçilik bar hem bolsa, ondaky howa we tebigy şertler ösümligiň ýetişmegi üçin oňaýly mümkinçiligi çäklendirýär.

Kuwwatly desga işe girizildi

Mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly dabaralara beslenýär. Täze ýylyň ilkinji günlerinde şeýle dabaralaryň biri Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Malaý gaz käninde kuwwatlylygy ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly bolup geçdi. Desganyň ýerleşen ýeri hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň dabaraly ýagdaýda ak pata bermegi bilen işe girizilen kuwwatly desga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşlerine güýçli itergi berer. Geçen ýyllarda bu känden tebigy gazyň uly möçberleri gazylyp alyndy. Malaýdan Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisine tebigy gaz akdyrylýar. Bu ýerde gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga tebigy gazyň has doly gazylyp alynmagyny üpjün eder. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi.

Parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň hatyrasyna

Taryhy wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça kuwwatlylygy 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli taryhy wakalar boldy.

Owgan ýaşlary: «Bagt paýlaýan goňşymyz»

Bize ilkibada olary öz ilimiziň ýigitlerinden tapawutlandyrmak gaty müşgil boldy. Diňe ady we familiýasy tutulanda, olaryň Owganystan Yslam Respublikasyndan okamaga gelendiklerini bilip galdyk. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, dostlukly goňşy Owganystan Yslam Respublikasyndan gelip, Bitarap Watanymyzyň bilim ojaklarynda ýokary bilim alýan owgan ýaşlarynyň ýürek buýsanjy, milli Liderimize bolan hoşallygy juda uly. Aslynda, ynsan bir zada begenende, şatlygyny paýlaşmaga höwesek bolýar. Hawa, bu günler Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýan owganystanly ýaşlaryň köňül kelamyny diňläniňde, muňa ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Bu talyp ýaşlar golaýda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň ulanylmaga berilmeginden özlerini diýseň bagtyýar saýýarlar. Biz hem Türkmen oba hojalyk institutynda okap, bilim alýan owganystanly talyplaryň bu taryhy wakalar babatda birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Geliň, örtüklerimizi dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Ene toprak — altyn zerim

Ata-babalarymyz öz nesillerine toprak, ene ýer barada ençeme paýhasly sözleri miras galdyrypdyrlar. Olar umman ýaly giň we çuň manysy bilen seniň göz öňüňde bütin dünýäni janlandyrýar. Şondan bolsa gerek, obada doglup kemala gelen her bir adamyň özüni bilip, ilkinji sygynýan gudraty ene ýer bolup durýar. Ol sahy topragyň idegini kemsiz ýetirip, oňa uly umyt bilen tohum taşlaýar. Şeýdip, ýerden göwün diýen hasylyny alýar. Göräýmäge köp hysyrdyny talap edýän bu pişe hem-ä gyzykly, hem-de peýdaly. Halal zähmet bolsa, daýhana arassa girdeji getirýär, onuň eli uzadan ýerine ýetip, baýap başlaýar. Bu günki gün daýhanyň törüni çuwal-çuwal mäşdir noýba, bugdaý, akja tüwi, käşir, kelem bezeýär. Onuň saçagynda bolsa adyn tutan zadyň bar. Iň guwandyrýan ýeri, şol önümleriň ählisi türkmeniň sahy topragynda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen önümler.

Göktereň

Biziň bu mukaddes topragymyzda yhlas etseň, bitmeýän ekin ýok. Göktereňi (halk arasynda terkädi ýa-da kaboçok hem diýilýär) göwnejaý taýýarlanan, dersi, suwy ýetirilen toprakda ekip, ýokary hasyl alyp bolýar. Göktereň gaty gabyklylar görnüşine degişli bolup, onuň gowy bişenleri mal iými üçin we tohumçylykda ulanylýar. Boýy ýeten ýaşajyklary bagryň işjeňligini sazlaýar. Tohumyndaky 50 göterime çenli bolan ýag we santonin maddasy adam içegesindäki gurçuklary we onuň tohumlaryny ýok edýär.

Üzüm iýseň...

Irki zamanlarda üzüm hoşasynyň şekili bol hasylyň nyşany hasaplanypdyr. Muňa biz 1948-nji ýylda belli arheolog Masson tarapyndan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan keramiki diwarlyklaryň böleklerinde çekilen üzüm hoşalarynyň şekilleri hem-de üzümçilik barada daşa ýazylan salgyt resminamalary arkaly hem göz ýetirip bilýäris. Gadymy döwürde keramika ýazylan we biziň şu günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndynyň böleklerinde Gyýagamyş atly bir ýigide patyşa baky ýaşaýşyň dermanyny tapyp getirmegi buýurýar. Gyýagamyş dünýäniň köp bölegini aýlanýar. Bir gün çöl içinde suwsuz tapdan düşýär we özünden gidýär. Şonda bir kepderi gelip, çüňkünde suw daşap, ýigidi aýak üstüne galdyrýar. Soň guş Gyýagamyşa çüňkünde saklap ýören bir dänäni berýär hem-de adam dilinde gürläp:

Mallary iýmitlendirmegiň kadalary

Nitratlar azot birleşmeleriniň duzlary bolup, olar lukmançylykda, weterinariýada, boýag önümçiliginde giňden ulanylýar. Azot önümleri ösümliklerden ýokary hasyl almakda mineral dökün görnüşinde giňden peýdalanylýar. Ýöne olaryň möçberi, wagty, dowamlylygy nädogry ulanylanda, agrotehniki çäreler dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda ösümliklerde nitratlaryň, seýrek nitritleriň toplanmasy bolýar we şol ösümlikler bilen mallar iýmitlendirilende, zäherlenmeler ýüze çykýar. Mysal üçin, iýmitlik şugundyryň taýýarlanyş we saklanyş usulyýetleri bozulanda, onda saklanýan nitratlaryň nitritlere öwrülmegi bolup geçýär. Nitratlar we nitritler bilen mallaryň zäherlenmesi diňe azot saklaýan ösümlikler bilen bolman, azot önümleri bilen hapalanan suw çeşmeleriniň üstünden hem bolup bilýär. Amatly şertlerde (temperaturada, çyglylykda, Gün şöhlesiniň ýiti düşmeginde, makro we mikroelementleriň bolmagynda) nitratlar ösümlikleriň kök ulgamy bilen sorulýar we nitratlar — nitritlere — gidroksilamin reduktazdan ammiaga çenli dikelýär we soňra beloklary emele getirýän aminoturşylary sintezlemekde ulanylýar. Şeýle şertler bozulanda, ösümliklerde nitratlaryň toplanmasy bolýar we mallaryň zäherlenmelerine getirýär. Mallaryň toparlaýyn zäherlenmeleri iýmitlik üçin ekilýän otly meýdanlaryň 1 gektaryna 150 – 200 kilogram azot dökülende ýüze çykýar. Suwda gowy ereýän dökünlerde, esasan-da, selitrany ösümlikleri

Şygryýet älemi

Oba säheri Saba, oba säheri,Päkize hem arassa.Çyg örtdi ene ýeri,Göwünlerde ýok gussa.

Söz manysyn aňar bolsaň...

«Dilim bar – dünýäm bar» diýen pähimden görnüşi ýaly, gadymy türkmen diliniň söz baýlygyny we söz goruny nesillerimize miras goýan pederlerimiz dili ruhy gymmatlyk hasaplapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen käbiri sözler köpelipdir we ulanylyşdan galyp, arhaizme öwrülipdir. Häzirki döwürde olara nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde, mirasgär ýaşuly nesillerimiziň sözlerinde gabat gelmek bolýar. Käbir söz düzümlerine bolsa, oba hojalygynda häli-häzirem duş gelmek bolýar. Ýeri «doňuz göz etmek»

Oýmak

Oýmagyň ilkinji dörän görnüşleri häzirki görnüşinden tapawutly bolsa-da, ulanyş maksady birmeňzeş – elde tikin tikilende süýem barmagyňy iňňäniň deşmeginden goramak. Pompeýde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan oýmaklar iň gadymy nusga hasaplanyp, häzirki zaman nusgalaryna meňzeýär. Ilkinji hytaý oýmaklary miladydan öňki III asyrda galyň deriden ýasalypdyr. Soň-soňlar misden we bürünçden ýasalyp başlanypdyr. Şol döwürde barly adamlar oýmagy kümüşden we altyndan ýasadypdyrlar. Oýmagyň bürünçden ýasalan görnüşi ilkinji gezek XIV asyrda Germaniýada ýüze çykypdyr. Şondan soň önümçilik işi diňe ýyllaryň dowamynda kämilleşipdir.

Çakyryk

Hazyna deňelýän Garagum sährasynda çakyryk diýen täsin guş ýaşaýar. Oba ýerlerinde alaja togan diýip bir guş bardyr, serçedenem kiçiräk uçup-ylgap siňek, çybyn-çirkeý, ary ýaly mör-möjekleri çöpläp ýörendir. Guýrugy uzynja çalymtyl, kellesi gara, ganaty keseligine ak-çalymtyl guşjagaz. Çakyrygam şoňa meňzeşiräk çopan goşunyň töwereginde sazakdyr gandymyň, çerkezdir sözeniň düýbünde gatyrak ýerden çukur gazyp höwürtgeleýär. Adamy penalap ýaşaýanynyň sebäbi, onuň ýumurtgasydyr gyzyletenelerine ýylanam, zemzenem, gyrgydyr çaýçaňňalagam, syçançydyr göwenegem hyrydar. Çopan goşunynyň töweregine bolsa, ýaňky ady agzalanlar gelip bilmeýär. Geläýse-de, çopanyň gazabyna duçar bolýar. Çakyrygam öz gezeginde çopanyň ýagşylygyny gaýtarmak üçin, gündiz ýatyp gijelerine-de sakyrtga, möý-içýan, çekirtge ýaly zatlary iýip, çopany goraýar. Eger ary ketegi duş gelse çakyryk hezil edip ukuda ýatan arylary çöpleýär. Gyzyl aryň ketegini dagy iş edinip köwläp-köwläp alýar. Çölde duýdansyz öňüňizde aýagy, çüňki uzynja, gözüniň daşy gara-ak, halkaly, arkasy, ganaty, döşi çäge pisint — melewşe-saryrak guş çyksa, tanap goýuň, ol çakyrykdyr. Çölde daňdan ilki bilen torgaý saýraýar. Ana şol wagt çakyryk çopan goşunyň töweregindäki suwdan ganyp, ganatyny jüýjeleriniň üstüne saýa edip, uka gidip, uzyn gün ýatýar.

Süýşýän palma agaçlary

Ekwadoryň tropik tokaýlarynda duş gelýän täsin palma agaçlary her ýylda ösüp oturan ýerinden 20 metr süýşýär. Bu agaç ýaşaýşyny dowam etdirmek we özünden soň nesil galdyrmak üçin günde 2 – 3 santimetr süýşmeli bolýar. Munuň sebäbi hem bu agaç gerek bolan iýmit maddalary köp bolan topraklara tarap hereket edýär. Ýagny, agaç ösüp oturan ýeriniň topragy iýmit maddalaryna garyplaşyp başlanda, kökler başga bir tarapa güýçli ösüp başlaýarlar. Toprakdaky iýmit maddalary agajyň ýaşaýşynyň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin agajyň kökleri mes topraklara tarap hereketlenýär. Şeýlelikde, agaç günde birnäçe santimetr «ýöreýär». Agajyň sütüni, şahalary we kökleri gyşaryp ösýärler. Köne kökleri topragyň aralaryndan ýuwaş-ýuwaşdan sogrulyp, ösüp barýan köklere tarap hereket edýärler. Olara Gün şöhlesine we iýmit maddalaryna baý toprakly ýerlere baryp ýaşamak üçin birnäçe ýyl gerek bolýar. Şonuň üçin hem bu süýşýän palma agaçlary ösümlikler dünýäsinde hereketleri bilen bellidir.

Ösümlikler dünýäsiniň täsinlikleri

Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar. Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müň görnüşi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

Ýer gaznalary: ýerler netijeli özleşdirilýär

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana

Halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän bir ajaýyp adat bar. Ol hem maşgalada täze dünýä inen perzende mynasyp at goýmak. Bu babatda ýaňy dünýä inen bäbegiň ata-enesi maşgalanyň hormatly ýaşulularydyr, maşgala agzalary bilen maslahatlaşyp, saýlanan atlaryň içinden iň naýbaşysy diýlip kabul edilen ady çaga dakýarlar. Çünki perzende goýlan at onuň bütin ömrüne, ykbalyna özüniň täsirini ýetirýär diýen ynama eýerýän pederlerimiz perzendiň öz adyna mynasyp bolup ýetişmegini gazanmak üçin onuň dünýä inen ilkinji günlerinden alada edipdirler. Taryha we durmuş tejribesine ser salsak, bu köplenç babatda dogry bolup çykýar. Megerem, «Ýagşydan at galar» diýen parasatly jümle hem şondan gelip çykandyr. Pederlerden miras galan göwün guşuňy ganatlandyryp, dideleriňe röwşen çaýýan asylly ýörelgelere uýmak, ajaýyp däplere eýermek, durmuşda ähli zady oňatlyga ýorup, ýagşylyga ýanamak biziň her birimiziň zandymyzda, ganymyzda, ruhumyzda bar.

Multimedia tehnologiýalary we sanly bilim ulgamy

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şol işleriň güýçli depginde amala aşyrylmagy tejribede özüniň mynasyp netijesini berýär. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek üçin şol tehnologiýalary ulanyp biljek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talabydyr. Biz hem innowasion tehnologiýalaryň käbiri dogrusynda giňişleýin maglumatlary bermegi makul bildik. Multimedia grafika, tekst, wideo, fotosurat, hereketlenýän şekiller (animasiýa), ses effektleri, ýokary hilli sesi gurnaýjy ýaly birnäçe informasion gurluşlary öz içine alýar.

Mallar dok we ýyly gyşladylýar

Mälim bolşy ýaly, gyş pasly janypkeş maldarlar üçin jogapkärli synag döwri hasaplanýar. Munuň şeýledigine oňat düşünýän lebaply dowardarlar bu möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. «Oty köpüň — maly dok» diýen pähimden ugur alyp, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynyň agzybir işgärleri, çopandyr çoluklary dowarlar üçin ot-iýmleri taýýarlamakda bar bolan kaşarlarda we agyllarda göwnejaý abatlamak işlerini ýerine ýetirdiler. Ýerlerdäki guramaçylykly amala aşyrylýan işleriň netijesinde şu güne çenli welaýat boýunça bar bolan 8 sany maldarçylyk hojalyklarynda dürli görnüşli otlaryň 14 müňden gowrak tonnasy taýýarlandy. Bu bolsa borçnamalaýyn tabşyrygyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar. Taýýarlanylan şonça otuň 105 tonnasy ýorunja bedesi, 3267 tonnasy meýdan otlaryň bedesi, 10101 tonnadan gowragy iri baldakly otlar, 1337 tonnadan gowragy bolsa samanlardyr. Mundan başga-da, mallar üçin möhüm iýmit bolan arpanyň 59 tonnasy taýýar edildi. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşmesiniň maldarçylyk boýunça hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, taýýarlanan ot-iým gory maldarçylyk hojalyklarynda ideg edilýän 222,5 müňden gowrak dowary dok we ýyly gyşlatmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem gyş döwründe mallary abat, ýitgisiz we ýyly saklamak üçin welaýat boýunça ýyly kaşarlaryň 370-den gowragy, agyllaryň hem 113-si gözden geçirildi.

«Pendiniň» limony

Oba hojalygynyň girdejili pudaga öwrülmegi üçin işleri täzeçe gurap, diňe bir pagtaçylykdan, gallaçylykdan däl, eýsem, beýleki ekinlerden hem bol hasyl almagyň zerurdygyna Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ymykly göz ýetiren Tagtabazar etrabynyň «Pendi» daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary 1996-njy ýylda öňki ekýän ekinleriniň ýany bilen ýyladyşhana şertlerinde limon ýetişdirmäge hem synanyşyp görmegi ileri tutýan ugurlarynyň hataryna goşdular. Bölünip berlen ýerde limon ýetişdirmäge bolsa, daýhan birleşiginde iň bir zähmetsöýerleriň biri hökmünde özüni tanadan Gurbangeldi Jumagylyjow we onuň maşgala agzalary döwtalap boldular. Limonyň iň hasylly, geçginli sortundan saýlanyp, seçilip alnan 110 düýp nahala gowy garaşyk edilensoň, gününi sanap ösdi. Basym hasyla durdy.