Elguşum — akguşum

21 Fewral 2021
4685

Türkmen topragy berekede baý toprak. Bu topragyň geçmişi-de, häzirki günü-de egsilmez mirasa, hazyna eýedir. Haýwanat dünýäsine mahsus bolan elguş hakynda aýdylanda bolsa, onda biziň geçmiş mirasymyz, baý taryhymyz jemlenendir. Türkmen halky öňki döwürlerde elguşuň, aw tazysynyň kömegi bilen awçylyk kärini amala aşyrypdyr. Olar ýyrtyjy guşlary eldekileşdirip, olaryň birnäçe görnüşlerinden peýdalanypdyrlar. Bu guşlara ütelgi, gök bahry, çyparbaş laçyn, bürgüt, hindi laçyny ýaly guşlar degişli.

Ütelginiň kömegi bilen irki döwürlerde dürli guşlara, hatda jerenlere hem aw salnypdyr. Alymlaryň berýän ylmy maglumatlaryna görä, awçylar bu guşy maý aýlarynda höwürtgelerinden alyp, eldekileşdiripdirler. Olaryň awuny alyşy boýunça urup alýan we basyp alýan görnüşleri bar. Ütelgiler awuny 4-5 kilometrden görýär, 2 kilometrden doly saýgaryp, sagatda 140 kilometr tizlik bilen awlaýarlar. Bu aw guşlarynyň ählisi hem öz awunyň hiç birini elden gidermändir. Ütelgiler daşky sypaty boýunça iki görnüşde bolup, onuň açyk reňklilerini açykguş, akguş hem diýip atlandyrypdyrlar. Bu hili atlandyrylmalar, şeýle hem elguşlaryň algyr häsiýetleri, ýyndamlygy diňe bir tebigatymyzy öwrenmekde däl, eýsem, mirasymyzy öwrenmekde hem baý maglumatlary özünde jemleýär.

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.