Saman bäsleşigi

10 Ýanwar 2021
2130

Ýaponiýa diňe bir tehnologiýa taýdan ösen ýurt bolup, onuň ilaty dürli görnüşli robotlary ýasamak bilen çäklenmän, eýsem, olar döredijilik bilenem meşgullanýarlar. Her ýyl Niigatanyň we Kagawanyň meýdançalarynda saman heýkelleriniň bäsleşigi geçirilýär.

Ýaponiýanyň oba ýerlerinde şaly hasyly ýygnalandan soň, galan sypallar maldarçylyk hojalyklaryna ugradylýar. Birnäçe wagtdan soňra ugurtapyjy maldarlaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli ägirt uly haýwanlaryň heýkelleri ýasalýar. Ýapon daýhanlary bu pikiri şeýle bir goldadylar welin, döredijilik eserlerini görkezmek üçin tutuş bir baýramçylyk bäsleşigini guradylar. Bu bäsleşige ýylsaýyn Ýaponiýanyň dürli künjeginiň wekilleri öz eserlerini görkezmek üçin gatnaşýarlar. Munuň netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinden jahankeşdeler döredilen ajaýyp heýkelleri görmek üçin bäsleşige gelýärler.

Nurgeldi NURGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.