Şäher tokaýa öwrüler

10 Ýanwar 2021
2709

Häzirki wagtda Hytaý hökümeti mekgejöwen, apelsin we mangony ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär. Özem geň ýeri, şäher içinde. Bu oba hojalyk önümlerini, esasan, şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde we gatlarynda ösdürip ýetişdirmek örän amatlydyr.

Geçen ýyl Hytaý hökümeti meşhur italýan binagäri Stefano Boeri bilen gepleşiklere başlady. Bu binagäriň iň meşhur işi bolan «Dik tokaý» (Bosco Verticale) — Milanda baglar bilen örtülen gök binalaryň toplumyny emele getirdi. Hytaý tarapy şuňa meňzeş toplumyň Nanjingdäki (Hytaýyň Jiangsu welaýaty) binalarda köpeldilmegini isleýär. Taslama şäherdäki ulaglardan bölünip çykýan gazlaryň howasyny özüne siňdirip, arassa howany emele getirer. Hytaý halky şäher içindäki dik binalarda gök we miwe önümleri hem-de 2,5 müňe golaý gyrymsy agaçlary ekmegi maksat edinýär. Olaryň maksatlary ýerine gowuşsa, geljekde Nanjing şäheri «Tokaý şäherine» öwrüler.

Aýsenem GOŞAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.