"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ekinlere suw tutulýar

Balkan welaýatynyň zähmetkeşleri ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlanmagyna, ýokary hilli azyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna goşant goşmak maksady bilen, ähli ukyp-başarnyklaryny meýdan işleriniň ilerlemegine gönükdirýärler. Welaýat boýunça geçen ýylyň güýzünde 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, ondan şu ýyl 80 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ekilen ak ekine suw tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Begmyrat — demirçi ussa

Agşamlyk çaý-nahardan soň, Çarygeldi aga özüniň köpden bäri beriljek jogabyndan ýaýdanyp ýören sowaly bilen ogluna ýüzlendi: — Begmyrat, oglum, indi senem ýigit çykdyň. Bu gün-erte orta mekdebi hem tamamlajak bolup dursuň. Hany aýt, okuwyňy gutaryp, haýsy käri edinmegi ýüregiňe düwýärsiň?!.

Gysga boýly miweli baglaryň önümçilik ähmiýeti

Bagçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, azyk bolçulygynyň berekedini artdyrmakda esasy orunlarda durýar. hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen bagçylygy ösdürmäge ýokary derejede üns berilýär. Oba hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bagçylyk hem köptaraplylygy, şeýle hem özboluşly aýratynlyklary, mysal üçin, toprak görnüşine, düzümine, howa şertlerine talapkärligi, baglary görnüşlerine görä ýerleşdirmek usullary, agrotehnika aýratynlyklary, şeýle hem önümçilik netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bag meýdanlary döredilende, esasan, onuň berjek ykdysady netijeliligi — miweleriniň ýokary hilli, bazarlylygy şol bir wagtda çalt ýetişip, bol hasyl berşi göz öňünde tutulýar. Gysga boýlulara, esasan, has kelte (has girdenek), kelte (girdenek) we ýarym kelte (ýarym girdenek) boýly daragtlary bolan miweli baglar degişli edilýär. Olaryň boýlary 2 – 4 metr aralygynda bolýar, uzyn boýly baglar bilen deňeşdirilende 2 – 3 metr pesdir. Gysga boýly miweli baglaryň esasy aýratynlyklarynyň biri, olaryň çalt ýetişip, oturdylanyndan 2 – 3 ýyldan soň, bol hasyl berip başlamagydyr. 3х3 metr çyzgyda (1-nji san hatararasy, 2-nji san ösümlikleriň arasy) ýerleşdirilen girdenek boýly alma baglary eýýäm üçünji ýyl gektardan 52 – 82 sentnerden, 2,5х1 metr çyzgy bilen gür oturdylan baglar bolsa, 136 sentnerden hasyl berip başlaýar. Topragy güýçli, ýerasty şor

Täsin seýilgähleri döretmek sungaty

Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň has-da gowulandyrylmagynda, ösümlik dünýäsiniň tebigy şertleriniň goralmagynda we rejeli peýdalanylmagynda öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaşaýjylary, ähli edara-kärhana işgärleri, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlary bu babatda işjeňlik görkezýärler. Ak mermerli paýtagtymyzyň dynç alyş ýerlerinde, ýanýodalarynda, köçeleriň kesişýän ýerlerinde seýilgäh baglaryny döretmekde sungat eserlerine bäsleşip bilýän, çeperçilik taýdan sazlaşykly birnäçe kompozisiýalar ulanylýar. Olar barada gürrüň bermek biziň üçin has ýakymly.

Irdenki hereket — saglygyňa bereket

Saglygyň girewi päkizelik we süňňi tämizlikdir. Onuň, hakykatdan hem, şeýledigini biziň hemmämiz bilýäris. Arassaçylyk, päkizelik ilki bilen maşgaladan başlanýar. Çaga terbiýe berlende, kiçiliginden nähili düzgüne endik etdirseň, şol öwredilen gylyk-häsiýet ol ulalanda hem adaty bolmaly düzgün-tertibe öwrülýär. Öýde, ojakda, maşgalada arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şol düzgünleri perzendiň aňyna guýmak, esasan, öý bikesiniň paýyna düşýär. Şu zatlary aýtmak bilen, ýakynda bolup geçen bir wakany gürrüň bermekçi. Ol gün şeýle başlanypdy. Irdenki tapgyrda 5-nji synpda okaýan körpe oglum Batyr okuwdan gelende begenip geldi. Onuň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatynyň sebäbiniň nämedendigini gyzyklanyp, soragly ýüzlendim:

Garadäli gökleňiň tudy

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde belli-belli şahsyýetleriň ady bilen bagly agaçlara duşmak bolýar. Olara Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdiniň atyny daňan tuduny, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabyndaky ýaşy asyrdan geçen, nahaly Sankt-Peterburgdan getirilen Sabyr darbazçynyň dubuny, Arçabildäki Ýedidogan çynaryny we başga-da köp sanly agaçlary mysal getirmek mümkin. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda welaýatymyzyň häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy şäheriniň etegindäki Gurbandurdy Zeliliniň ady bilen baglanyşdyrylýan Gökleň medrese ýadygärligini görmäge bardym. Şol mahal Gökleň medresesiniň çig kerpiçden örülen depesi, gümmezli ders otaglary, hüjreleri abat durdy. Şonda bu ýerde bize duşan ýaşuly salam-helikden soňra:

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem, edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär. Pomidor agajynyň watany günorta we merkezi Amerika hasaplanylýar. Pomidoryň ýabany görnüşi Braziliýada, Peruda, Çilide, Ekwadorda duşýar. Ylmy çeşmelerde bu pomidor agajy «Sprut F1» diýlip hem atlandyrylýar. Pomidoryň salkym görnüşli ýetişýän sortundan birnäçe ylmy gözleg işleriniň netijesinde sapma arkaly döredilen bu sort özüniň çalt ösýändigi, daşky täsirlere çydamlylygy, köp hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bu pomidor agajynyň 50 inedördül metrinden 1,5 tonna golaý hasyl almak bolýar, bu bolsa her bir inedördül metrden 30 kilogram pomidor hasylyny alyp bolýandygyny görkezýär. Onuň 5 – 6 sany miwesiniň agramy 100 – 110 gram möçberinde bolup, bu agajyň beýikligi 4 – 5 metr, ýaşaýyş dowamlylygy bolsa, 15 ýyla çenlidir.

Nebit berýän daragt

Dünýädäki iň täsin ösümlikleriň biri hem Braziliýanyň tropiki tokaýlarynda ösýän kopaifera ösümligi bolsa gerek. Bu ösümligiň baldagyndan akýan şire himiki düzümi boýunça dizel ýangyjyndan tapawutly däldir. Uly ýaşly kopaifera agajy bir gije-gündiziň dowamynda 20 litr «ösümlik ýangyjyny» öndürýär. Kopaiferanyň bir gektaryndan ýylyň dowamynda 12 müň litr ýangyç almak mümkindir. Bu ösümligiň şiresi terpenlerden ybaratdyr. Agaç terpenleri adaty skipidardan emele gelýär. Skipidar agajyň sütüniniň içinde gyzyp, metanola we beýleki ýangyç uglewodorodlaryna öwrülýär.

Ýaz öwüşginli halylarymyz

Nepisligi, owadanlygy bilen görenleri özüne maýyl edýän haly we haly önümleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hala salynýan nagyşlary ene-mamalarymyz nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Gelin-gyzlarymyz sähramyzyň gözelligini, tebigatymyzyň owadanlygyny haly nagyşlaryna siňdiripdirler. Her bir çitimini yhlasly zähmet bilen çitip, çeperligiň, sungatyň ajaýyp nusgasyny dünýä getiripdirler. Şeýdibem, halyçylyk sungatyny kämillik derejesine ýetiripdirler. Halylaryň gözelliginiň özünde jemlenmeginde tebigy boýaglara möhüm orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, tebigy boýagdan dokalan haly we haly önümleri hiç wagt öz reňkini ýitirmeýär. Olar ýyllar geçse-de, edil täze ýaly lowurdap, öwşün atýar. Şonuň üçin türkmen halylary dünýäde gadymy hem müdimi sungat hökmünde tanalýar.

Tebigat täsinlikleri

Ýer ýüzündäki almazlaryň köp böleginiň ýaşy üç milliard ýyldan geçýär. Indoneziýadaky Krakatau wulkany 1883-nji ýylda adamzada belli bolan iň batly sesi çykarypdyr. Bu ses Mawrikiýada hem eşidilipdir. Bu bolsa, wulkandan 4828 kilometr daşlykdadyr.

Dostluk barada

Dost — bu biziň deň ölçegli bolup düşünişmekde, ýagşylykda ynanyp biljek we adalatlylykda, päkýüreklilikde hormat goýýan kişimiz bolmalydyr. Robert Holli.

Täze traktorlar: üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň miwesi

Gazagystan döwletinde ýakyn geljekde täsin oba hojalyk taslamasynyň amala aşyrylmagy mümkin we Gazagystan Hytaýyň «YTO» kysymly oba hojalyk tehnikalaryny — traktorlary öndüriji döwletleriň hataryna goşular. Bu taslama üçin maýa goýumy Gruziýanyň «Georgian Industrial Group» maýadarlyk kompaniýasy goýar. Şeýlelikde, täze öndüriljek traktorlar üç döwletiň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesine öwrüler. Ýakynda Gazagystanyň Senagat we ösüş ministrliginde bu baradaky ýörite Ähtnama gol çekildi. Ýöne täze taslamanyň gruzin maýadarlarynyň Gazagystanda amala aşyrýan ilkinji taslamasy däldigini hem aýtmak gerek. Olaryň hyzmatdaşlygy bilen ozal Gazagystanda «Acros» we «Vector» kombaýnlarynyň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Ýene bäş kompaniýa rugsat berildi

Rus fermerleri tarapyndan öndürilen süýt we süýt önümleri Hytaý bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, Hytaý hökümeti süýt önümçiligi bilen meşgullanýan rus kompaniýalarynyň ýene-de bäşisine öz önümlerini öz döwletine eksport etmäge rugsat berdi. «Milknews» saýtynyň rus we hytaý çeşmelerine salgylanyp berýän habarynda Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň ýurda öz önümlerini getirip biljek kompaniýalaryň sanawyny täzeländigini, täze sanawyň oba hojalyk ugry boýunça Russiýadan ýene-de bäş kompaniýanyň Hytaýa süýt we süýt önümlerini getirip biljekdigini ýazdy.

Jöwene isleg uly

Geçirilen statistiki barlaglar soňky bir ýylyň içinde dünýäde jöwene bolan islegiň 4 göterim artandygyny görkezýär. «Sorghum Id» internet portalynyň çap eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde jöwen önümçiligi ozalkysyndan 6 göterim ösdi. Şeýlelikde, dünýä boýunça öndürilen jöweniň mukdary 60 million tonnadan hem geçdi. Ýetilen sepgitde Ýewropanyň käbir döwletleriniň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Awstraliýanyň we Argentinanyň paýy örän uludyr.

Ene toprak — rysgal-berekediň çeşmesi

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni,Ak şäherim Aşgabat!Dost-doganlyk merkezi,Ak şäherim Aşgabat! Köpetdagyň çeşmesi,Garagumuň keşdesi,Göýä ak gül dessesi,Ak şäherim Aşgabat!

Ajaýyp eseriň dil baýlygy

Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlary barada gymmatly maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby türkmen diliniň gadymy sözleriniň işjeň ulanylandygy bilen tapawutlanýar. Eserdäki getirilýän maglumatlar özüniň akgynlylygy, sadadan çuň beýan edilmegi bilen kitabyň täsirini has-da artdyrýar. Şeýle-de, ajaýyp eser ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüji, zähmetsöýer ruhda terbiýelemekde we milli gymmatlyklarymyzy hem-de ene dilimiziň gadymylygyny içgin öwretmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Parahatçylyk ýörelgelerimiziň waspy

Asudalyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ykrar edilen ajaýyp ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ata Watanymyzyň halkara abraýy Ýer ýüzüne ýaň salýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde parahatçylygyň berkarar edilmegini goldaýar. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen gazanýan üstünliklerimiziň, halkara derejesindäki at-abraýymyzyň, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygyny subut edýär. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, şu güni we geljegi bolsa eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda has aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, her bir meseläni ylalaşyk arkaly çözmek biziň ata-babalarymyza mahsus ajaýyp häsiýetlerdir. Türkmen bitaraplygynyň taryhy kökleri hem şu ýörelgeleriň asyrlar aşyp, has-da kämilleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzyň parahatçylyk taglymatlary, adalatly jemgyýeti döretmek pikirleri hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiligi

Gowaçanyň gowy gögerişini gazanmak çäreleri (Hünärmeniň maslahaty)

Ýaz paslynda ygalyň köp ýagmagy köplenç, gowaçanyň ekiş geçirilýän günlerine gabat gelýär. Ekişden soň ýagan ygal gämigiň üstki gatlagyny gapakladyp, tohumyň wagtynda gögerip çykmagyny kynlaşdyrýar. Bu ýagdaýda gämigiň üstki gatlagy galňap gatamanka, ýumşatmak üçin traktorlara dakylan «MBX – 4» kysymly dişli toprak ýumşadyjy guraly ulanylýar. Traktor işe başlanda, gowaça ekişini geçiren ekijiniň ýörän hatararasyndan ýöremeli we onuň iş öndürijiligi sagatda 0,86 gektardan geçmeli däl. Gowaça ekilen meýdanlarda yzgar ýetmezçiligi sebäpli kadaly gögeriş alynmadyk ýagdaýynda yzgar suwy tutulýar. Toýun toprakly ýerlerde joýalar gowy yzgarlar ýaly suw başaşa keşlerden haýal akdyrylýar. Eňňit we çägesöw toprakly atyzlarda bolsa, suw hemme keşlerden akdyrylýar. Gögeriş suwy berlende, suw gerişleri basmaly däldir. Ýerler taba gelen badyna hatararalar talabalaýyk ýumşadylýar. Doly gögeriş alnan meýdanlarda hem ýekeleme işlerinden öň haýal etmän, 1-nji hatarara bejergini geçirmek gerek.

Daşky gurşawda durnuklylygy döredýän başlangyçlar

Türkmenistan daşky gurşawy goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, bu ugurda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Dürli ýurtlardan esasy hünärmenleri — ekologlary, tokaýçylary, bilermenleri we alymlary Aşgabada yzygiderli ýygnaýan maslahatlar ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamak, adamlaryň saglygyny üpjün etmek babatdaky hyzmatdaşlygyň anyk mysaly bolup durýar. Hakykatda Aşgabat şäheri halkara derejesinde ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda ekologiýa boýunça halkara ylmy maslahatlardyr, duşuşyklar we sergiler yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda hem şeýle maslahatlaryň ençemesi geçirildi. Olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, milli seýilgähleri döretmegiň mümkinçilikleri, tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, energiýanyň alternatiw ornuny tutýan çeşmelerini peýdalanmak meseleleri we beýleki ençeme möhüm meseleler gozgaldy. Şeýle hyzmatdaşlyklar öz gözbaşyny milli Liderimiziň taryhy işlerinden alyp gaýdýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parasatly başlangyçlary daşky gurşawyň elmydama durnukly ýagdaýda bolmagyny döredýär.