"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

250 gektarlyk tokaý döretdi

Şahyr Gara Seýitliýew bir agaç eken adamyň adynyň dünýä kitabyna ýazylýandygyny şygyr bilen nygtapdy. Onda 11 müň düýp nahaly ösdürip-ýetişdirip, 250 gektar ýeri tokaýa öwren adamyň ady has-da uly hormata eýe bolsa gerek. Biz bolsa, häzirlikçe onuň adyny öz habarymyzda buýsanç bilen dile getirýäris. Indoneziýaly Alasan Sadiman atly adam 11 müň düýp nahal oturdyp, takyr depeleri tokaýa öwürdi. Şeýlelikde, Ýawa şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy 250 gektar meýdany agaçdan doldurdy. Elbetde, ol bu işe ömrüniň 24 ýylyny bagyş etdi.

Bir özi 100 işi eder

Öz işlerini Kanadada alyp barýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri tarapyndan işlenip düzülen täze oba hojalyk roboty şeýle bir ukyply welin, onuň başarmaýan işi ýok. Hawa, ol ekini ekibem, tohumlandyrybam, dökünläbem, hatda hasyl ýygybam başarýar. Mehanizatorsyz oba hojalyk tehnikalary — traktorlardyr kombaýnlar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne, ynha, DOT Power Platform diýlip atlandyrylýan robot tehnologiýasynyň bir özi ençeme işiň hötdesinden gelip bilýär. Adam däl diýäýmeseň, ol işine berlen «daýhan».

Äpet pomidorlar ýetişdiriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jorjiýa we Gresiýanyň Afina uniwersitetiniň alymlary görnüşi boýunça has uly we suwly pomidor ýetişdirmegiň usulyny tapdylar. Munuň üçin olar degişli geni işläp taýýarladylar. Ösümlikler dünýäsinde ýa-da gündelik durmuşymyzda bolsun, parhy ýok, pomidor gök-bakja önümleriniň arasynda iň zerurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýöne gök önümleriň beýleki görnüşleri ýaly, pomidor hem taryhyň dowamynda köp sanly özgerişlere sezewar bolupdyr. Gerek bolsa, pomidoryň «ata-babalary» hasaplanylýan ösümlikler oňa asla çalymdaş hem däl. Üstesine-de, bu özgerişlik henizem dowam edýär.

Togdary

Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň biri hem togdarydyr. Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişlidir. Bu guşlaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil-çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýärler. Togdary Türkmenistanyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çöl ýerlerinde, Bötendag çöketliginde, goraghanalaryň aýratyn goralýan ýerlerinde duş gelýär. Ýöne olar ilatly ýerlerden gür çöpli, urpak ýerlerden, daglyklardan, jarlyklardan gaça durýarlar. Tekiz, gyr ýerlerde, alatakyrly düzlüklerde, ýowşanly ýa-da ýumşak otly baýyrlyklarda gezmegi halaýarlar. Howlukman, örän ätiýaçly gezýärler. Howp abanan ýagdaýynda örän çalt ylgap gaçýarlar. Uly togdarylar dürli gökje otlar, ösümlikleriň däneleri, meýdan otlarynyň tohumlary, şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Mäkiýan togdarynyň kürk bolýan döwri aprel aýynyň başlarynda başlanýar. Tekiz meýdanlarda ýowşandyr titir ýaly ösümlikleriň arasynda on-on bäş santimetrlik çuňlukda çukur gazyp, içine gury çöp baldaklaryny düşeýär. Köplenç iki-üç ýumurtga goýýar we ony diňe ene togdarynyň özi basýar. Mäkiýan togdarylar he

Milli gymmatlyklaryň sazlaşmagy — toý şatlygynyň goşalanmagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ol baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany täze taryhymyzyň senenamasyny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Bu şanly waka biri-biriniň üstüni ýetirýän naýbaşy gymmatlyklaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň örän uludygyny, olara belent sarpa goýulýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Sazlaşykly utgaşýan baýram bagtyýar raýatlarymyzyň ýürek buýsanjyny, ylham çeşmesini, toý şatlygynyň dabarasyny goşalandyrýar. Çünki şol gymmatlyklarda türkmeniň milli ruhy, Watana bolan söýgüsi, kämillige we gözellige hyjuwy, güýç-gaýratlylyk, ar-namyslylyk, asyllylyk, dostluk, wepalylyk duýgulary, sagdynlyk, mertlik, edermenlik, üstünlige we ýeňşe okgunlylyk ýörelgeleri jemlenendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda asylly däplere eýerilip, halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň hem-de edermen alabaýlarymyzyň şanyna tutulan toýuň köpöwüşginli çäreleri biri-biri bilen ulaşyp, birnäçe gün dowam etdi.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Gahryman Arkadagymyz!

Ýurdumyzda ilkinji gezek goşa baýrama öwrülen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhynyň altyn sahypalaryna ýazylan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň şanyna geçirilen dabaralarda Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançly söhbetlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Wepaly dosta — belent hormat

Mary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Mary welaýatynda tutulan goşa baýramyň şatlyk-şowhuny ýene bir ýakymly waka bilen utgaşdy.

At çapmaz — bagt çapar

At çapyşygy türkmenleriň atly sport oýunlarynyň iň gadymy we söýgüli görnüşidir. «At çapmaz — bagt çapar» diýen ynama eýerýän pederlerimiz at çapmagyň ussady bolupdyrlar. At çapmakda, söweş tilsimlerini atyň üstünde ýerine ýetirmekde türkmen ýigitlerine taý tapylmandyr. Behişdi bedewleriň üstündäki oýunlaryň gadymylygyna şaýatlyk edýän maglumatlar milli mirasymyzyň sahypalarynda-da az däl. «Görogly», «Gorkut ata» eposlarynda at çapmak we bedew üstündäki oýunlar baradaky maglumatlar baý many-mazmuna eýedir.

Türkmen bedewi

Ýorgalap, çapýar ol, hatda uçýar ol,Ýellere bäs eder türkmen bedewi.Uzak ýoly dem salymda geçýär ol,Altyn bilen çaýylypdyr bedeni. Toý gününde maksat tapan myradym,Başym gurban bolsun, tylla nalyna.Jelaleddin bilen gaýadan böken,Ýow gününde dözüp şirin janyna.

Ylham derýasy

Edermenlikde, çaparmanlykda, gahrymançylykda deňi-taýy bolmadyk «Hakdan halatly — uçsa ganatly» bedewlerimiz milli Liderimiziň nusgawy eserlerinde özüniň giň beýanyny tapýar. Arkadag Prezidentimiziň «Rowaç» atly goşgusynda bedewiň oňat gylyk-häsiýetleri, gözel keşbi, tebigy täsinlikleri, syrly dünýäsi çeper beýan edilýär. Bu goşgudaky setirdir bentlere nazar aýlasak, ahalteke bedewi öňküsinden hem ajaýyp keşpde göz öňüne gelýär:

Bedewe atlanan türkmen

Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe aýratyn orun degişli. Köp sanly taryhy maglumatlar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistandygyny biragyzdan tassyk edýärler. Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň ýakasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär. Gadymy Marguşyň ilatynyň durmuş gatnaşyklarynda eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III asyryň aýaklarynda we II asyryň başlarynda atlaryň eldekileşdirilendigi barada maglumatlar bar.

«...Taýyma baş öwredýän» (Hekaýa)

Daň ýaňy saz berip, Gün naýza boýy galypdy. Bu günem ertir namazyndan soň, ertirlik saçagynyň başyndan turan Muhammet şa endigine görä, öz galasynyň gündogar tarapyndaky belent diňe ýöneldi. Diňiň bosagasyndan ätläbem, basgançaklardan ýokarlygyna galyp ugrady. Daş-töweregi çarbaglyga bürenip oturan şa köşgüniň howlusynda şanyň ýörite buýrugy bilen Hindistandan getirilen tawusyň özboluşly sesi eşidilýärdi. Basgançaklaryň sekizinji öwrümine ýetende, hökümdar bişen kerpiçlerden haşamlanyp bejerilen penjiräniň gözeneklerinden galanyň daşynda ýaýylyp ýatan meýdana, syrgyn-syrgyn bolup oturan obalara, galanyň etegindäki kerwensaraýlaryň öňünde çöken, kerwen bilen getirilen ýükleri gapdalynda düşürilen nerlere birlaý göz aýlady. Soňky döwürde endamyna ýaýran agyrylykdanmy ýa-da aladalarynyň köplügindenmi, garaz, Muhammet şa bu gezek penjiräniň öňünde köp eglenmän yzyna dönmek isledi. Şol wagt onuň nazary günorta tarapdan görünýän çal tozanda eglendi. «Bä, Alla janlarym, bu nämäniň alamatyka?! Şu wagt Garagum tarapdan aldyrany bar ýaly tozanlap gelýän kimkä? Bü Mömin begiň çapary bolaýmasyn! Öz-ä, kimem bolsa, gala golaýlaşyp gelýär» diýip, içini gepledip durşuna, basgançaklardan howlukmaçlyk bilen aşak düşüp başlady. Ol köşge girip, uzyn däliziň ugry bilen tagty eýwanyna tarap ugur aldy. Gapynyň agzynda duran serbazlardyr şanyň janpenalary oňa baş egdiler. Onýança daşardan «Berekella

Saglyk iň uly baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Şäherleriň seresi sen, Aşgabat!

Birnäçe ýyldan bäri zähmet çekýän redaksiýamyz Garaşsyzlyk şaýolunyň 100-nji jaýynda ýerleşýär. 10 gatdan ybarat bolan, daşyndan seredeniňde açyk bir kitaby ýatladýan bu bina 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 15 ýyllygynyň dabaraly bellenýän günlerinde açylyp, ulanylmaga berlipdi. Ol günlerden bäri laýyk 15 ýyla golaý wagt geçdi. Iş otagymyzyň penjireleriniň Garaşsyzlyk şaýoluna hem-de binanyň gabat garşysynda ýerleşýän seýilgähe bakyp durmagy, oturan ýerimizden merjen şäherimiziň gözelliklerini, ak mermere bürenip oturan belent jaýlaryny synlamaga mümkinçilik berýär. Adatdakylar ýaly işe gelip, bir müddet daşky gözelligi synlap oturşyma, paýtagtymyzda ýerleşýän her desganyň öňünde ünsüňi özüne çekiji, mahabat şekilli «Merjen şäher Aşgabat 140 ýyl», «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat 140 ýyl» diýen ýaly ýazgylarda biygtyýar gözüm eglendi. Ýazgylary synlap oturşyma: «Merjen paýtagtymyz 140 ýaşaýar, onuň dabara edilip bellenmegine-de kän wagt galmandyr. Göbek ganymyň daman ýeri bolan ak şäherimiz barada men hem bilýänlerimi ýazaýyn» diýip, içki pikirlerimi kagyz ýüzüne geçirmegi müwessa bildim. Çünki žurnalist hökmünde bu meniň-de paýyma düşýär.

Agyz-burun örtügini dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Jogapkärli möwsümlere guramaçylykly taýýarlyk görülýär

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Ekoulag: saglyk bilen tükeniksiz lezzet

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň — welosipediň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Şeýle başdan geçirmelere geçen hepdäniň çarşenbe güni, ýagny, Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanymyzda eýe bolduk. Yzygider meşgullanmasamam, şol günki welosipedli ýöriş göwnümi galkyndyryp, ruhumy belende göterip, döredijilik äleminde täzeçilliklere ataryp, durmuş ýodasynda ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy. Bedenimiň berkemegine has-da itergi berdi. Megerem, bu ýöriş oňa gatnaşan beýleki ençeme ildeşlerimizde-de şeýle täsirleri galdyran bolsa gerek. Ömrüni sportuň welosipedli görnüşine baglanlar hakda-ha gürrüň ýok.

Arkadagyň sungat eseri — Aşgabat

Köpetdagyň dag gerişleriniň we Garagum sährasynyň aralygynda ýerleşýän gözel paýtagtymyzyň «Aziýanyň merjeni» ýa-da «merjen şäher» diýlip tanalmagynda uly hakykat bar. Aşgabadyň gözel keşbini, biri-birine meňzemeýän, üýtgeşik, owadan ak mermere beslenen binalarynyň hataryny guş uçar belentlikden synlanyňda, olar ummanlaryň düýbündäki gymmatly dürler hazynasyny ýadyňa salýar. Agşamlaryna bolsa şäherimiziň binalaryndaky, köçelerindäki müň bir öwüşginli yşyklaryň ýaldyraýşy göýä diýersiň, paýtagtymyzyň gijesine aşyk bolan asmandaky Aý bilen ýyldyzlar ýere gonan ýaly görünýär. Onsoň ynsan eli bilen döredilen, tebigatyň gözelligini suratlandyrýan şeýle gözelligiň, kämilligiň aňrybaş nusgasyna dideleriňi aýryp bilmän seredip durşuňa jadylanan ýaly bolýarsyň. Bu, hakykatdan hem, şeýle. Eziz Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabatda tüýs ýürekden edilen ak arzuwlaryň ählisi hasyl bolýar. Çünki bu şäherde, bu ýurtda keramat bar, gudrat bar. Ol gudrat akabasy bereketli topragymyzyň sahawatyndan, Arkadag paýhasynyň ylhamyndan gözbaş alýar. Durmuşyň ähli ugurlarynda öz şahsy göreldesini görkezýän hormatly Prezidentimiz çeper döredijilik bilen meşgullanmakda biz — döredijilik işgärlerine nusga görkezmegi, täze-täze eserleri bilen halkymyzy begendirip durmagy kalplarymyzy joşdurýar. Toýdur baýrama beslenen bahar paslynyň ilkinji aýynda mähriban Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze go

Damjalaýyn usulda suwarylýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýyldaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Döwletli etrabynda ozalky daýhan birleşiklere degişli müňlerçe gektar ýerde häzir iri daýhan hojalyklarynyň ýedisi döredildi. Bu sebitde geçen ýylyň sentýabrynda döredilen we işi kämil derejede ýola goýlan hojalyklaryň biri hem «Gaýrat agro» daýhan hojalygydyr. Hojalyk Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşigine degişli 1350 gektar meýdany tutýan ýerde döredildi. Häzir ol ýeriň 690 gektarynda ýaşyl maýsalar boý alýar, 337 gektar ýere bolsa gowaça ekildi. Ýeriň galan böleginiň 100 gektaryna ýorunja, ýene şonçasyna arpa sepiler. Soganly meýdanlar 15, mäşli meýdanlar 50 gektara çenli uzaýar. Bulardan başga-da, «Gaýrat agro» daýhan hojalygyna özleşdirmek üçin ýene-de goşmaça 237 gektar ýer berildi. Bu ýeriň 20 gektary eýýäm özleşdirilip, onda täze bir baglygyň düýbi tutuldy. Onda, esasan, erik we garaly nahallary oturdyldy. Daýhan hojalygynda 25 adam işleýär.

Ýeralmalar talabalaýyk ekilýär

Şu günler Köneürgenç etrabynyň daýhanlary ýaz ekişi möwsüminde ýeralmany ekmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýeralmanyň ekiljek ýerleriniň irgözinden taýýar edilip goýulmagy, endigan tekizlenmegi, bu jogapkärli işiň çalt depginler bilen alnyp barylmagyna ýardam edýär. Etrabyň daýhan birleşikleri we önüm öndürijileri ýeralmanyň ýokary hilli tohumy bilen ýeterlik derejede üpjün edildi. Etrapda ýazky ýeralmanyň ekişiniň kuwwatly traktorlaryň we ekiji gurallaryň kömegi arkaly agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, ylmy esasda geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralmanyň tohumynyň topraga kada laýyk düşmegine ýörite hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär. Häzirki döwürde ekin meýdanlaryndaky yzy ekiji gurally kuwwatly tehnikalaryň sazlaşykly, bökdençsiz işleýän görnüşlerini hem-de ýazlyk ýeralmanyň göni ekilen hatarlaryny synlanyňda, etrabyň ussat bakjaçy daýhanlarynyň ekiş möwsümini ýokary hilli, guramaçylykly geçirjekdiklerine we ýeralmadan bol hasyl almakda belent sepgitleri eýelejekdiklerine ynamyň artýar. Etrabymyzyň azyklyk ekin bolan ýazlyk ýeralmany ekmek ýaly möhüm işe uly ähmiýet berýän bakjaçy daýhanlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 70 gektar meýdanda ýeralma ekmegi meýilleşdirýärler.