Damjalaýyn usulda suwarylýar

11 Aprel 2021
1137

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýyldaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Döwletli etrabynda ozalky daýhan birleşiklere degişli müňlerçe gektar ýerde häzir iri daýhan hojalyklarynyň ýedisi döredildi.

Bu sebitde geçen ýylyň sentýabrynda döredilen we işi kämil derejede ýola goýlan hojalyklaryň biri hem «Gaýrat agro» daýhan hojalygydyr. Hojalyk Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşigine degişli 1350 gektar meýdany tutýan ýerde döredildi. Häzir ol ýeriň 690 gektarynda ýaşyl maýsalar boý alýar, 337 gektar ýere bolsa gowaça ekildi. Ýeriň galan böleginiň 100 gektaryna ýorunja, ýene şonçasyna arpa sepiler. Soganly meýdanlar 15, mäşli meýdanlar 50 gektara çenli uzaýar. Bulardan başga-da, «Gaýrat agro» daýhan hojalygyna özleşdirmek üçin ýene-de goşmaça 237 gektar ýer berildi. Bu ýeriň 20 gektary eýýäm özleşdirilip, onda täze bir baglygyň düýbi tutuldy. Onda, esasan, erik we garaly nahallary oturdyldy. Daýhan hojalygynda 25 adam işleýär.

Batyr AMANOW,
TKA-nyň Döwletli etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.