Şäherleriň seresi sen, Aşgabat!

18 Aprel 2021
797

Birnäçe ýyldan bäri zähmet çekýän redaksiýamyz Garaşsyzlyk şaýolunyň 100-nji jaýynda ýerleşýär. 10 gatdan ybarat bolan, daşyndan seredeniňde açyk bir kitaby ýatladýan bu bina 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 15 ýyllygynyň dabaraly bellenýän günlerinde açylyp, ulanylmaga berlipdi. Ol günlerden bäri laýyk 15 ýyla golaý wagt geçdi. Iş otagymyzyň penjireleriniň Garaşsyzlyk şaýoluna hem-de binanyň gabat garşysynda ýerleşýän seýilgähe bakyp durmagy, oturan ýerimizden merjen şäherimiziň gözelliklerini, ak mermere bürenip oturan belent jaýlaryny synlamaga mümkinçilik berýär.

Adatdakylar ýaly işe gelip, bir müddet daşky gözelligi synlap oturşyma, paýtagtymyzda ýerleşýän her desganyň öňünde ünsüňi özüne çekiji, mahabat şekilli «Merjen şäher Aşgabat 140 ýyl», «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat 140 ýyl» diýen ýaly ýazgylarda biygtyýar gözüm eglendi. Ýazgylary synlap oturşyma: «Merjen paýtagtymyz 140 ýaşaýar, onuň dabara edilip bellenmegine-de kän wagt galmandyr. Göbek ganymyň daman ýeri bolan ak şäherimiz barada men hem bilýänlerimi ýazaýyn» diýip, içki pikirlerimi kagyz ýüzüne geçirmegi müwessa bildim. Çünki žurnalist hökmünde bu meniň-de paýyma düşýär.

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».