Ýeralmalar talabalaýyk ekilýär

11 Aprel 2021
1229

Şu günler Köneürgenç etrabynyň daýhanlary ýaz ekişi möwsüminde ýeralmany ekmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýeralmanyň ekiljek ýerleriniň irgözinden taýýar edilip goýulmagy, endigan tekizlenmegi, bu jogapkärli işiň çalt depginler bilen alnyp barylmagyna ýardam edýär. Etrabyň daýhan birleşikleri we önüm öndürijileri ýeralmanyň ýokary hilli tohumy bilen ýeterlik derejede üpjün edildi.

Etrapda ýazky ýeralmanyň ekişiniň kuwwatly traktorlaryň we ekiji gurallaryň kömegi arkaly agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, ylmy esasda geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralmanyň tohumynyň topraga kada laýyk düşmegine ýörite hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär. Häzirki döwürde ekin meýdanlaryndaky yzy ekiji gurally kuwwatly tehnikalaryň sazlaşykly, bökdençsiz işleýän görnüşlerini hem-de ýazlyk ýeralmanyň göni ekilen hatarlaryny synlanyňda, etrabyň ussat bakjaçy daýhanlarynyň ekiş möwsümini ýokary hilli, guramaçylykly geçirjekdiklerine we ýeralmadan bol hasyl almakda belent sepgitleri eýelejekdiklerine ynamyň artýar. Etrabymyzyň azyklyk ekin bolan ýazlyk ýeralmany ekmek ýaly möhüm işe uly ähmiýet berýän bakjaçy daýhanlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 70 gektar meýdanda ýeralma ekmegi meýilleşdirýärler.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,
TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.