Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ol baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany täze taryhymyzyň senenamasyny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Bu şanly waka biri-biriniň üstüni ýetirýän naýbaşy gymmatlyklaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň örän uludygyny, olara belent sarpa goýulýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Sazlaşykly utgaşýan baýram bagtyýar raýatlarymyzyň ýürek buýsanjyny, ylham çeşmesini, toý şatlygynyň dabarasyny goşalandyrýar. Çünki şol gymmatlyklarda türkmeniň milli ruhy, Watana bolan söýgüsi, kämillige we gözellige hyjuwy, güýç-gaýratlylyk, ar-namyslylyk, asyllylyk, dostluk, wepalylyk duýgulary, sagdynlyk, mertlik, edermenlik, üstünlige we ýeňşe okgunlylyk ýörelgeleri jemlenendir.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda asylly däplere eýerilip, halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň hem-de edermen alabaýlarymyzyň şanyna tutulan toýuň köpöwüşginli çäreleri biri-biri bilen ulaşyp, birnäçe gün dowam etdi.