Bedewe atlanan türkmen

25 Aprel 2021
981

Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe aýratyn orun degişli. Köp sanly taryhy maglumatlar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistandygyny biragyzdan tassyk edýärler.

Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň ýakasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär. Gadymy Marguşyň ilatynyň durmuş gatnaşyklarynda eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III asyryň aýaklarynda we II asyryň başlarynda atlaryň eldekileşdirilendigi barada maglumatlar bar.

Şatlyk GUWALYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.