Arkadagyň sungat eseri — Aşgabat

11 Aprel 2021
937

Köpetdagyň dag gerişleriniň we Garagum sährasynyň aralygynda ýerleşýän gözel paýtagtymyzyň «Aziýanyň merjeni» ýa-da «merjen şäher» diýlip tanalmagynda uly hakykat bar. Aşgabadyň gözel keşbini, biri-birine meňzemeýän, üýtgeşik, owadan ak mermere beslenen binalarynyň hataryny guş uçar belentlikden synlanyňda, olar ummanlaryň düýbündäki gymmatly dürler hazynasyny ýadyňa salýar. Agşamlaryna bolsa şäherimiziň binalaryndaky, köçelerindäki müň bir öwüşginli yşyklaryň ýaldyraýşy göýä diýersiň, paýtagtymyzyň gijesine aşyk bolan asmandaky Aý bilen ýyldyzlar ýere gonan ýaly görünýär. Onsoň ynsan eli bilen döredilen, tebigatyň gözelligini suratlandyrýan şeýle gözelligiň, kämilligiň aňrybaş nusgasyna dideleriňi aýryp bilmän seredip durşuňa jadylanan ýaly bolýarsyň. Bu, hakykatdan hem, şeýle. Eziz Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabatda tüýs ýürekden edilen ak arzuwlaryň ählisi hasyl bolýar. Çünki bu şäherde, bu ýurtda keramat bar, gudrat bar. Ol gudrat akabasy bereketli topragymyzyň sahawatyndan, Arkadag paýhasynyň ylhamyndan gözbaş alýar.

Durmuşyň ähli ugurlarynda öz şahsy göreldesini görkezýän hormatly Prezidentimiz çeper döredijilik bilen meşgullanmakda biz — döredijilik işgärlerine nusga görkezmegi, täze-täze eserleri bilen halkymyzy begendirip durmagy kalplarymyzy joşdurýar. Toýdur baýrama beslenen bahar paslynyň ilkinji aýynda mähriban Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze goşgusyny döretmegi halkymyza egsilmez şatlygy bagyş etdi.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».