Ýeralma däl, ýerarmyt

27 Iýun 2021
1121

Ýerarmyt — watany demirgazyk Amerika bolan çylşyrymly güller maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. ony ýerli ýaşaýjylar has gadymdan bäri iýmit üçin ulanyp, adyna «tapinambo» diýýärler. Şonuň üçin ony dünýäniň köp ýurtlarynda tapinambur diýip atlandyrýarlar.

Bu ösümlik XVI asyrda ilkinji gezek Fransiýa, Angliýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna aralaşyp, iýmit hökmünde köptaraplaýyn peýdalanylyp başlanylýar. Tapinambur özüniň ýakymlylygy, tagamlylygy, bereketliligi bilen örän tiz wagtda bütin Ýewropa ýaýrap, XVII asyrda Orta Aziýa sebitlerine gelip ýetýär. Ilki-ilkiler Russiýada ony derman üçin ulanypdyrlar. Soňabaka ol köp öndürilip, gök iýmit hökmünde peýdalanylyp başlanýar.

Toýgeldi HYRRYÝEW,
Serdar etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.