Kenarynda toý toýlandy Jeýhunyň

27 Iýun 2021
858

Toý lybasynda myhmanlara gujagyn geren Lebap!
Amul, Hojaidat galalary, Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar taryhy ýadygärlikleri bilen dünýä ýaň salan gadymy Lebap!
Gojaman Jeýhuny, Köýtendagy bolan gözel tebigatly Lebap!
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirýän Lebap!

Toý dabaralary dag aşyp, alyslara ýaň salyp, göwünlere ganat berip, Lebap topragynda geçen hepdede ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhubelentlikde bellenildi. Şol günlere utgaşan, ýalkym saçan, şan beren, toý gerimini giňelden wakalar bolsa, şu günümizi şöhratlandyryp, geljegiň bagtyýarlygyny aýan etdi. Şu döwletli wakalaryň gözli şaýady bolmak — uly bagta eýe bolmakdyr. Şonuň üçin «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň täsirine täsirlenen kalbyň heý joşman durup bilermi?!

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».