Her gün 500 gektar meýdanda agrotehniki işler geçirilýär

20 Iýun 2021
877

Şu günki günde 180 müň gektar meýdanda gowy gögeriş alyp, hatar tutup oturan ösümlikleri alada bilen gurşaýan Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary gowaçalaryň birinji we ikinji hatarara bejergilerini ekinleri ýekelemek, iýmitlendirmek, suwarmak ýaly möhüm agrotehniki işler bilen utgaşdyryp, olary ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Bu derwaýys işlerde Ýolöten etrabynyň pagtaçylarydyr mehanizatorlarynyň has işjeňlik görkezýändiklerini guwanç bilen bellemek bolar. Çünki bu ýerde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen satyn alnyp, önümçilikde ulanyşa goýberilen tehnikalaryň uly topary işine ezber mehanizatorlar tarapyndan dolandyrylýar. Netijede, etrap boýunça her günde 500 gektar meýdanda bejergi, 1100 gektar meýdana barabar ýerde bolsa, gowaçalary iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar. Bu babatda «Ýeňiş», «Azatlyk», «Dostluk» daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän mehanizatorlar has-da tapawutlanýarlar.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.