Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem-de onuň paýtagty gözel Aşgabat hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ykdysady taýdan gülläp ösýän Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň biri-birinden gözel binalary, ajaýyp şaýollary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, täsin suw çüwdürimleri dürli görnüşli güller bilen sazlaşykly gözellikleri emele getirip, göwnüňi göterýär.
2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.