Ak mermere beslenen, ýakyn-u daş ülkelerde «Aziýanyň merjeni» diýlip tanalýan paýtagt şäher Aşgabadyň 140 ýaş toýunyň dabaraly belleniljek güni ýakynlaşdygyça, ýürekler heýjanlanýar. Ýaşuludyr ýaşkiçiniň kalby ýakymly pursatlar bilen joşýar. Ýaşulular şu günki eşretli zamana ýetmek üçin bitirilen işler baradaky ýatlamalara berilseler, ýaşkiçiler hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen günde-günaşa bolup geçýän döwrebap durmuş özgertmelerine guwanýarlar. Gür baglyga bürenen serhowzudyr hoşroý ysly gülleri, towlanjyrap tolkun atýan suw çüwdürimleri, her dürli heýkelleri bilen gözüňi gandyrýan seýilgählere dynç günleri gezelenç etmegiň öz lezzeti bar. Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde bolsa, bu ýerleri has hem köp adamly.
Aşgabat baradaky ýatdan çykmajak duýgulara gümra bolup otyrkam, Aşgabadyň şu günki ýeten derejesine gözli şaýat bolan käbir raýatlar bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Ýaşuly adamlarda gürrüň berere gyzykly wakalar köp. Ýöne şu ýerde Aşgabadyň taryhy hakynda-da söhbet etmegiň kalplary ýaşlyk ýyllaryna dolap, hyjuwlandyrýandygyny duýmak bolýar.