Ýeralma

2 Maý 2021
1181

Ýeralma tebigaty boýunça köpýyllyk ösümlik, emma medeni ekerançylykda birýyllyk ösümlik hökmünde ulanylýar. Ol klubenini ekmek bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Ony tohum arkaly ekmek usuly diňe seçgi işleri geçirilende ulanylýar. +30 derejeden ýokary, yssy howada ýeralmanyň ýapraklarynyň iýmit siňdirijilik işjeňligi peselýär. Onuň suwa bolan talaby ösüş döwürleri boýunça üýtgeýär.

Ýeralma ýagtylyk söýüji ösümlik bolup, ýagtylygyň pes bolmagy onuň ýapraklarynyň saralmagyna, güllemesiniň gowşamagyna ýa-da doly togtamagyna we hasylyň peselmegine getirýär.

Akmyrat GURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.