Şu günler pagtaçy kärendeçileriň iş aladalary özlerine ýetik. 1200 gektar meýdana gowaça eken etrabymyzyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň, 460 gektar meýdana gowaça eken «Döwletli» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri gowaçalarda ýekeleme we hatarara bejergi işlerini geçirmekde gaýratly zähmet çekýärler. Ady agzalan daýhan birleşikleri boýunça 13 sany kärendeçiler toparynda 980-den gowrak pagtaçy kärendeçi bolup, olar ýaşajyk gowaçalara ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirýärler. Häzirki wagtda hatarara bejergi işlerine 4 sany kuwwatly traktor gatnaşýar. Traktorlara Narbaý Begçäýew, Abat Nazarow, Agajan Amangeldiýew, Durdy Doňbaýew ýaly tejribeli mehanizatorlar erk edýärler.
Gowaçalara ilkinji gezek hatarara bejergi işlerini geçirmek mehanizatorlardan örän seresaplylygy talap edýär. Ady agzalan mehanizatorlar özlerine berkidilen traktorlaryny saz işledip, her günde 15 – 20 gektar meýdanda gowaçalara ilkinji hatarara bejergi işlerini ýokary hilli geçirýärler. Şu günler bu agrotehniki çäre daýhan birleşiginiň Meýlis Geldiýew, Akmyrat Nazarow, Myratnepes Otuzow, Akmyrat Amaşow dagynyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparynyň gowaça meýdanlarynda has-da güýçli depginde dowam edýär.