Arzuwlary durmuş hakykatyna öwrülen seýis

2 Maý 2021
1028

Ahalteke bedewleriniň eýesine wepalylygy, garadangaýtmazlygy baradaky gürrüňler, pähim-paýhaslar Suhandurdy Kuljanowyň kalbynda hem ýaşlygyndan atbakarlyk, atlary idetmek baradaky arzuwlary oýaryp, ony ganatly hyýallara atarypdy.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan, «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen abraýly ady alan, «Gaýrat» medalynyň eýesi Suhandurdy Kuljanow «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi bolup zähmet çekýär. Bu ýerde ol halypa seýis hökmünde ýaş seýislere we atbakarlara baý tejribesine daýanyp, gymmatly maslahatlaryny berýär. Onuň ideden we seýislän bedewleriniň ençemesi ýurdumyzda geçirilýän möwsümleýin at çapyşyklarynda ençeme baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda hem Suhandurdy halypanyň yhlas siňdirip, ideden bedewleri ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen uly aýlawlary baglap, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Ylaýta-da, halypa atşynasyň ýetişdiren «Garaşsyz», «Garader», «Meleguş», «Kerwenbaşy» atly atlary ýyndamlygy, özboluşly gözelligi bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýarlar.

Ogulgerek KÖSSEKOWA,
TAP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiri.