Ak kelleli kelem

2 Maý 2021
1652

Kelem ikiýyllyk gök ekin bolup, birinji ýylynda kelle emele getirýär, ikinji ýylynda gülläp, tohumlaýar. Daşky baldagy uzyn sortlar düýbüne toprak üýşürilmegini talap edýär we yzgarly topraklarda gowy ösýär. Daşky baldagy kelte sortlar bolsa, ýeňil topraklarda ösmäge ýaramly. Ýagtylygy we çyglylygy gowy görýän bu ösümlik organiki maddalara baý, aşgarlylygy pes bolan toýunsow topraklary halaýar.

Kelem sowuga çydamly ösümlik we 3 derejedäki gysga wagtly aýazda oňa hiç zat bolmaýar. Şeýle-de bolsa, gowy hasyl almak üçin howanyň ýylylygy +15, +18 dereje kelem ekmek üçin iň amatly döwür hasaplanylýar.

Aýnabat ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.